Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
Çap edildi 28.04.2025
1740

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow YHG-nyň durnukly ösüş boýunça ministrler derejesindäki birinji forumyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Asad Majid Hany kabul etdi.

Iri sebit guramasynyň ýolbaşçysy wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, YHG-nyň ykdysady ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berýändigini belledi. Şeýle-de Asad Majid Han guramanyň şu gezekki forumynyň ýokary guramaçylyk derejesini belledi we bu çäräni geçirmäge beren goldawlary üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz myhmany mähirli mübärekläp, YHG-nyň forumynyň sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge, özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmäge, Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmäge uly goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Köp ýyllaryň dowamynda bu gurama bilen hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi toplandy. Şunuň bilen baglylykda, YHG-a agza döwletler bilen söwda-ykdysady, energetika, ulag, ekologiýa, syýahatçylyk, medeniýet ýaly ugurlarda gatnaşyklary ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy.

Türkmenistan Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde öňe sürülýän başlangyçlary goldap, özara bähbitli taslamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýar. Ýurdumyz bu gurama bilen söwda-ykdysady, aýratyn-da, energetika pudagynda gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz tebigy gazyň uly gorlaryna eýe bolan ýurdumyzyň mawy ýangyjyň eksportyny diwersifikasiýalaşdyrmaga, şol sanda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletler bilen bu ugurda hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny belledi.

Geografik taýdan amatly ýerleşmegi Türkmenistanyň ulag-logistika ulgamyny ilerletmek üçin berk esas bolup durýar. Ulagyň dürli görnüşleriniň arabaglanyşygynyň üpjün edilmegi bu ugurda uly ähmiýete eýedir. Şoňa görä-de, köpugurly we sebit ähmiýetli Demirgazyk — Günorta, Gündogar — Günbatar halkara ulag geçelgelerini döretmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we ýurdumyzyň üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek boýunça taslamalara gatnaşmak babatda YHG-nyň anyk tekliplerine seretmäge taýýardygyny tassyklady.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Asad Majid Han birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Soňky habarlar
18.02
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň diplomatik işgärlerine
17.02
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
17.02
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
17.02
Türkmenistanda Indoneziýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
17.02
Ýylyň şygary Watanymyzyň ösüşiniň hatyrasyna belent sepgitlere ruhlandyrýar
17.02
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny gutlady
16.02
Türkmenistanyň Prezidenti BSGG-niň Ýewropa sebiti edarasynyň direktoryny kabul etdi
16.02
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna sapary
16.02
2025-nji ýylyň görkezijileri boýunça ýurdumyzyň iň gowy etraby sylaglanyldy
16.02
Aşgabatda ählumumy saglygy goraýyş ulgamynda diplomatiýa boýunça ýokary derejeli dialog öz işine başlady
top-arrow