Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy
Syýasy habarlar
Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy
Çap edildi 27.03.2025
818

Şu gün paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň nobatdaky duşuşygy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň, Täjigistan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili, Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Kaýa Kallas gatnaşdylar. Duşuşykda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we ÝB-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň dürli meseleleri hem-de ýakynda Samarkantda geçiriljek “Ýewropa Bileleşigi — Merkezi Aziýa” formatyndaky ilkinji sammite taýýarlyk işleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilen şu ýylda ýurdumyzda geçirilmegi aýratyn ähmiýete eýedir. Munuň özi döwletimiziň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine ygrarly bolmak bilen, ählumumy abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýän deňhukukly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly goşant goşýandygynyň aýdyň beýanydyr. Şunuň bilen bir hatarda, Türkmenistanyň dünýäniň gyzyklanma bildirýän ähli ýurtlary bilen giň halkara hyzmatdaşlygy ilerletmäge gönükdirilen netijeli başlangyçlary öňe sürýändigini, olary durmuşa geçirmek boýunça anyk işleri amala aşyrýandygyny bellemek gerek.

Nygtalyşy ýaly, soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlyk yzygiderli ösdürilýär. Şunda howanyň üýtgemegi, üstaşyr ulag geçelgelerini işjeňleşdirmek, energetika, ylym-bilim, sebit howpsuzlygy, suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak ýaly ugurlara uly orun degişlidir. Şunuň bilen baglylykda, daşky gurşawy goramak babatda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigi hem-de ýurdumyzyň bu ugurdaky ähli başlangyçlarynyň dünýä bileleşiginiň goldawyna eýe bolýandygy bellenildi.

Şeýle hem 2024-nji ýylyň oktýabrynda Aşgabatda geçirilen Hazarüsti ulag geçelgesiniň utgaşdyryjy platformasyny işe girizmek boýunça ýokary derejeli duşuşygyň ähmiýeti barada aýdyldy. Täze platforma demir ýol, awtomobil, port infrastrukturasyna maýa goýumlary çekmäge, Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, ulag geçelgeleriniň durnuklylygyny ýokarlandyrmaga ýardam eder. Onuň çäklerindäki bilelikdäki iş diňe bir ulag infrastrukturasyny ösdürmek bilen çäklenmän, eýsem, ulag ulgamyna öňdebaryjy tehnologiýalaryň, innowasiýalaryň ornaşdyrylmagyny hem çaltlandyrar.

“Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi” formatyndaky giň gerimli hyzmatdaşlygyň çäklerinde ikitaraplaýyn we sebit derejesinde birnäçe bilelikdäki taslamalardyr maksatnamalaryň durmuşa geçirilýändigi, şol sanda dürli derejeli duşuşyklaryň, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga gönükdirilen forumlaryň guralýandygy nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, Ýewropa Bileleşiginiň «Global Gateway» başlangyjynyň çäklerinde sanly ulgam, energetika we ekologiýa babatda özgertmeleri amala aşyrmak boýunça çärelere üns çekildi. Taraplar medeni-ynsanperwer ulgamda özara gatnaşyklary giňeltmek üçin bilelikde işlemegiň, “ýaşyl” ösüş, daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça bilelikdäki çäreleri işjeňleşdirmegiň möhümdigini tassykladylar.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar şu gezekki duşuşygyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we ÝB-niň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdaky ähmiýetini belläp, şeýle görnüşdäki gatnaşyklaryň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.

Duşuşygyň jemleri boýunça “Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi” formatyndaky 20-nji ministrler duşuşygynyň Bilelikdäki Beýanaty kabul edildi.

Duşuşygyň çäklerinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek hakynda Kararnamasyna laýyklykda, “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: Merkezi Aziýanyň we Ýewropa Bileleşiginiň arasynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak” atly çäre hem guraldy. Mundan başga-da, ministrler duşuşygyna gatnaşyjylaryň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi.

Soňky habarlar
18.09
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlary
18.09
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara
18.09
Türkmenistanyň maýa goýum forumyna gatnaşyjylara
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi
17.09
Täze oba — ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň nyşany
17.09
Arkadag şäherinde täze ýaşaýyş jaýlaryň açylyş dabarasy boldy
17.09
Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Gowşut geňeşliginde täze, döwrebap Bagtly zamana obasynyň açylyş dabarasyna gatnaşyjylara
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň saýlanan Baştutanyny gutlady
16.09
Türkmenistanda zähmet bazaryny ösdürmegiň mümkinçilikleri
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti Meksikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentini gutlady
top-arrow