Şu gün paýtagtymyzda «Halkara söwda we hyzmatlar» atly sergi-ýarmarka hem-de «Türkmenistanda halkara ülňülere laýyk gelýän hil üpjünçiligi» atly halkara maslahat öz işine başlady. Üç günläp dowam edýän forum önümleriň we hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmakda halkara hyzmatdaşlygy, özara bähbitli söwda gatnaşyklaryny ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri açýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzda bar bolan ägirt uly mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmagyň hasabyna ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak, täze önümçilik toplumlaryny döretmek, içerki bazary ýerli önümler bilen bolelin üpjün etmek boýunça öňdengörüjilikli başlangyçlarynyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde milli ykdysadyýetimiz okgunly ösüşe eýe bolýar. Giň gerimli özgertmeler maksatnamalarynyň çäklerinde daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan harytlaryň önümçiligi barha artyp, ýurdumyzyň eksport kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar. Şunda öndürilýän önümleriň ýokary halkara ölçeglere laýyk gelmegi möhüm talaplaryň biri bolup durýar.
Ýokary tehnologiýalara esaslanýan senagat düzümleriniň, kärhanalaryň yzygiderli gurulmagy ýokary hilli önümleriň öndürilmegini, iş şertleriniň gowulandyrylmagyny we ekologik abadançylygy üpjün edýär. Türkmenistana Bütindünýä Söwda Guramasynda “işjeň synçy” derejesiniň berilmegi dünýäniň häzirki zaman ykdysady ulgamynyň ýörelgelerini ornaşdyrmak, ýerli önümleriň halkara bazarlarda bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak üçin amatly mümkinçilikleri döredýär.
...Irden Söwda-senagat edarasynyň öňündäki meýdançada joşgunly aýdym-sazly çykyşlar ýaýbaňlandyryldy. Bu ýere Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri ýygnandylar. Hemmeler döwlet Baştutanymyzyň «Halkara söwda we hyzmatlar» atly sergi-ýarmarka hem-de «Türkmenistanda halkara ülňülere laýyk gelýän hil üpjünçiligi» atly halkara maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagyny üns bilen diňlediler. Hormatly Prezidentimiz bu giň möçberli çäreleriň halkara söwdany ösdürmekde, hyzmatlar ulgamyny kämilleşdirmekde, ylmyň we tehnologiýanyň gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmak esasynda ýokary hilli, ekologik taýdan arassa, halkara ülňülere laýyk gelýän harytlary dünýä bazarlarynda ilerletmekde uly ähmiýete eýe boljakdygyna ynam bildirdi.
Soňra çärä gatnaşýan köp sanly myhmanlar sergi-ýarmarkada ýaýbaňlandyrylan diwarlyklar bilen tanyşdylar. Olarda görkezilýän dürli görnüşli baý harytlar ýurdumyzda ykdysady özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýany bolup, bu ýere gelýänlerde uly gyzyklanma döredýär.
Sergi-ýarmarka we halkara maslahata ýurdumyzyň döwlet hem-de hususy düzümleri bilen bir hatarda, daşary ýurtlaryň 30-dan gowragyndan, şol sanda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan, Awstraliýadan, Serbiýadan, Slowakiýadan, Şweýsariýadan, Şwesiýadan, Ysraýyldan, Azerbaýjandan, Latwiýadan, Malaýziýadan, Oman Soltanlygyndan, Hytaýdan, Koreýa Respublikasyndan, Polşadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Russiýadan, Belarusdan, Türkiýeden, Gazagystandan, Germaniýadan, Niderlandlardan, Italiýadan, Özbegistandan, Täjigistandan, Gyrgyzystandan, Mongoliýadan, Müsürden, Beýik Britaniýadan, Ýaponiýadan, Hindistandan wekiller gatnaşýarlar. Olaryň köpüsi sergide öz iş ugurlary bilen ýakyndan tanyşdyrýan sergi diwarlyklaryny hem ýaýbaňlandyrdylar. Halkara hil ölçeglerini sertifikatlaşdyryş guramalary we maliýe düzümleri, dürli ugurlara degişli harytlaryny türkmen bazaryna hödürleýän, şol sanda Türkmenistanda ozaldan işläp gelýän kompaniýalar şolaryň hataryndadyr.
Ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň kompaniýalarynyň 140-dan gowragy hem-de halkara düzümler öz işleridir hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri bilen bu ýere gelýänleri tanyşdyrýar. Söwda toplumyna degişli döwlet edaralarynyň — Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, Söwda-senagat edarasynyň, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň, Arkadag şäheriniň Söwda müdirliginiň diwarlyklarynda bu düzümler tarapyndan alnyp barylýan işler, sanly we maglumat tehnologiýalarynyň esasynda söwda amallarynyň täzeçil usulda ýerine ýetirilişi barada giňişleýin maglumat berilýär. “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň diwarlygynda ýurdumyzda öndürilýän önümleri sertifikatlaşdyrmak babatda iş ugurlary, kalibrleme tehnologiýalary bilen tanyşmak bolýar.
Sergi-ýarmarkada ISO, “Halal”, ESG, GMP, “GLOBALG.A.P” ýaly halkara sertifikatlaşdyryş düzümleriniň iş aýratynlyklary hakynda-da gürrüň berilýär. Olar diňe bir öndürilýän önümleriň hiline, howpsuzlygyna we ekologik taýdan arassalygyna däl, eýsem, harytlary öndürýän kärhananyň önümçilik tehnologiýalarynyň, işgärler düzümleriniň hünär derejesiniň yzygiderli kämilleşdirilýändigine, daşky gurşawa howpsuz çemeleşilýändigine we beýleki aýratynlyklara görä kepil geçýärler. Kärhanalarda halkara standartlaryň berjaý edilmegi olaryň harytlarynyň dünýäniň talapkär sarp edijileriniň arasynda uly islegden peýdalanmagyna, önümçiligiň gerimini giňeltmäge, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge uly mümkinçilikleri döredýär.
Hususy pudagy ösdürmek, milli ykdysadyýetde onuň eýeleýän ornuny ýokarlandyrmak, telekeçilik başlangyçlaryny goldamak Türkmenistanyň durmuş ugurly syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu babatda alnyp barylýan giň gerimli işler türkmen işewürlerini daşary döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmäge, ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak ugrundaky tagallalara mynasyp goşant goşmaga höweslendirýär. “Açyk gapylar” syýasatynyň çäklerinde Diýarymyzyň telekeçilerine daşary ýurtlaryň işewürleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek üçin ähli zerur şertler döredilýär. Muňa Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramyna beslenýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçirilýän halkara çäreleriň mysalynda-da aýdyň göz ýetirmek bolýar. Şu gezekki sergi-ýarmarka we halkara maslahat hem milli ykdysadyýetde hususy pudagyň paýynyň barha artýan häzirki şertlerinde döwlete dahylly düzümler bilen birlikde, hususy kärhanalara öndürýän önümlerini we hödürleýän hyzmatlaryny dünýä bazarlaryna çykarmak, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek, önümçilige halkara hil standartlarynyň ornaşdyrylmagynda halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi üçin amatly şertleri döredýär. Şunda şu ýyl ýurdumyzyň jemi içerki önüminiň düzüminde hususy pudagyň paýyny 71,6 göterime ýetirmegiň göz öňünde tutulýandygy bellärliklidir.
