Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
Syýasy habarlar
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
Çap edildi 18.12.2024
2186

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Siziň Alyhezretiňize we Türkmenistanyň halkyna Bitaraplyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy ibermek meniň üçin uly hormatdyr. Bu şanly gün Türkmenistanyň bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we diplomatik ýörelgelere üýtgewsiz ygrarlydygynyň aýdyň güwäsidir. Türkmenistanyň özara ynanyşmaga, netijeli dialoga esaslanýan halkara gatnaşyklara çemeleşmesi dünýädäki köp sanly adamlar üçin ylham çeşmesidir. Siziň ýurduňyzyň parahatçylygy we hyzmatdaşlygy berkitmek babatdaky tagallalary diňe bir Siziň döwletiňiziň däl, eýsem, tutuş dünýä jemgyýetçiliginiň ösüşine-de uly goşant goşýar.

Türki Döwletleriň Guramasynyň agza ýurtlary, ozalkylary ýaly, Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga berk ygrarlydyrlar. Biz bilelikde öňegidişlik, parahatçylyk, gülläp ösüş ýaly umumy maksatlara ýetmek ugrunda diňe bir türki dünýäde däl, eýsem, dünýä giňişliginde-de işleri alyp barmagy dowam etdireris.

Siziň Alyhezretiňize we Türkmenistanyň halkyna mundan beýläk-de üstünlik, abadançylyk baradaky tüýs ýürekden arzuwlarymy kabul ediň! Goý, nurana geljek Sizi has-da belent sepgitlere ýetirsin! Çünki türkmen halky parahatçylyga, diplomatiýa ygrarlylygy bilen bütin dünýäni ruhlandyrmagyny dowam etdirýär.

Hormatlamak bilen,

Kubanyçbek Omuraliýew,

Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary.

Soňky habarlar
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady
22.07
Ýaş hünärmenleri taýýarlamak — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
22.07
Türkmen sungaty dabaralanýar
22.07
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Prezidentini gutlady
21.07
Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, açyklyk we netijeli hyzmatdaşlyk syýasatyny ilerledýär
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysyny kabul etdi
20.07
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi
20.07
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 369 müň dollaryndan gowrak boldy
top-arrow