Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
Syýasy habarlar
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
Çap edildi 17.04.2025
1719

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Mukaddes Oraza baýramy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan edýärin. Gudraty Güýçli Allatagaladan Size şatlyk we abadançylyk, yslam ymmatyna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk dileýärin.

Iň gowy arzuwlar bilen,

Abdul Latif Raşid,

Yrak Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňize mübärek Oraza baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy we berk jan saglyk hem-de bagtyýarlyk baradaky iň gowy arzuwlarymy ibermäge şatdyryn. Gudraty Güýçli Allatagaladan bu mübärek baýramyň bereket getirmegini, doganlyk ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyny dileýärin.

Turki bin Mohammed bin Fahad bin Abdelaziz,

Saud Arabystany Patyşalygynyň döwlet ministri,

Ministrler Kabinetiniň agzasy.

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Sizi mukaddes Oraza baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu baýram biziň umumy däp-dessurlarymyzda aýratyn orun eýeläp, umyt-arzuwlaryň, şatlygyň we ruhy taýdan täzelenişiň binýady bolup hyzmat edýär. Ol maşgala gymmatlyklarymyzy, türki we yslam dünýäsinde gatnaşyklarymyzy pugtalandyrmaga mümkinçilik berýär. Oraza baýramynyň halklarymyzyň arasyndaky doganlyk gatnaşyklaryň has-da berkidilmegine, jebislige, özara hormat goýmaga hem-de umumy maksatlara ýetmäge ýardam bermegine umyt edýärin. Türki dünýäde ähli halklaryň parahatçylygynyň, sazlaşykly ösüşiniň ýolunda doganlygyň we raýdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalanjakdygyna ynanýaryn.

Siziň Alyhezretiňiz, Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy hem-de mundan beýläk-de abadançylyk, ähli başlangyçlaryňyzda üstünlik, Türkmenistanyň halkynyň rowaçlygy we ösüşi baradaky arzuwlarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin!

Hormatlamak bilen,

Kubanyçbek Omuraliýew,

Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary.

Soňky habarlar
09.03
Halkyň abadan durmuşy baradaky alada — döwlet syýasatynyň esasy ugry
08.03
Halkara zenanlar güni mynasybetli dabara
08.03
Zenanlar we çagalar baradaky alada — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
08.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Halkara zenanlar güni mynasybetli GUTLAGY
08.03
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň enelerine, ähli gelin-gyzlaryna
07.03
Köp çagaly enelere belent sarpa
07.03
Mukamlar köşgündäki baýramçylyk konserti
07.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda işleriň barşy bilen tanyşdy
06.03
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
06.03
Halkara zenanlar güni mynasybetli dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
top-arrow