Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
Syýasy habarlar
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
Çap edildi 06.04.2025
2076

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Oraza baýramy mynasybetli Size we Türkmenistanyň halkyna gutlaglarymy, iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin. Hindistanyň yslam dinine uýýan 200 milliondan gowrak ilaty mukaddes aýyň dowamynda agyz bekläp, dünýädäki beýleki musulman doganlaryna goşulyşyp, doga-dileg etdiler. Bu baýram rehimdarlyk, jomartlyk, raýdaşlyk ýaly gymmatlyklary özünde jemleýär. Şu ýakymly pursatda Ýer ýüzündäki ähli adamlaryň asudalygyny, agzybirligini, bagtyýarlygyny dileýäris. Goý, biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklar has-da pugtalansyn!

Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

Narendra MODI,
Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly jenap Prezident!

Oraza baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin. Beýik Biribardan mukaddes Oraza aýynyň dowamynda tutan orazalarymyzy, eden doga-dileglerimizi, haýyr işlerimizi kabul etmegini hem-de adamlaryň arasyndaky doganlyk gatnaşyklary pugtalandyrmagyny dileýärin.

Ýurtlarymyza we halklarymyza, şeýle hem ähli musulman ymmatyna parahatçylyk, bagtyýarlyk arzuw edýärin.

Ramzan KADYROW,
Russiýa Federasiýasynyň Çeçen Respublikasynyň Baştutany.

Soňky habarlar
14.10
2026-njy ýylyň sentýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
14.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
13.10
Türk­me­nis­tan äh­lu­mu­my aba­dan­çy­ly­gyň bäh­bi­di­ne kö­pu­gur­ly gatnaşyklary gi­ňeld­ýär
13.10
G.Ýollyýewa Lebap welaýatynyň häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary wezipesine bellenildi
13.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
12.10
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
12.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
12.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
12.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 145 million 11 müň dollaryndan gowrak boldy
12.10
Türkmenistanyň Prezidenti Ispaniýanyň Patyşasyny gutlady
top-arrow