Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanda Gwatemala Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
Syýasy habarlar
Türkmenistanda Gwatemala Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
Çap edildi 10.02.2025
2582

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Gwatemala Respublikasynyň ýurdumyzda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Eduardo Enrike Ernandes Resinosdan ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak ugrunda alyp barjak işinde üstünlikleri arzuw etdi. Diplomat hoşniýetli arzuwlar hem-de türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin hoşallygyny beýan edip, Gwatemala Respublikasynyň Prezidenti Bernardo Arewalo de Leonyň döwlet Baştutanymyza iberen mähirli salamyny, Türkmenistanyň halkyna bolsa abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi.

Söhbetdeşligiň barşynda Gwatemala Respublikasynyň doly ygtyýarly wekili Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeler bilen tanyşdyryldy. Şunda milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny artdyrmaga, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalara aýratyn üns çekildi. Şeýle hem ilçä milli parlamentiň düzümi, onuň ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň çäklerinde alyp barýan işleri barada gürrüň berildi.

Duşuşygyň ahyrynda Eduardo Enrike Ernandes Resinos Türkmenistanda Gwatemala Respublikasyna wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny aýdyp, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek üçin tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek hem-de pugtalandyrmak maksady bilen, Eduardo Enrike Ernandes Resinosy Gwatemala Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek kararyna geldim. Jenap Ernandes Resinosyň ýokary şahsy häsiýetleri özüne ynanylan wezipäni Siziň Alyhezretiňiziň makullamagyna mynasyp derejede ýerine ýetirjekdigine ynam döredýär. Şunuň bilen baglylykda, Siziň Alyhezretiňizden ony hoşniýetli kabul etmegiňizi we meniň adymdan hem-de Gwatemala Respublikasynyň Hökümetiniň adyndan ähli beýan etjeklerine, hususan-da, Türkmenistanyň halkyna abadançylyk baradaky arzuwlarymy ýetirende, oňa doly ynanmagyňyzy haýyş edýärin.

Hormatlamak bilen,

Bernardo Arewalo de Leon,

Gwatemala Respublikasynyň Prezidenti.

Soňky habarlar
15.10
Türkmenistanyň Prezidenti Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň VII sammitine gatnaşdy
15.10
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň VII sammitindäki çykyşy
14.10
2026-njy ýylyň sentýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
14.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
13.10
Türk­me­nis­tan äh­lu­mu­my aba­dan­çy­ly­gyň bäh­bi­di­ne kö­pu­gur­ly gatnaşyklary gi­ňeld­ýär
13.10
G.Ýollyýewa Lebap welaýatynyň häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary wezipesine bellenildi
13.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
12.10
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
12.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
12.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
top-arrow