Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Gruziýanyň zähmet, saglygy goraýyş we durmuş üpjünçiligi ministri bilen duşuşdy
Syýasy habarlar
Haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Gruziýanyň zähmet, saglygy goraýyş we durmuş üpjünçiligi ministri bilen duşuşdy
Çap edildi 29.03.2025
1201

Şu gün Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa bilen «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi» atly halkara maslahata gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Gruziýanyň zähmet, saglygy goraýyş we durmuş üpjünçiligi ministri Mihail Sarjweladzäniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň başynda gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti O.Atabaýewa Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, şeýle hem çagalaryň abadan geljeginiň bähbidine tagallalary birleşdirmäge bagyşlanan halkara foruma gatnaşandygy üçin Mihail Sarjweladzä minnetdarlyk bildirdi hem-de Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň Gruziýanyň Prezidenti Mihail Kawelaşwilä iberen mähirli salamyny beýan etdi.

Myhman ýokary derejeli wekilçilikli maslahata gatnaşmagyň özi üçin uly hormatdygyny aýdyp, halkara foruma gatnaşmaga çakylyga tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi. Şeýle-de ol Arkadag şäheriniň gözelligi we onda döredilen mümkinçilikler barada belläp, bu şäheriň Türkmenistanyň ykdysady kuwwatynyň aýdyň görkezijisi bolup durýandygyna ünsi çekdi. Duşuşygyň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň guramagynda geçirilen halkara maslahatyň sebitde we dünýäde ynsanperwer gatnaşyklary berkitmekdäki ähmiýeti bellenildi.

Nygtalyşy ýaly, Türkmenistanda «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi» atly halkara maslahatyň geçirilmegi ýurdumyzda çagalaryň abadançylygyny we sagdyn ösmegini üpjün etmek wezipesine örän jogapkärçilikli çemeleşilýändigine, ýaş nesiller barada döwlet derejesinde alada edilýändigine şaýatlyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, forumyň netijeleriniň çagalaryň saglygyny goramak ulgamynda hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemäge badalga berjekdigine ynam bildirildi.

Duşuşygyň ahyrynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa hem-de Gruziýanyň zähmet, saglygy goraýyş we durmuş üpjünçiligi ministri Mihail Sarjweladze çagalaryň saglygyny goramak babatda özara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdiler.

Soňky habarlar
14.10
2026-njy ýylyň sentýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
14.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
13.10
Türk­me­nis­tan äh­lu­mu­my aba­dan­çy­ly­gyň bäh­bi­di­ne kö­pu­gur­ly gatnaşyklary gi­ňeld­ýär
13.10
G.Ýollyýewa Lebap welaýatynyň häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary wezipesine bellenildi
13.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
12.10
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
12.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
12.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
12.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 145 million 11 müň dollaryndan gowrak boldy
12.10
Türkmenistanyň Prezidenti Ispaniýanyň Patyşasyny gutlady
top-arrow