Sergide “Hasar”, “Täze Aý” hojalyk jemgyýetleriniň konditer we beýleki azyk önümleri, “Bereketli”, “Sahabatly” hojalyk jemgyýetleriniň, “Ak toprak” hususy kärhanasynyň et, şöhlat we süýt önümleri görkezilýär. Kärhanalaryň mynasyp bolan ISO we HACCP, “Halal” halkara güwänamalary olaryň azyk önümleriniň hiliniň ýokarydygyna, ekologik taýdan howpsuzdygyna şaýatlyk edýär. Oba hojalyk önümlerini öndüriji telekeçilerdir daýhan hojalyklary döwletimiz tarapyndan döredilýän amatly şertlerden netijeli peýdalanmak bilen, bakja, gök we miwe önümleriniň, ekzotik önümleriň önümçiligini yzygiderli artdyrýarlar. Olar bu önümler bilen ýurdumyzyň sarp edijilerini bolelin üpjün etmek bilen bir hatarda, güneşli topragymyzda ösdürilip ýetişdirilen gök we bakja önümlerini daşary ýurtlara hem iberýärler. “Owadan ülke” hojalyk jemgyýeti, “Erkin miweçilik”, “Altyn tug” hususy kärhanalary, “Tebigy ekin” daýhan hojalygy ösdürip ýetişdirýän ekologik taýdan arassa önümlerini sergä gelýänlere hödürleýär.
«Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasy tarapyndan öndürilýän çaga iýmitleriniň görnüşleri-de myhmanlaryň uly gyzyklanmalaryna eýe bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen döredilen kärhana diňe bir çaga iýmitlerini däl, lukmançylyk we arassaçylyk işlerinde ulanylýan serişdeleri hem öndürýär. Kärhanada öndürilýän önümlere «Hil menejmentiniň ulgamy» diýen ugur boýunça TDS ISO 9001 güwänamasynyň berilmegi olaryň ýokary hil derejesini tassyklaýar.
Gözden geçirilişde miwe suwlaryny, alkogolsyz içgileri öndürýän kärhanalara-da möhüm orun berilýär. Şolaryň hatarynda “Arçalyk”, “Sada suw”, “Çäksiz lezzet”, “Ak ýaprak” hojalyk jemgyýetleriniň, “Parahat” hususy kärhanasynyň diwarlyklary bar. Bu ýerde ýurdumyzyň we daşary döwletleriň elektron söwda platformalarynyň aýratynlyklary, hödürleýän hyzmatlary bilen hem tanyşdyrylýar. Birnäçe hususy kärhanalar senagatda we gurluşykda gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyrýar. Şunuň bilen baglylykda, “Şanly bedew” hojalyk jemgyýeti polat we profil önümleriniň önümçiliginde, “Ak gaýa” hojalyk jemgyýeti boýag, emulsiýa serişdelerini öndürmekde, “Ýedidogan nur” hojalyk jemgyýeti önümleri gaplamakda, “Rysgally nesip” hojalyk jemgyýeti dürli görnüşli yşyklandyryjylary taýýarlamakda bar bolan kuwwatlyklaryny görkezýär.
Ýurdumyzyň dokma senagatyna degişli bölüm gözden geçirilişiň aýratyn bölegini emele getirýär. Bu ýerde Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň dokma toplumlary tebigy çig maldan taýýarlanylan ýokary hilli dokma önümlerini hödürleýär. Ýokary tehnologik enjamlar ornaşdyrylan dokma kärhanalarynyň yzygiderli gurulmagy netijesinde pudagyň öndürýän önümleriniň görnüşleri yzygiderli artýar. Şu gezekki sergä Better Cotton, Oeko-Tex halkara standart guramalarynyň wekilleriniň hem gatnaşýandygy bellärliklidir. Munuň özi geljegi uly bu pudakda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak üçin amatly şertleri döredýär.
Bu ýerde “Abadan haly” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýokary tehnologiýalary ulanmak arkaly täzeçil usulda öndürýän, milli haly nagyşlary şekillendirilen halylarynyň görnüşlerini hem synlamak bolýar. “Gerçek ýigit”, “Gök saraý” ýaly hususy kärhanalar-da köp sanly beýleki işewürler bilen bir hatarda, dokma önümleri bilen tanyşdyrýar. Milli lybaslary, öý, iş ýerleri üçin bezeg serişdelerini we dynç almak üçin esbaplary taýýarlaýan telekeçileriň işleri-de uly gyzyklanma döredýär.
