Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hatlar
Syýasy habarlar
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hatlar
Çap edildi 09.03.2025
1120

Onuň Alyhezreti,

türkmen halkynyň Milli Lideri,

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy!

Siziň Alyhezretiňizi we Türkmenistanyň dostlukly halkyny Allatagalanyň rehmetiniň hem sahawatynyň aýy bolan mukaddes Remezan aýynyň ýetip gelmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Remezan aýy adamzadyň we dünýäniň ýaradylyşy barada oýlanmagyň, Biribaryň emirlerini berjaý etmegiň, howandarlyga mätäçlere hemaýat etmegiň aýydyr. Bu mübärek aýyň bereketi hem-de bilelikdäki tagallalaryň netijesinde musulman ymmatynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň has-da pugtalandyryljakdygyna ynanýaryn.

Beýik Allatagaladan Size we ähli musulman ymmatyna rowaçlyk, abadançylyk dileýärin.

Masud Pezeşkian,

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,

türkmen halkynyň Milli Lideri,

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Türkmenistana amala aşyran saparymyň dowamynda bildirilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallygymy beýan etmek isleýärin.

Siziň Alyhezretiňiz bilen “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” dialogy we dürli ulgamlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri barada pikir alyşmak meniň üçin örän ähmiýetli boldy. Şeýle hem “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” dialogynyň çäklerinde geçiriljek sammit babatda Ýaponiýanyň garaýyşlaryny goldandygyňyz üçin ýene-de bir gezek tüýs ýürekden hoşallygymy bildirýärin. Saparymyň netijelerini nazara almak bilen, biz bu sammiti Ýaponiýa, şeýle-de Merkezi Aziýa ýurtlary üçin amatly wagtda geçirmek mümkinçiligine serederis. “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” sammitine taýýarlyk görmek boýunça Türkmenistan bilen mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygymyzy beýan edýäris.

Bu meniň Türkmenistana amala aşyran ilkinji saparym boldy. Ýurduňyzyň baý medeniýeti we taryhy, halkyňyzyň myhmansöýerligi, Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky çuňňur gatnaşyklar mende uly täsir galdyrdy. Türkmenistan, şeýle hem tutuş Merkezi Aziýa bilen dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin mundan beýläk-de ähli tagallalary etjekdigimi aýtmak isleýärin.

Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, rowaçlyk, Türkmenistana bolsa mundan beýläk-de ösüş, abadançylyk arzuw edýärin.

Akihisa Nagaşima,

Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň ýörite geňeşçisi.

Soňky habarlar
18.02
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
18.02
Sanly ykdysadyýet — ýurdumyzyň durnukly ösüşiniň möhüm şerti
18.02
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň diplomatik işgärlerine
17.02
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
17.02
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
17.02
Türkmenistanda Indoneziýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
17.02
Ýylyň şygary Watanymyzyň ösüşiniň hatyrasyna belent sepgitlere ruhlandyrýar
17.02
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny gutlady
16.02
Türkmenistanyň Prezidenti BSGG-niň Ýewropa sebiti edarasynyň direktoryny kabul etdi
16.02
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna sapary
top-arrow