Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Monako Knýazlygynyň Şazadasynyň geňeşçisini kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Monako Knýazlygynyň Şazadasynyň geňeşçisini kabul etdi
Çap edildi 27.04.2025
1666

Şu gün Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli baýramçylyk at çapyşygynyň geçirilýän pursatlarynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Monako Knýazlygynyň Şazadasynyň geňeşçisi, Parahatçylyk we sport guramasynyň prezidenti we esaslandyryjysy Žoel Buzuny kabul etdi.

Myhman türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik we duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirdi. Şeýle hem ol döwlet Baştutanymyzy we Gahryman Arkadagymyzy, ähli türkmen halkyny Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli gutlady. Sahawatly toprakda ýaýbaňlandyrylan baýramçylyk dabaralary ganatly bedewlere bolan ählihalk söýgüsiniň aýdyň nyşanydyr. Žoel Buzu şu ajaýyp mümkinçilikden peýdalanyp, hormatly Prezidentimize Monako Knýazlygynyň Şazadasy Alber II-niň hem-de Şagyzy Stefaniýanyň iberen mähirli salamyny we hoşniýetli arzuwlaryny ýetirdi.

Hormatly Prezidentimiz gutlaglar we hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, öz gezeginde, Monako Knýazlygynyň Şazadasy Alber II-ä we Şagyzy Stefaniýa mähirli salamyny, olara berk jan saglyk, abadançylyk baradaky iň gowy arzuwlaryny ýetirmegini Žoel Buzudan haýyş etdi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda Türkmen bedewiniň milli baýramynyň giňden bellenilýän günlerinde Monako Knýazlygynyň Şazadasynyň geňeşçisini kabul edýändigine şatdygyny aýtdy. Ahalteke bedewleri dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegidir. “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary şu ýylyň ýanwarynda Monakonyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda uly üstünlik gazandy. Bu baradaky gürrüňi dowam edip, hormatly Prezidentimiz Türkmenistan bilen Monako Knýazlygynyň arasynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň deňhukuklylyk we birek-birege hormat goýmak ýörelgeleri esasynda alnyp barylýandygyny belledi.

Duşuşygyň dowamynda jenap Žoel Buzu Türkmenistan bilen sport ulgamyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge taýýardygyny aýdyp, ýakynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidentiniň Monako Knýazlygyna amala aşyran saparynyň ähmiýetine ünsi çekdi. Myhman bu saparyň örän netijeli geçendigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, saparyň çäklerinde geçirilen gepleşikleriň netijeleriniň ikitaraplaýyn gatnaşyklary täze mazmun bilen baýlaşdyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirildi.

Monako Knýazlygynyň Şazadasynyň geňeşçisi, Parahatçylyk we sport guramasynyň prezidenti we esaslandyryjysy Žoel Buzu dünýäde ygtybarly hyzmatdaş hökmünde ykrar edilen Türkmenistan bilen özara gatnaşyklary, hususan-da, sport ulgamy boýunça hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň özleri üçin uly hormatdygyny aýratyn nygtady.

Myhman tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, öz ýurdunyň ýolbaşçylaryna hormatly Prezidentimiziň aýdan salamyny we hoşniýetli arzuwlaryny ýetirjekdigine ynandyrdy.

Soňky habarlar
11.04
Türkmenistan ählumumy tagallalary birleşdirmäge goşant goşýar
11.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Energetika we howa boýunça halkara Wena forumyndaky ÇYKYŞY
11.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Awstriýa Respublikasyna saparynyň çäklerinde ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen söhbetdeşligi
11.04
Gahryman Arkadagymyz MAGATE-niň Baş direktory bilen duşuşdy
11.04
Gahryman Arkadagymyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary bilen duşuşygy
11.04
Gahryman Arkadagymyz UNIDO-nyň Baş direktory bilen duşuşdy
11.04
Gahryman Arkadagymyz Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti bilen duşuşdy
11.04
Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty
10.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi
10.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň jemleýji tapgyrynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
top-arrow