Sergi-ýarmarka daşary ýurtlaryň kompaniýalary we ilçihanalar hem işjeň gatnaşyp, türkmen bazaryna hödürleýän harytlarydyr hyzmatlary bilen tanyşdyrýar. Bu ýerde Germaniýanyň “Bosch” kompaniýasynyň hojalyk tehnikalaryny synlap, “Messe Frankfurt” kompaniýasynyň halkara çäreleri guramakda alyp barýan işleri bilen ýakyndan tanşyp bolýar. Beýik Britaniýanyň, Italiýanyň, Özbegistanyň ilçihanalarynyň diwarlyklarynda türkmen tarapy bilen geljegi uly hyzmatdaşlygyň ugurlary barada giňişleýin gürrüň berilýär. Şu gezekki sergi Türkiýäniň, Malaýziýanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerinde bilim almak isleýän ýaşlara giňişleýin maglumat almak üçin hem amatly şertleri döredýär. Bu ýerde ýaýbaňlandyrylan sergi diwarlyklarynda bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri giňişleýin tanyşdyrylýar.
Umuman, bu sergi-ýarmarka dürli ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň kompaniýalaryna amatly şertleri döredýär. Halkara forum dürli çärelere baý maksatnamasy bilen hem tapawutlanýar. Onuň çäklerinde eksporty ösdürmek, sanly marketing we sertifikasiýa talaplary ýaly meseleler boýunça halkara hünärmenleriň maslahat beriş hyzmatlary hödürlenilýär. Şeýle hem sergä gatnaşyjylaryň arasynda milli önümlere we hyzmatlara hil, meşhurlyk taýdan baha bermek bäsleşigi geçirilýär. Mundan başga-da, aşpezlik, gül bilen bezemek sungaty ýaly ugurlarda hünärmenleriň ussatlyk çykyşlary guralýar.
Günüň ikinji ýarymynda Söwda-senagat edarasynyň maslahatlar zalynda «Türkmenistanda halkara ülňülere laýyk gelýän hil üpjünçiligi» atly halkara maslahat öz işine başlady. Onda ýokary tehnologiýalar bilen üpjün edilen kärhanalary döretmek, bar bolanlarynyň işini döwrebaplaşdyrmak, önümleri halkara hil ölçeglerine laýyk sertifikatlaşdyrmak, eksport işini ösdürmek ýaly ugurlarda özara pikir alyşmalara giň orun berildi.
Maslahata gatnaşyjylaryň belleýişleri ýaly, oňyn Bitaraplyk syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirýän Türkmenistanda işewürligi ösdürmek, maýa goýumlary çekmek, daşary ýurt kompaniýalarynyň iş alyp barmagy üçin döredilýän amatly şertler milli ykdysadyýetiň has-da kuwwatlanmagyna, onuň dünýä bazar gatnaşyklary şertlerine çalt depginde uýgunlaşmagyna ýardam edýär. Munuň özi Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda amala aşyrylýan özgertmeleriň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň görkezijisidir. Ýurdumyzyň ykdysadyýetini dünýä ölçeglerine laýyklykda döwrebaplaşdyrmakda, täze tehnologiýalary, innowasiýalary we ylmyň soňky gazananlaryny ornaşdyrmakda halkara hyzmatdaşlygyň ähmiýeti örän uludyr. Şunda Diýarymyzda geçirilýän iri forumlar özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda giň mümkinçilikleri açýar. Halkara maslahata gatnaşýan daşary ýurtly myhmanlar Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ýeten sepgitleri, ýurduň önümçilik pudagynda gazanan üstünlikleri bilen ýakyndan tanyşmakda ajaýyp meýdança öwrülen çärelere gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.
