Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň Milli gününiň açylyş dabarasyndaky çykyşy
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň Milli gününiň açylyş dabarasyndaky çykyşy
Çap edildi 14.04.2025
2503

Hormatly dabara gatnaşyjylar!

Hanymlar we jenaplar!

Ilki bilen, siziň ähliňizi “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň Milli gününiň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Sergä gatnaşyjylara uly üstünlikleri arzuw edýärin. Döredilen ajaýyp şertler üçin guramaçylara çuňňur minnetdarlygymy bildirýärin.

Hormatly dabara gatnaşyjylar!

“EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisi döwletleriň, halkara guramalaryň, ykdysady we maliýe institutlarynyň, işewürleriň arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam edýär. Şeýle hem ykdysady, maýa goýum gatnaşyklary üçin netijeli ugurlary, öňdebaryjy ideýalary, tehnologik çözgütleri öňe sürýär.

Häzirki Bütindünýä sergisiniň Türkmenistan üçin aýratyn ähmiýeti bardyr. Bu sergi Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmegi bilen gabat gelýär. Parahatçylyk, ynanyşmak, deňhukuklylyk bütindünýä ykdysady gatnaşyklarynyň esasyny düzmelidir. Türkmenistanyň Milli gününi açmak bilen, ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen hyzmatdaşlyga, dürli ugurlarda bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmäge taýýardygyny bellemek isleýärin.

Dünýäniň energetika taýdan öňdebaryjy döwletleriniň biri hökmünde Türkmenistan energiýa serişdelerini halkara bazarlara ibermek üçin iri taslamalary öňe sürýär. Hyzmatdaşlar bilen bilelikde möhüm ähmiýetli taslamalary amala aşyrmaga gatnaşýar. Türkmenistanyň sergisine gelýänler ýurdumyzyň senagaty, oba hojalygy, dokma, himiýa senagaty, syýahatçylyk pudaklarynda we beýleki ugurlarda ýeten sepgitleri bilen tanşyp bilerler. Bu üstünlikleriň ählisi dürli pudaklarda milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen düýpli özgertmeleriň netijeleridir.

Oýlanyşykly alnyp barylýan daşary ykdysady syýasat döwletimiziň üstünlikli we durnukly ösüşiniň möhüm bölegi bolup durýar. Türkmenistan daşary ykdysady gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürýär. Ýurdumyz halkara söwda, maýa goýum we tehnologik işlere gatnaşýar. Osakada geçirilýän şu günki dabara hem Ýaponiýa bilen netijeli hem-de dostlukly hyzmatdaşlygy ýola goýandygymyzy görkezýär.

Biziň ýurdumyz Ýaponiýa uzak möhletli, ygtybarly we durnukly hyzmatdaş hökmünde garaýar. Ýaponiýanyň köp sanly işewür toparlary Türkmenistanyň ýangyç-energetika, gurluşyk, ulag pudaklarynda iri maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýarlar. Bu işleri amala aşyrmakda uly tagallalary edýändikleri üçin Ýaponiýanyň Hökümetine we işewürlerine minnetdarlyk bildirýäris. Biz bu hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkideris.

Hormatly dabara gatnaşyjylar!

Ýaponiýada Türkmenistanyň milli sergisini görkezmek biziň üçin uly hormatdyr. Şu günki dabaranyň Bütindünýä sergisiniň açylyşynyň ilkinji günlerinde geçirilýändigini aýratyn bellemek isleýärin. Türkmenistanyň milli sergisiniň işewür gatnaşyklary ýola goýjakdygyna, hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikleri açjakdygyna berk ynanýaryn. Siziň ähliňizi «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň Milli gününiň açylmagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn.

(Osaka şäheri, 2025-nji ýylyň 14-nji apreli)

Soňky habarlar
14.10
2026-njy ýylyň sentýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
14.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
13.10
Türk­me­nis­tan äh­lu­mu­my aba­dan­çy­ly­gyň bäh­bi­di­ne kö­pu­gur­ly gatnaşyklary gi­ňeld­ýär
13.10
G.Ýollyýewa Lebap welaýatynyň häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary wezipesine bellenildi
13.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
12.10
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
12.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
12.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
12.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 145 million 11 müň dollaryndan gowrak boldy
12.10
Türkmenistanyň Prezidenti Ispaniýanyň Patyşasyny gutlady
top-arrow