Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Gahryman Arkadagymyz bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Syýasat habarlary
Gahryman Arkadagymyz bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Çap edildi 30.03.2025
633

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Gahryman Arkadagymyz we Prezident Rejep Taýyp Ärdogan mähirli salamlaşyp, birek-biregi mukaddes Oraza baýramy bilen gutladylar hem-de mübärek Oraza aýynyň nurana günlerinde agyz bekläp tutan orazalarynyň, amal eden ybadatlarynyň, ýagşy doga-dilegleriniň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny dileg etdiler. Türkiýäniň Prezidenti BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Kararnamanyň üçünji gezek kabul edilmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlap, bu taryhy üstünligiň ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilige, hoşniýetli goňşuçylyga, ählumumy abadançylyga we durnukly ösüşe gönükdirilen syýasatynyň ykrar edilýändiginiň aýdyň nyşany bolandygyny belledi.

Milli Liderimiz hoşniýetli sözler hem-de Türkiýe Respublikasynyň ýurdumyzyň Bitaraplyk syýasatyna esaslanýan halkara başlangyçlaryny yzygiderli goldaýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz doganlyk ýurduň wekiliýetiniň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň dört ýyllygy mynasybetli geçirilen “Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi” atly halkara maslahata gatnaşandygy üçin minnetdarlygyny beýan etdi.

Prezident Rejep Taýyp Ärdogan çagalaryň bagtyýar geljegini we abadan durmuşyny üpjün etmek boýunça tagallalary birleşdirmäge gönükdirilen bu giň gerimli forumyň ähmiýetini belledi hem-de Türkiýe Respublikasynyň wekiliýetine bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan etdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda nygtalyşy ýaly, Türkiýe Türkmenistanyň söwda-ykdysady gatnaşyklary alyp barýan iň möhüm ýurtlarynyň biri bolup, bu ýurt bilen köpugurly we uzak möhletleýin gatnaşyklary ösdürmek hem-de pugtalandyrmak döwletimiziň alyp barýan oňyn daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Şunuň bilen baglylykda, taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň özara hormat goýmak, ynanyşmak we birek-birege ýakyndan goldaw bermek esasynda okgunly ösdürilýändigini kanagatlanma bilen bellediler.

Medeni-ynsanperwer ulgam döwletara gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Türkmen we türk halklaryny umumy taryha, medeniýete, ruhy-ahlak gymmatlyklaryna esaslanýan gatnaşyklar baglanyşdyrýar. Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler bu ulgamdaky hyzmatdaşlygyň möhüm ähmiýetini belläp, ylym-bilim, medeniýet, sungat, sport ýaly ugurlardaky özara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.

Söhbetdeşligiň dowamynda Gahryman Arkadagymyz ikitaraplaýyn dostlukly gatnaşyklary ösdürmekde alyp barýan işleri üçin doganlyk ýurduň Baştutanyna minnetdarlyk bildirip, oňa berk jan saglyk, döwlet işinde üstünlikleri, türk halkyna bolsa rowaçlyk arzuw etdi. Milli Liderimiz pursatdan peýdalanyp, Prezident Rejep Taýyp Ärdogandan aýal doganymyz Emine hanyma Ogulgerek doganynyň salamyny ýetirmegini haýyş etdi, şeýle hem Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň dogaýy salamyny ýetirdi.

Türkiýe Respublikasynyň döwlet Baştutany, öz gezeginde, hormatly Prezidentimize mähirli salamyny beýan etdi.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Prezident Rejep Taýyp Ärdogan Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ilerletmäge, täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga gönükdirilen başlangyçlary we tagallalary goldamaga taýýardyklaryny tassyklap, iki ýurduň doganlyk halklaryna rowaçlyk, abadançylyk arzuw etdiler.

Soňky habarlar
03.05
Türkmenistanyň Prezidenti Polşa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
02.05
Hormatly Prezidentimiz Balkanabat Halkara howa menziliniň açylyş dabarasyna gatnaşdy
02.05
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Balkanabat Halkara howa menziliniň açylyş dabarasyndaky çykyşy
02.05
Türkmenistanyň Prezidentiniň Balkan welaýatyna iş sapary tamamlandy
02.05
Ýurdumyzda Liwiýa Döwletiniň Medeniýet günleri geçirilýär
01.05
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisi
01.05
Türkmenistanyň Prezidenti “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek halkara maslahata görülýän taýýarlyk işleriniň barşy bilen tanyşdy
01.05
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna ugrady
01.05
Türkmenistanyň çagalaryň bagtyýar durmuşynyň bähbidine tagallalary birleşdirmek boýunça başlangyçlary BMG-de goldanyldy
01.05
Ösüp gelýän ýaş nesiller baradaky alada
top-arrow