Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek halkara maslahata görülýän taýýarlyk işleriniň barşy bilen tanyşdy
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek halkara maslahata görülýän taýýarlyk işleriniň barşy bilen tanyşdy
Çap edildi 01.05.2025
2163

Şu gün Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň geçiriljek ýerindäki gurluşyk we abadanlaşdyryş işleri bilen tanyşdy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyza gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň şekil taslamalary görkezildi.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyz soňky ýyllarda oňyn halkara başlangyçlar bilen çykyş edip, parahatçylygy we durnukly ösüşi goldamagyň möhüm guraly hökmünde Bitaraplyk ýörelgelerini yzygiderli ilerledýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň Milletler Bileleşigi tarapyndan ykrar edilmeginiň 30 ýyllygy giňden baýram edilýär. Munuň özi halkymyzyň belent ynsanperwer ýörelgelerine esaslanýan hemişelik Bitaraplygyň parahatçylyk, durnukly ösüş ýaly umumadamzat gymmatlyklaryny ilerletmek babatda BMG bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli berkitmegiň şanly wakalaryna beslenen şöhratly ýoluny alamatlandyrýar. 2025-nji ýylyň 11-nji aprelinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde «BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny geçirmegiň tertibine goşmaça maglumat» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi ýurdumyzyň öňe sürýän başlangyçlarynyň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilýändiginiň we olaryň halkara giňişlikde uly ähmiýete eýediginiň nobatdaky beýanyna öwrüldi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz şu ýylyň möhüm wakalarynyň biri boljak bu halkara maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi üçin ähli zerur çäreleriň görülmelidigini belledi we bu babatda degişli tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz ýokary derejeli halkara maslahatyň geçirilmegi bilen baglylykda, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ekiljek bag nahallarynyň, bezeg gülleriniň görnüşleri bilen tanyşdy. Hazar deňziniň türkmen böleginiň ekologik taýdan has arassa bolmagy bu ugurda Diýarymyzda durmuşa geçirilýän yzygiderli işleriň oňyn netijesidir. Hazaryň kenarynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň döredilmegi muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Munuň özi bu sebitiň şypahana mümkinçiliklerini peýdalanyp, ony iri halkara syýahatçylyk merkezine öwürmäge gönükdirilendir. Hazar deňziniň tämiz howaly kenarynda döredilen zolakda ildeşlerimiziň we daşary ýurtly myhmanlaryň oňaýly dynç almagy, bu ýeriň özboluşly tebigy aýratynlyklary bilen tanyşmagy üçin ähli mümkinçilikler döredilýär.

Döwlet Baştutanymyz täsin şypahana zolagynyň halkara maslahata gatnaşmaga geljek köp sanly daşary ýurt wekiliýetlerinde ýakymly täsirleri galdyrmalydygyny nygtap, daş-töweregiň abadanlaşdyrylmagy, arassaçylyk işleri, ekiljek bag nahallarynyň, gülleriň bitewi sazlaşygynyň üpjün edilmegi babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňky habarlar
17.07
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gruziýa döwlet sapary tamamlandy
17.07
Ata-babalarymyzyň asylly däplerine eýerip
16.07
Türkmenistanyň Prezidentiniň Gruziýa döwlet sapary başlandy
16.07
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen-gruzin işewürlik maslahatyndaky çykyşy
16.07
Halklary ýakynlaşdyrýan köpri
15.07
Döredijilik we ösüş ýoly bilen belent sepgitlere tarap
15.07
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak hakynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň KARARY
15.07
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparyny döretmek hakynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň KARARY
15.07
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi
15.07
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
top-arrow