Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň işewür toparlarynyň wekillerini kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň işewür toparlarynyň wekillerini kabul etdi
Çap edildi 16.12.2024
2093

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmen-amerikan işewürlik maslahatyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen “Türkmenistan — ABŞ” işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuarty, “John Deere” kompaniýasynyň Merkezi Aziýada strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça ýolbaşçysy Çaba Leýkony we “Westport Trading Europe Limited” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Nikolaý Ýurçenkony kabul etdi.

Işewürler wagt tapyp kabul edendigi üçin hormatly Prezidentimize hoşallyklaryny bildirip, ABŞ-nyň işewür toparlarynyň uly ykdysady kuwwaty bolan Türkmenistan bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmegi maksat edinýändiklerini tassykladylar.

Döwlet Baştutanymyz myhmanlary mübärekläp, Türkmen-amerikan işewürlik maslahatynyň Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky maýa goýum hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdi hem-de bu çäräniň üstünlikli geçirilmegini arzuw etdi. Hormatly Prezidentimiz myhmanlaryň şu gezekki saparynyň çäklerinde türkmen kärdeşleri bilen geljegi uly ugurlar boýunça pikir alyşmaga mümkinçilik dörejekdigini, şol gepleşikleriň iki ýurduň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine täze itergi berjekdigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň ykdysady mümkinçilikleriniň durmuşa geçirilmeginde amerikan kompaniýalarynyň goşýan goşandy bellenildi.

Nygtalyşy ýaly, köp ýyllardan bäri “Boeing”, “General Electric”, “John Deere”, “Сase New Holland”, “Nicklaus Companies”, “Westport Trading Europe Limited” ýaly iri amerikan kompaniýalary Türkmenistanda möhüm taslamalary amala aşyrýarlar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz birnäçe ýyllaryň dowamynda üstünlikli hereket edýän “Türkmenistan — ABŞ” işewürler geňeşiniň özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge goşýan saldamly goşandyna aýratyn ünsi çekdi. Işewürler geňeşi iki ýurduň ykdysady düzümleriniň arasyndaky gatnaşyklary ýola goýmak, ösdürmek we berkitmek üçin netijeli gurala öwrüldi.

Söhbetdeşligiň dowamynda nebitgaz pudagy, elektroenergetika, gaýtadan dikeldilýän energetika, ulag-aragatnaşyk, oba hojalygy, ýokary tehnologiýalar ýaly ulgamlar bilelikdäki işiň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň amerikan kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändigini we olaryň anyk tekliplerine seretmäge taýýardygyny tassyklady.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de ABŞ-nyň işewür toparlarynyň wekilleri birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan edip, özara bähbitli, uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Soňky habarlar
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady
22.07
Ýaş hünärmenleri taýýarlamak — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
22.07
Türkmen sungaty dabaralanýar
22.07
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Prezidentini gutlady
21.07
Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, açyklyk we netijeli hyzmatdaşlyk syýasatyny ilerledýär
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysyny kabul etdi
20.07
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi
20.07
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 369 müň dollaryndan gowrak boldy
top-arrow