Häzirki döwürde ykdysadyýetiň möhüm ugurlary bolan ýangyç-energetika, gurluşyk, senagat, himiýa, ulag-aragatnaşyk pudaklarynda durmuşa geçirilýän iri taslamalara halkara guramalar tarapyndan ýokary baha berilýär. Şolaryň amala aşyrylmagyna ýurdumyzyň hususy telekeçileriniň işjeň gatnaşmagy olaryň ýokary halkara ülňülere laýyk gelýän hyzmatlary hödürlemäge ukyply möhüm düzüme öwrülýändiklerini görkezýär. Maslahatda ýurdumyzyň kärhanalarynyň hödürleýän önümlerini we hyzmatlaryny halkara ülňülere laýyklykda sertifikatlaşdyrmak boýunça hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary barada çykyşlar diňlenildi. Halkara ülňüleriň söwdany ösdürmekdäki, maýa goýumlary çekmekdäki orny, elektron eksport, erkin ykdysady zolaklar üçin ülňüler, işewürlik üçin amaly ädimler halkara maslahatyň dowamynda ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň hatarynda boldy. Nygtalyşy ýaly, «Türkmenistanyň 2021 — 2030-njy ýyllar üçin daşary söwda Strategiýasyna» laýyklykda, milli söwda nyşanly harytlaryň täze görnüşlerini öndürmek, olary daşary ýurtlarda giňden mahabatlandyrmak boýunça möhüm wezipeler öňde goýuldy. Ýurdumyz «Türkmenistanda öndürilen» nyşanly harytlary öndürmekde we ýokary hilli hyzmatlary amala aşyrmakda uly kuwwata eýe bolan döwlet hökmünde dünýä bileleşiginde öz ornuny barha berkidýär.
Oba hojalygynda howpsuzlygy üpjün etmek boýunça «GLOBALG.A.P.» ülňüleriniň ähmiýeti hem-de olaryň Türkmenistanda we Merkezi Aziýada ornaşdyrylyşy, organiki şahadatnamalaryň görnüşleri, oba hojalygynda ESG ölçeglerini ornaşdyrmagyň tejribesi maslahatyň ýörite bölümçesinde giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň işewürlerine döwlet tarapyndan goldawlar berlip, olaryň netijeli işlemegi üçin amatly şertler döredilýär. Bu çäreler oba hojalygynda, azyk senagatynda önümçilikleriň netijeliligini artdyrmaga, içerki bazary dürli görnüşli azyk önümleri bilen ygtybarly üpjün etmäge, olaryň eksportyny yzygiderli artdyrmaga gönükdirilendir. Daşary ýurt kompaniýalarynyň, halkara sertifikatlaşdyryş düzümleriniň wekilleri çykyşlarynda türkmen kärhanalary bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlyk we onuň oňyn netijeleri barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Sergi-ýarmarka we halkara maslahat öz işini 1-nji maýda tamamlar. Halkara maslahatyň çäklerinde geçiriljek «Ýangyç-energetika pudagynda sertifikatlaşdyryş», «Azyk senagaty», «Dokma we ýeňil senagat», «Maglumat tehnologiýalary we startaplar üçin ülňüler», «Merkezi Aziýa sebitinde söwda, ülňüler, sertifikatlaşdyryş we akkreditasiýa meseleleri» atly bölümçelerde gyzyklanma bildirilýän ugurlarda bar bolan mümkinçilikler, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljegi giňişleýin ara alnyp maslahatlaşylar. Halkara çäreleriň dowam edýän günlerinde ýurdumyzyň işewür düzümleriniň we daşary ýurtlaryň kompaniýalarynyň, sertifikatlaşdyryş guramalarynyň arasynda birnäçe duşuşyklaryň geçirilmegi, hyzmatdaşlyk boýunça resminamalaryň baglaşylmagy göz öňünde tutulýar.
Sergi-ýarmarkanyň we maslahatyň köp sanly daşary ýurtly wekilleri türkmen paýtagtynda jemlemegi hem-de giň mazmunly maksatnamasy onuň ýurdumyzyň söwda we hyzmatlar ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmekde möhüm waka öwrüljekdigini tassyklaýar.