Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanda Horwatiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
Syýasy habarlar
Türkmenistanda Horwatiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
Çap edildi 23.04.2025
1160

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Horwatiýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hrwoýe Swetanowiçden ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa iki ýurduň arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça alyp barjak işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Ilçi, öz gezeginde, hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, Horwatiýa Respublikasynyň ýolbaşçylarynyň mähirli salamyny, dostluk baradaky ynandyrmalaryny we türkmen halkyna abadançylyk, rowaçlyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Hrwoýe Swetanowiç durmuşa geçirýän parahatçylyk söýüjilikli syýasaty, oňyn başlangyçlary netijesinde ýokary halkara abraýa eýe bolan döwletde Horwatiýa wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny belledi.

Söhbetdeşligiň dowamynda dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekiline Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýan içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary, milli parlamentiň düzümi, onuň kanun çykaryjylyk işi hakynda giňişleýin gürrüň berildi. Şunda innowasion esasda milli ykdysadyýetiň kuwwatyny artdyrmaga we diwersifikasiýalaşdyrmaga, döwrebap düzümleri kemala getirmäge, halkymyzyň abadançylygyny, durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilen durmuş-ykdysady maksatnamalara aýratyn üns berildi.

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn, şol sanda halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän köptaraplaýyn gatnaşyklar barada özara pikir alyşmalar boldy.

Duşuşygyň ahyrynda Horwatiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hrwoýe Swetanowiç deňhukuklylyk, özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan döwletara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagy ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary has-da ösdürmek we pugtalandyrmak maksady bilen, men jenap Hrwoýe Swetanowiçi Horwatiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek kararyna geldim. Jenap Hrwoýe Swetanowiçiň ýokary şahsy häsiýetleri, ukyp-başarnyklary we ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklarda toplan tejribesi onuň özüne ynanylan wezipäni Siziň hormatyňyza hem-de makullamagyňyza mynasyp derejede ýerine ýetirjekdigine ynam döredýär. Şunuň bilen baglylykda, Siziň Alyhezretiňizden ony hoşniýetli kabul etmegiňizi we meniň adymdan hem-de dostlukly horwat halkynyň adyndan ähli beýan etjeklerine, hususan-da, Size we Türkmenistana abadançylyk, rowaçlyk baradaky arzuwlarymy ýetirende, oňa doly ynanmagyňyzy haýyş edýärin.

Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Zoran Milanowiç,

Horwatiýa Respublikasynyň Prezidenti.

Soňky habarlar
02.01
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
02.01
Arkadag şäherinde 2026-njy ýylyň şygaryna bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi
01.01
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
01.01
Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara Täze ýyl sowgatlary gowşuryldy
01.01
Arkadag şäherinde Täze ýyl dabaralary
01.01
Ýurdumyz arzuw-umytlar we uly zähmet üstünlikleri bilen 2026-njy ýyly garşylady
01.01
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň türkmen halkyna Täze ýyl gutlagy
31.12
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
31.12
Türkmenistanyň Prezidenti Kuba Respublikasynyň Prezidentini gutlady
31.12
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
top-arrow