Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Türkiýe Respublikasynyň maşgala we jemgyýetçilik hyzmatlary ministri bilen duşuşdy
Syýasat habarlary
Haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Türkiýe Respublikasynyň maşgala we jemgyýetçilik hyzmatlary ministri bilen duşuşdy
Çap edildi 29.03.2025
400

Şu gün Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa gaznanyň döredilmeginiň 4 ýyllygy mynasybetli guralan «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi» atly halkara maslahata gatnaşmak üçin ýurdumyza sapar bilen gelen Türkiýe Respublikasynyň maşgala we jemgyýetçilik hyzmatlary ministri Mahinur Özdemir Göktaş bilen duşuşdy.

Gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti halkara maslahatyň işine işjeň gatnaşandygy üçin Mahinur Özdemir Göktaşa hoşallygyny beýan etdi hem-de pursatdan peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana iberen mähirli salamyny beýan etdi.

Myhman ýokary derejeli halkara maslahata gatnaşmagyň hem-de çagalaryň abadan geljeginiň bähbidine ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň berkidilmegine goşant goşmagyň özi üçin belent mertebedigini aýtdy hem-de türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin aýratyn hoşallygyny bildirdi. Şeýle-de ol Arkadag şäheriniň gözel keşbi barada aýdyp, şäherde döredilen mümkinçilikleriň dünýä nusgalykdygyny belledi.

Türkmen-türk gatnaşyklary barada pikir alyşmalaryň dowamynda nygtalyşy ýaly, Türkmenistan Türkiýe Respublikasynyň diňe bir doganlyk ýurdy bolmak bilen çäklenmän, eýsem, iň ýakyn hyzmatdaşlarynyň hem biridir. Ýurtlarymyzy taryhy, medeni, milli umumylyklardan başga-da, umumy garaýyşlar, bitewi maksatlar, syýasy-ykdysady, medeni-durmuş ulgamlary baglanyşdyrýar. Şunda Türkmenistanyň we Türkiýäniň döwlet ýolbaşçylarynyň alyp barýan maksada gönükdirilen syýasatlarynyň netijesinde biziň ýurtlarymyzyň strategik hyzmatdaşlara öwrülendikleri we ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň nusgalyk häsiýete eýedigi bellenildi.

Şeýle hem Mahinur Özdemir Göktaş şu gezekki maslahatyň tagallalary birleşdirmekdäki ähmiýeti barada aýdyp, onuň Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçirilendigine ünsi çekdi. Şunda çagalaryň saglygyny goramak we olaryň abadan geljegini üpjün etmek babatda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň işine ýokary baha berildi.

Duşuşygyň ahyrynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa hem-de Türkiýe Respublikasynyň maşgala we jemgyýetçilik hyzmatlary ministri Mahinur Özdemir Göktaş türkmen-türk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Soňky habarlar
03.05
Türkmenistanyň Prezidenti Polşa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
02.05
Hormatly Prezidentimiz Balkanabat Halkara howa menziliniň açylyş dabarasyna gatnaşdy
02.05
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Balkanabat Halkara howa menziliniň açylyş dabarasyndaky çykyşy
02.05
Türkmenistanyň Prezidentiniň Balkan welaýatyna iş sapary tamamlandy
02.05
Ýurdumyzda Liwiýa Döwletiniň Medeniýet günleri geçirilýär
01.05
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisi
01.05
Türkmenistanyň Prezidenti “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek halkara maslahata görülýän taýýarlyk işleriniň barşy bilen tanyşdy
01.05
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna ugrady
01.05
Türkmenistanyň çagalaryň bagtyýar durmuşynyň bähbidine tagallalary birleşdirmek boýunça başlangyçlary BMG-de goldanyldy
01.05
Ösüp gelýän ýaş nesiller baradaky alada
top-arrow