Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanda Ispaniýa Patyşalygynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
Syýasy habarlar
Türkmenistanda Ispaniýa Patyşalygynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
Çap edildi 04.03.2025
1766

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Ispaniýa Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rikardo Martines Waskesden ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça alyp barjak işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekili hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, Ispaniýanyň ýolbaşçylarynyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa iberen mähirli salamyny, ähli türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Duşuşygyň barşynda diplomat Türkmenistanyň içeri hem-de daşary syýasatynyň esasy ugurlary, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen giň gerimli milli maksatnamalar, durmuşa geçirilýän özgertmeler bilen tanyşdyryldy. Bellenilişi ýaly, Ýewropa ýurtlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şunda Ispaniýa bilen dostlukly gatnaşyklaryň, netijeli döwletara dialogyň pugtalandyrylmagyna hem aýratyn ähmiýet berilýär. Şeýle hem diplomata Mejlisiň düzümi we dürli ulgamlarda amala aşyrylýan özgertmeleriň kanunçylyk binýadyny üpjün etmek boýunça alyp barýan işleri barada maglumat berildi.

Ispaniýa Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rikardo Martines Waskes netijeli duşuşyk üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanda öz ýurduna wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny nygtady we iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Ýurtlarymyzyň arasyndaky dostluk we özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak maksady bilen, jenap Rikardo Martines Waskesi Ispaniýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine belledim. Onuň ýokary şahsy häsiýetleri özüne ynanylan jogapkärli wezipäni Siziň Alyhezretiňiziň hormatyna hem-de makullamagyna mynasyp derejede ýerine ýetirjekdigine ynam döredýär. Şunuň bilen baglylykda, Siziň Alyhezretiňizden ony hoşniýetli kabul etmegiňizi we meniň adymdan ähli beýan etjeklerine, hususan-da, Size bagtyýarlyk, Türkmenistana bolsa rowaçlyk baradaky tüýs ýürekden arzuwlarymy ýetirende, oňa doly ynanmagyňyzy haýyş edýärin.

Hoşniýetli we dostlukly arzuwlar bilen,

FILIPP VI,
Ispaniýanyň Patyşasy.

Soňky habarlar
18.02
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
18.02
Sanly ykdysadyýet — ýurdumyzyň durnukly ösüşiniň möhüm şerti
18.02
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň diplomatik işgärlerine
17.02
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
17.02
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
17.02
Türkmenistanda Indoneziýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
17.02
Ýylyň şygary Watanymyzyň ösüşiniň hatyrasyna belent sepgitlere ruhlandyrýar
17.02
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny gutlady
16.02
Türkmenistanyň Prezidenti BSGG-niň Ýewropa sebiti edarasynyň direktoryny kabul etdi
16.02
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna sapary
top-arrow