Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Balkanabat Halkara howa menziliniň açylyş dabarasyndaky çykyşy
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Balkanabat Halkara howa menziliniň açylyş dabarasyndaky çykyşy
Çap edildi 02.05.2025
1658

Hormatly dabara gatnaşyjylar!

Eziz watandaşlar!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni taryhy wakalara, zähmet üstünliklerine beslenýär. Ynha, şu gün hem Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň rowaçlyklara beslenýän günlerinde Balkanabat Halkara howa menziliniň açylyş dabarasyna gatnaşýarys.

Hormatly adamlar!

Hormatly dabara gatnaşyjylar!

Men siziň ähliňizi bu döwrebap Halkara howa menziliniň açylyp ulanmaga berilmegi bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Hormatly adamlar!

Berkarar Watanymyzda ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagyna, halkymyzyň hal-ýagdaýynyň has-da gowulanmagyna gönükdirilen tutumly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň», şeýle hem ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň esasynda milli ykdysadyýetimiziň ulgamlaryny, şol sanda ulag-kommunikasiýa pudagyny ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär.

Ýurdumyzda ulag ulgamynyň möhüm bölegi bolan raýat awiasiýasyny ösdürmek boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär. Täze uçarlar yzygiderli satyn alynýar. Bu ugurda halkara derejeli hünärmenler taýýarlanylýar. Howa menzillerinde döwrebap şertler döredilýär. Gadymy Balkan topragynda şu gün açylyp ulanmaga berilýän döwrebap Balkanabat Halkara howa menzili hem bu ugurda alyp barýan işlerimiziň aýdyň mysalydyr. Täze howa menzili howa ulaglary arkaly ýolagçy gatnatmagy we ýük daşamagy ýokary derejede amala aşyrmagy üpjün eder hem-de sebitde häzirki zaman üstaşyr ulag üpjünçilik ulgamyny döretmegiň möhüm bölegi bolar.

Hormatly adamlar!

Hormatly dabara gatnaşyjylar!

Taryhda biziň ýurdumyzyň çäklerinden geçen Beýik Ýüpek ýoly halklaryň arasyndaky dost-doganlyk, şeýle-de söwda gatnaşyklaryny berkitmekde wajyp wezipäni ýerine ýetiripdir. Häzirki döwürde Bitarap Watanymyz täze ulag üpjünçilik desgalaryny gurup, Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeldýär. Diýarymyzyň ähli künjeklerinde döwrebap howa menzilleri, demir we awtomobil ýollary giň gerim bilen gurlup, halkyň hyzmatyna berilýär.

Hormatly dabara gatnaşyjylar!

Täze Halkara howa menziliniň ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň mümkinçiliklerini has-da giňeltjekdigine, dünýä döwletleri bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin amatly şertleri döretjekdigine berk ynanýaryn.

Hormatly dabara gatnaşyjylar!

Eziz watandaşlar!

Siziň ähliňizi we mähriban halkymyzy Balkanabat Halkara howa menziliniň açylyp ulanmaga berilmegi bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

(Balkanabat şäheri, 2025-nji ýylyň 2-nji maýy)

Soňky habarlar
30.12
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
30.12
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
30.12
Gahryman Arkadagymyz bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
30.12
Çagalar baradaky alada — döwlet syýasatynyň esasy ugry
29.12
Gahryman Arkadagymyz bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
29.12
Geljek ýylda ösüşiň belent sepgitlerine tarap
29.12
Ýurt garşy alsyn!
29.12
Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 5 million 972 müň dollaryndan gowrak boldy
27.12
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Täze ýyl dabaralaryna gatnaşdy
27.12
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
top-arrow