Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň ýörite geňeşçisini kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň ýörite geňeşçisini kabul etdi
Çap edildi 05.02.2025
2053

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň ýörite geňeşçisi Akihisa Nagaşimany kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, Ýaponiýada Türkmenistanyň ähli ulgamlarda gazanýan üstünliklerine ýokary baha berilýändigini belledi we pursatdan peýdalanyp, Ýaponiýanyň Imperatory Naruhitonyň hem-de Premýer-ministri Sigeru Isibanyň iberen salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Hormatly Prezidentimiz myhmany mähirli mübärekläp, Imperator Naruhito we Premýer-ministr Sigeru Isiba iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Döwlet Baştutanymyz Akihisa Nagaşimanyň saparynyň dowamynda geçiriljek duşuşyklaryň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berjekdigine, bu duşuşyklaryň netijeleriniň türkmen-ýapon gatnaşyklaryny täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan Aziýa — Ýuwaş umman sebitinde ýerleşýän Ýaponiýa bilen gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine aýratyn üns berýär. Ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlyk uzak möhletleýin strategik häsiýete eýe bolup, deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgelerine laýyklykda işjeň ösdürilýär. Türkmenistan we Ýaponiýa diňe bir ikitaraplaýyn esasda däl, eýsem, köptaraplaýyn görnüşde hem üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler. Şunuň bilen baglylykda, “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” dialogynyň ähmiýetine aýratyn üns çekildi. Döwlet Baştutanymyz bu dialogyň sebit derejesinde-de dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin meýdança bolup durýandygyny aýdyp, “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” dialogyna gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň ilkinji sammitiniň üstünlikli geçirilmegini arzuw etdi.

Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda türkmen-ýapon gatnaşyklary syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, durmuş, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlary öz içine alýar. Şunda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetine uly orun degişlidir. “Mälim bolşy ýaly, Ýaponiýada şu ýylyň aprelinde “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisi geçiriler. Türkmenistan hem bu serginiň Ýaponiýada geçirilmegini goldap ses berdi. Serginiň işine gatnaşmaga uly gyzyklanma bildirmek bilen, biz ýörite guramaçylyk toparyny döretdik we häzirki wagtda degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar” diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we pursatdan peýdalanyp, Bütindünýä sergisiniň üstünlikli geçirilmegini arzuw etdi.

Akihisa Nagaşima Ýaponiýada Türkmenistanyň ýokary derejeli wekiliýetiniň bu sergä gatnaşmagyna garaşylýandygyny aýtdy.

Duşuşygyň ahyrynda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň türkmen-ýapon hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge we täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga taýýardygyny tassyklap, Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň ýörite geňeşçisi Akihisa Nagaşima berk jan saglyk, alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
23.07
Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady
22.07
Ýaş hünärmenleri taýýarlamak — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
22.07
Türkmen sungaty dabaralanýar
22.07
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Prezidentini gutlady
21.07
Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, açyklyk we netijeli hyzmatdaşlyk syýasatyny ilerledýär
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysyny kabul etdi
20.07
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi
20.07
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 369 müň dollaryndan gowrak boldy
top-arrow