Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hatlar
Syýasy habarlar
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hatlar
Çap edildi 25.03.2025
1670

Onuň Alyhezreti,
türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, gadyrly doganym!

Tebigatyň janlanmagyny alamatlandyrýan Nowruz baýramy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize hem-de dostlukly türkmen halkyna tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan edýärin. Parahatçylyk, doganlyk, raýdaşlyk ýörelgelerini özünde jemleýän Nowruz baýramynyň halkara dialogy we hyzmatdaşlygy ilerletmekde täze üstünlikleriň buşlukçysy bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýärin. Ýurtlarymyzyň arasyndaky dost-doganlyga esaslanýan hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynanýaryn.

Pursatdan peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, bagtyýarlyk, doganlyk Türkmenistanyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw edýärin.

Rejep Taýyp ÄRDOGAN,
Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly jenap Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy!

Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň we halkynyň adyndan Size we Türkmenistanyň Hökümetine hem-de halkyna Nowruz baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan edýärin.

Siziň 2023-nji ýylyň oktýabrynda halkara hyzmatdaşlyk boýunça «Bir guşak, bir ýol» üçünji ýokary derejeli maslahata gatnaşmak üçin Hytaýa amala aşyran saparyňyzyň dowamynda Hytaýyň we Türkmenistanyň arasynda däp bolan dostlukly gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşdyk, şeýle hem dürli ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri boýunça giňişleýin pikir alyşdyk we özara düşünişmegi gazandyk. Ylalaşyklarymyzyň üstünlikli ýerine ýetirilendigini, ähli ugurlardaky hyzmatdaşlygymyzyň oňyn netijelere getirýändigini bellemek ýakymlydyr.

Men hytaý-türkmen gatnaşyklaryny ösdürmäge möhüm ähmiýet bermek bilen, halklarymyzyň arasyndaky ýakyn dostluga ýokary baha berýärin hem-de hyzmatdaşlygymyzy ähli ulgamlarda pugtalandyrmak üçin bilelikde tagalla etmäge, Hytaýyň we Türkmenistanyň arasynda “Bitewi ykbal bileleşiginiň” döredilmegine täze itergi bermäge taýýardyryn.

Size berk jan saglyk, üstünlik, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa bagtyýarlyk we rowaçlyk arzuw edýärin.

Si SZINPIN,
Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy.

Soňky habarlar
14.10
2026-njy ýylyň sentýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
14.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
13.10
Türk­me­nis­tan äh­lu­mu­my aba­dan­çy­ly­gyň bäh­bi­di­ne kö­pu­gur­ly gatnaşyklary gi­ňeld­ýär
13.10
G.Ýollyýewa Lebap welaýatynyň häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary wezipesine bellenildi
13.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
12.10
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
12.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
12.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
12.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 145 million 11 müň dollaryndan gowrak boldy
12.10
Türkmenistanyň Prezidenti Ispaniýanyň Patyşasyny gutlady
top-arrow