Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmenistanyň Prezidenti Hormatly Serdar Berdimuhamedowa
Syýasat habarlary
Türkmenistanyň Prezidenti Hormatly Serdar Berdimuhamedowa
Çap edildi 26.04.2025
235

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!

Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda behişdi bedewlerimiziň şanyna uly dabara bilen bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine gönükdirilen başlangyçlaryňyzyň, gözelligiň hem-de ýyndamlygyň ajaýyp nusgasyna öwrülen behişdi bedewlerimiziň şöhratynyň bütin dünýäde dabaralandyrylmagy ugrundaky tagallalaryňyzyň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärin.

Hormatly Prezidentimiz!

Täze taryhy eýýamda döwürleriň we nesilleriň mizemez arabaglanyşygyny özünde jemleýän ganatly bedewler tutuş adamzadyň medeni mirasyna ägirt uly goşant goşan türkmen halkynyň döredijilikli zehininiň aýdyň miwesidir. Siz ahalteke bedewleriniň baş sanyny artdyrmak, olaryň dünýä ýüzündäki şöhratyny belende götermek hem-de milli atşynaslyk däplerini häzirki zaman tejribeleri bilen utgaşdyrmak ýörelgelerini döwlet syýasatynyň möhüm ugry hökmünde kesgitlediňiz. Behişdi bedewlerimiziň gözelligi, çeýeligi, ýyndamlygy yhlasly zähmetiň netijesidir. Munuň özi egsilmez güýjüň, tejribäniň, zehiniň we bedewlere bolan söýginiň aýdyň beýanydyr. Türkmen halky halal zähmetiň gadyryny bilýär. Ahalteke bedewleri bolsa yhlasly zähmetiň beren miwesidir.

Hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyz!

Siziň parasatly baştutanlygyňyzda eziz Diýarymyzda atçylyk pudagynda we atçylyk sportuny dünýä derejesinde ösdürmek ugrunda giň gerimli işler üstünlikli alnyp barylýar. Ahalteke atçylygyny ösdürmek boýunça halkara assosiasiýanyň döredilmegi we onuň ştab-kwartirasynyň paýtagtymyz Aşgabat şäherinde ýerleşmegi dünýäniň dürli döwletleri bilen bu ugurda alnyp barylýan halkara hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmäge hem-de ýakyn gatnaşyk saklamaga uly mümkinçilik berýär. Bu işler bilen bir hatarda, ýurdumyzda atçylyk pudagy üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga hem aýratyn üns berilmegi, hususan-da, Arkadag şäherinde ussat seýisleri, çapyksuwarlary taýýarlaýan Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň döredilmegi atçylyk pudagynyň ösmegine ýardam bermek bilen, ahalteke bedewiniň şan-şöhratyny has-da dabaralandyrýar.

Belent mertebeli Prezidentimiz!

Siziň baştutanlygyňyzda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtly atşynaslaryň ahalteke bedewlerini ýetişdirmek boýunça asylly işlerine mynasyp baha berilýär. Olara «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy», «Türkmenistanyň halk atşynasy», «Türkmenistanyň ussat halypa çapyksuwary» hem-de «Türkmenistanyň ussat halypa seýsi» diýen hormatly atlar dakylýar. Abraýly halkara festiwallaryň we bäsleşikleriň iň ýokary baýraklaryna mynasyp bolup gelýän «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň dünýädäki meşhurlygy gün-günden artýar. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monte-Karloda geçirilen halkara sirk sungaty festiwalynda çykyş edip, ýeňiş gazanmagy türkmeniň atçylyk sungatyny has-da dabaralandyrdy. Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleriniň türkmen sungatynyň naýbaşy görnüşleriniň biri hökmünde ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi milli we dünýä medeniýetiniň özboluşly gymmatlygy bolan ahalteke bedewleriniň dünýä derejesindäki at-abraýyny ýene bir ýola belende göterdi.

Sarpasy belent Prezidentimiz!

Meşhur ahalteke bedewleriniň şan-şöhraty müňýyllyklaryň dowamynda äleme dolup gelýär. Biziň şöhratly bedewlerimiziň dünýäniň atçylyk medeniýetiniň döremeginde uly goşandy bardyr. Halkymyzyň bu gadymy däplerini ýaş nesillerimize ýetirmek hem-de olaryň behişdi bedewlere bolan söýgüsini artdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän işleriň has-da rowaçlanjakdygyna uly ynam bildirýärin.

Hormatly Prezidentimiz!

Sizi ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda uly dabaralara beslenip bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyz sag, ömrüňiz uzak, belent başyňyz aman bolsun! Türkmen halkynyň bagtyýar geljeginiň hatyrasyna tutýan bedew batly tutumlaryňyz elmydama rowaç alsyn!

Sizi hormatlamak bilen,

Türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy,
Gahryman Arkadag Gurbanguly Berdimuhamedow.

Soňky habarlar
30.04
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryny gutlady
29.04
Gahryman Arkadagymyz Monakonyň Şazadasynyň geňeşçisi bilen duşuşdy
29.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz «akylly» şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň desgalarynyň şekil taslamalary bilen tanyşdy
29.04
Türkmenistan halkara söwda we hyzmatlar ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürýär
28.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
28.04
«Halkara söwda we hyzmatlar» atly sergi-ýarmarka hem-de «Türkmenistanda halkara ülňülere laýyk gelýän hil üpjünçiligi» atly halkara maslahata gatnaşyjylara
28.04
Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
28.04
Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň wise-prezidentini kabul etdi
28.04
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasaryny kabul etdi
28.04
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasaryny kabul etdi
top-arrow