Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň söwda ministrini kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň söwda ministrini kabul etdi
Çap edildi 04.12.2024
2054

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Türkiýäniň söwda ministri Ömer Bolaty kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň döwlet Baştutanymyza we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny hem-de türkmen halkyna rowaçlyk, abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Şunda Türkiýäniň ýurdumyz bilen köpugurly hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýändigi bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, doganlyk ýurduň Baştutanyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de myhmany Aşgabat şäherinde Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisiniň geçirilýän günlerinde kabul edýändigine şatdygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanda yzygiderli geçirilýän bu serginiň iki ýurduň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine itergi berjek möhüm çäreleriň biridigini belläp, onuň üstünlikli geçmegini arzuw etdi.

Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, Türkmenistan üçin Türkiýe Respublikasy iň ýakyn doganlyk döwletleriň biridir. Ýurtlarymyzyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar uzak möhletleýin, strategik häsiýete eýe bolup, özara hormat goýmak, birek-birege goldaw bermek ýörelgelerine esaslanýar. Türkmen-türk gatnaşyklary birnäçe ugurlarda, şol sanda söwda, energetika, dokma senagaty, gurluşyk ýaly pudaklarda üstünlikli alnyp barlyp, onuň gerimi yzygiderli giňeldilýär.

Hormatly Prezidentimiz ýurtlarymyzyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm ähmiýetini belläp, Türkmenistanyň dürli ulgamlara täze tehnologiýalary we ylmyň iň soňky gazananlaryny ornaşdyrmaga, ykdysadyýeti yzygiderli döwrebaplaşdyrmak boýunça halkara hyzmatdaşlyga aýratyn üns berýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň paýtagtymyzda geçirilýän sergisiniň iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady ugurly özara hereketleri has ýokary derejä çykarmaga, işewürlik gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge goşant boljakdygyna ynam bildirildi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge, şol sanda söwda dolanyşygyny artdyrmaga, gyzyklanma bildirilýän dürli ugurlarda anyk tekliplere seretmäge taýýardygyny tassyklady.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Türkiýe Respublikasynyň söwda ministri Ömer Bolat birek-birege berk jan saglyk, rowaçlyk, iki ýurduň doganlyk halklaryna bolsa parahatçylyk we abadançylyk arzuw etdiler.

Soňky habarlar
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady
22.07
Ýaş hünärmenleri taýýarlamak — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
22.07
Türkmen sungaty dabaralanýar
22.07
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Prezidentini gutlady
21.07
Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, açyklyk we netijeli hyzmatdaşlyk syýasatyny ilerledýär
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysyny kabul etdi
20.07
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi
20.07
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 369 müň dollaryndan gowrak boldy
top-arrow