Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy bilen telefon arkaly söhbetdeşligi
Syýasy habarlar
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy bilen telefon arkaly söhbetdeşligi
Çap edildi 25.11.2024
1734

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrymyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky doganlyk gatnaşyklaryň häzirki wagtda täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny kanagatlanma bilen bellediler.

Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy Gahryman Arkadagymyzy ýakynda Wengriýanyň paýtagty Budapeştde geçiriljek Aksakgallar geňeşiniň 16-njy mejlisine geňeşiň agzasy, şeýle hem hormatly myhman hökmünde gatnaşmaga çagyrdy we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň mähirli salamyny ýetirdi.

Milli Liderimiz çakylyk üçin minnetdarlyk bildirip, doganlyk ýurduň Baştutanyna öz adyndan hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyndan salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Gahryman Arkadagymyz Türkmenistan üçin Türkiýe Respublikasynyň iň ýakyn doganlyk döwletleriň biridigini, häzirki wagtda türkmen-türk gatnaşyklarynyň täze many-mazmuna eýe bolup, ýokary derejede alnyp barylýandygyny kanagatlanma bilen belledi. Söhbetdeşligiň dowamynda nygtalyşy ýaly, türki döwletler bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynda möhüm orny eýeleýär.

Häzirki wagtda ýurdumyz Türki Döwletleriň Guramasynyň alyp barýan işlerine, şol sanda Aksakgallar geňeşiniň işine yzygiderli gatnaşýar. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň martynda Aşgabat şäherinde Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisiniň ýokary derejede geçirilendigi bellenildi. “Şeýle abraýly çäräniň biziň ýurdumyzda geçirilmegi, bir tarapdan, Türkmenistanyň türki döwletler bilen ýakyn hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny görkezýär. Beýleki bir tarapdan bolsa, bize bildirilen uly ynamyň we jogapkärçiligiň nyşanydyr” diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy hem-de mejlisiň çäklerinde ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň we kabul edilen çözgütleriň diňe bir Aksakgallar geňeşiniň däl, eýsem, Türki Döwletleriň Guramasynyň hem geljekki ösüşine ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň, Türki Döwletleriň Guramasynyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge we has-da pugtalandyrmaga gönükdirilen başlangyçlary goldamaga taýýardygyny tassyklap, Binali Ýyldyrymy şu ýylyň 12-nji dekabrynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Aşgabatda geçiriljek baýramçylyk çärelerine gatnaşmaga çagyrdy.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrym birek-birege berk jan saglyk, bagtyýarlyk, iki ýurduň doganlyk halklaryna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdiler.

Soňky habarlar
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady
22.07
Ýaş hünärmenleri taýýarlamak — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
22.07
Türkmen sungaty dabaralanýar
22.07
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Prezidentini gutlady
21.07
Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, açyklyk we netijeli hyzmatdaşlyk syýasatyny ilerledýär
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysyny kabul etdi
20.07
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi
20.07
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 369 müň dollaryndan gowrak boldy
top-arrow