Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
Syýasy habarlar
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
Çap edildi 09.03.2025
1821

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Türkmenistanyň Prezidenti!

Siziň Alyhezretiňizi we Türkmenistanyň dostlukly halkyny Allatagalanyň rehmetiniň hem sahawatynyň aýy bolan mukaddes Remezan aýynyň ýetip gelmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Remezan aýy adamzadyň we dünýäniň ýaradylyşy barada oýlanmagyň, Biribaryň emirlerini berjaý etmegiň, howandarlyga mätäçlere hemaýat etmegiň aýydyr. Bu mübärek aýyň berekedi hem-de bilelikdäki tagallalaryň netijesinde musulman ymmatynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň has-da pugtalandyryljakdygyna ynanýaryn.

Beýik Allatagaladan Size we ähli musulman ymmatyna rowaçlyk, abadançylyk dileýärin.

Masud Pezeşkian,

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Mukaddes Oraza aýy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan etmäge şatdyryn. Siziň Alyhezretiňize bagtyýarlyk, abadançylyk, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa mundan beýläk-de ösüş hem-de rowaçlyk arzuw edýärin.

Gudraty Güýçli Allatagaladan ähli musulman ymmatyna rysgal-bereket dileýärin.

Haýsam bin Tarik,

Omanyň Soltany.

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Ysraýyl Döwletiniň we onuň raýatlarynyň adyndan Remezan aýy mynasybetli Size we ýakynlaryňyza, şeýle hem Türkmenistanyň halkyna gutlaglarymy kabul ediň! Remezan aýynyň biziň parahatçylyga, rowaçlyga, raýdaşlyga ygrarlydygymyzy tassyklamaga mümkinçilik berjekdigine ynanýaryn. Goý, bu mukaddes aý hemmämize abadançylyk getirsin!

Size we Türkmenistanyň dostlukly halkyna iň gowy arzuwlarymy beýan etmäge şatdyryn.

Hormatlamak bilen,

Ishak Gersog,

Ysraýyl Döwletiniň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Mukaddes Remezan aýy mynasybetli Size iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.

Mohammed VI,

Marokkonyň Patyşasy.

Soňky habarlar
22.07
Türkmen sungaty dabaralanýar
22.07
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Prezidentini gutlady
21.07
Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, açyklyk we netijeli hyzmatdaşlyk syýasatyny ilerledýär
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
20.07
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysyny kabul etdi
20.07
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi
20.07
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 369 müň dollaryndan gowrak boldy
19.07
Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken resminamalary
19.07
Täze tebigy gaz akymy alyndy
18.07
Tbilisi şäherinde Türkmenistanyň dostlukly ýurtdaky Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy boldy
top-arrow