Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
«Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumyna gatnaşyjylara
Syýasy habarlar
«Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumyna gatnaşyjylara
Çap edildi 26.11.2024
1760

Hormatly foruma gatnaşyjylar!

Sizi «Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumynyň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Häzirki wagtda ylmyň çalt depginler bilen ösmegi täze innowasion ugurlaryň ýüze çykmagyna, ylmy barlaglaryň we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geriminiň giňemegine mümkinçilik berýär. Şoňa görä-de, ylym ulgamyny täze sepgitlere çykarmagy, ylym, innowasion tehnologiýalar babatda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegi ylmy-tehniki syýasatymyzyň baş wezipeleri hökmünde kesgitläp, bu ugurda toplumlaýyn işleri amala aşyrýarys hem-de döwletimiziň durnukly ösüşini üpjün edýäris. Biz ösüşiň innowasion ýoluny üpjün edýän senagat öwrülişiginiň täze tapgyrynda halkara ähmiýetli maksatnamalary, iri taslamalary durmuşa geçirmek bilen, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny berkidýäris, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrýarys.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda sanly ulgamy giňden ornaşdyrmagyň çäklerinde amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler bilen baglylykda, täze pudaklar we senagat önümçilikleri, innowasion dolandyryş usullary peýda bolýar. Döwletimiziň ösüşiniň täze taryhy döwründe innowasion maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň esasynda «akylly» taslamalary hem durmuşa geçirýäris. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, akademik hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň ylmy esasly başlangyjy bilen täze innowasiýalar esasynda bina edilen Arkadag şäheriniň birinji tapgyryny açyp ulanmaga berdik.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkyny döretdik. Şu ýylyň sentýabrynda Aşgabatda geçirilen halkara maýa goýum forumynyň çäklerinde Türkmenistanyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça halkara maslahaty we «Hi-Tech — 2024» atly ugurdaş sergini guramaçylykly geçirdik. «Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyny» tassyklap, ylmy we innowasion özgertmeleriň täze tapgyryna badalga berdik.

Hormatly alymlar!

Hytaý Halk Respublikasy Türkmenistanyň möhüm strategik hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Dünýäniň ösüşiniň täze şertlerini, milli bähbitleri, dostlukly ýurtlarymyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak bilen, syýasy, ykdysady, energetika, oba hojalygy, ulag-aragatnaşyk we beýleki ugurlarda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy okgunly ösýär hem-de oňyn netijeler gazanylýar. Türkmenistan bilen Hytaý ykdysady, medeni, tebigy kuwwatyny ählumumy ösüşiň, parahatçylygyň we abadançylygyň üpjün edilmegine gönükdirmegi maksat edinýän döwletlerdir. Hytaý Halk Respublikasy depginli ösýän, ylym hem-de ýokary tehnologiýalar ulgamynda dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň hatarynda durýar. Şunuň bilen baglylykda, medeniýet, bilim-ylym, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak, şol sanda has öňdebaryjy tehnologiýalary we innowasion ylmy-tehniki işläp taýýarlamalary önümçilige ornaşdyrmak babatda netijeli hyzmatdaşlyk türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň möhüm ugurlarynyň birine öwrüldi. Häzirki wagtda Hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-hytaý komitetiniň Ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça kiçi komiteti hem hereket edýär.

Dünýä ykdysadyýetiniň ýokary depginli ösüşi innowasiýalara we tehnologiýalara daýanýan ylmyň gazananlary bilen berk baglanyşyklydyr. Şoňa görä-de, biz Türkmenistanda innowasion ösüşlere, ykdysadyýete öňdebaryjy tejribeleri we häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmaga aýratyn üns berýäris. Ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmak, döwrebaplaşdyrmak, içerki we daşarky bazarlarda bäsdeşlige ukyply, dürli görnüşli, ýokary hilli harytlary öndürýän täze innowasion senagat kärhanalaryny döretmek arkaly ýurdumyzyň dünýä ykdysadyýetindäki ornuny yzygiderli pugtalandyrýarys. Bu okgunly ösüşler ylmyň we tehnikanyň öňdebaryjy gazananlarynyň, iň gowy dünýä tejribeleriniň önümçilige ornaşdyrylmagy, ylmy-tehniki ösüşiň derejesi, innowasiýalaryň, takyk inženerçilik ylymlarynyň, maglumat tehnologiýalarynyň täze mümkinçilikleri bilen berk baglanyşyklydyr. Nanotehnologiýalar, himiki tehnologiýalar, täze materiallary öwrenmek we energetika, biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika, maglumat we aragatnaşyk ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary, häzirki zaman lukmançylyk we derman serişdelerini öndürmek tehnologiýalary, innowasion ykdysadyýet, ynsanperwer ylymlary ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirýäris. Bularyň ählisi Ýewraziýada ykdysady ösüşe kuwwatly itergi berip, özara baglanyşykly önümçilik we tehnologik tapgyrlary, innowasion senagat gurşawlaryny kemala getirmek bilen, köp sanly durmuş meselelerini çözmäge, halklaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Halkara ylmy foruma gatnaşyjylar!
Hormatly myhmanlar!

Sizi «Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumynyň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, geljekki ylmy işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti 
Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Soňky habarlar
18.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.04
Döwlet Baştutanymyz «Galkynyşgaz» döwlet kärhanasyny döretmek hakynda» Karara gol çekdi
17.04
Döwrebap ýollar — bagtyýar zamananyň aýdyň nyşany
17.04
Gahryman Arkadagymyz hem-de HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga bermek dabarasyna gatnaşdylar
17.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga bermek dabarasyndaky ÇYKYŞY
16.04
Türkmenistanyň Prezidenti HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasaryny kabul etdi
16.04
Hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlyk strategiýasy üstünlikli durmuşa geçirilýär
16.04
Paýtagtymyzda gaz pudagynda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi
16.04
Ylym-bilim ulgamynda türkmen-hytaý gatnaşyklaryny berkidip
15.04
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
top-arrow