Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
Syýasy habarlar
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
Çap edildi 03.04.2025
1591

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!
Sizi we doganlyk türkmen halkyny dünýäniň ähli musulmanlary üçin aýratyn sarpalanýan mukaddes Oraza baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Orazanyň sahawatly we nurana günlerinde kalplarymyz şatlykdan, päk niýetlerden dolup, halklarymyzyň bu mübärek baýramy birek-birege hormat goýmak, jebislik ýagdaýynda garşylandygy üçin Beýik Biribara şükür edýäris. Özbek we türkmen halklarynyň arasyndaky köpasyrlyk dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň, strategik hyzmatdaşlyga esaslanýan ýakyn gatnaşyklarymyzyň bilelikdäki tagallalarymyzyň netijesinde mundan beýläk-de pugtalanmagyny tüýs ýürekden arzuw edýärin. Iki ýurduň rowaçlygynyň, halklarymyzyň abadançylygynyň hem-de sebitde umumy ösüşiň bähbidine köptaraplaýyn we uzak möhletli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de yzygiderli ösdüriljekdigine ynanýaryn.

Pursatdan peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, jogapkärli döwlet işiňizde uly üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, gülläp ösüş arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Şawkat MIRZIÝOÝEW,
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňize mukaddes Oraza baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy ibermäge şatdyryn. Gudraty Güýçli Allatagaladan musulman ymmatyna rysgal-bereket dileýärin.

Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Türkmenistanyň dostlukly halkyna abadançylyk we rowaçlyk arzuw edýärin.

Haýsam bin TARIK,
Omanyň Soltany.

Soňky habarlar
14.10
2026-njy ýylyň sentýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
14.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
13.10
Türk­me­nis­tan äh­lu­mu­my aba­dan­çy­ly­gyň bäh­bi­di­ne kö­pu­gur­ly gatnaşyklary gi­ňeld­ýär
13.10
G.Ýollyýewa Lebap welaýatynyň häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary wezipesine bellenildi
13.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
12.10
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
12.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
12.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
12.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 145 million 11 müň dollaryndan gowrak boldy
12.10
Türkmenistanyň Prezidenti Ispaniýanyň Patyşasyny gutlady
top-arrow