Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
Syýasat habarlary
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
Çap edildi 08.05.2025
87

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!

Sizi 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan, gahrymançylygyň we edermenligiň ajaýyp nusgasy hökmünde öçmejek şöhrata beslenen Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň Ýer ýüzünde parahatçylygyň hem-de dostlugyň pugtalandyrylmagyna ýardam berýän beýik başlangyçlaryňyzyň elmydama rowaç bolmagyny arzuw edýärin.

Hormatly Prezidentimiz!

Siziň alyp barýan parahatçylyk döredijilikli syýasatyňyz, pähim-parasatly, öňdengörüjilikli tagallalaryňyz netijesinde ýurdumyzyň häzirki gazanan uly üstünlikleri janyny aýaman söweşip, mukaddes Ýeňşi ýakynlaşdyran ähli türkmen esgerlerine dikilen belent heýkeldir. Türkmen halky edermenligiň belent nusgasyny görkezen merdana Watan goragçylaryny, ýakynlaryny söweşe ugradyp, tylda galan zenanlary, eneleridir uýalary hiç haçan unutmaz! Olaryň gahrymançylygy hem-de mertligi arzyly Ýeňşi gazanmakda uly ähmiýete eýe boldy we Garaşsyz Watanymyzyň gazanan üstünlikleriniň goragynda durýan häzirki nesiller üçin nusgalyk terbiýe mekdebi bolup hyzmat edýär. Siz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabyňyzda: «Watany söýmegiň beýik binýatly mekdebini döreden ata-babalarymyz öz maksatlaryny geljegiň bagtyýarlygy ugrundaky işleri amala aşyrmaklyga gönükdiripdirler» diýip, jaýdar belleýärsiňiz. Siziň baştutanlygyňyzda ýurdumyzda ýaşululara goýulýan çäksiz sylag-hormat, olaryň gahrymançylykly ömür ýoly baradaky hakyda jemgyýetde belent ynsanperwer ýörelgeleriň goralyp saklanmagyna, dabaralanmagyna ýardam berýär.

Ýeňiş güni eziz Diýarymyzyň ähli künjeklerinde nesillerde gaýduwsyzlygy, edermenligi, ynsanperwerligi terbiýeleýän şanly sene hökmünde döwlet derejesinde giňden bellenilip geçilýär. Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk şanly senesiniň dabaralandyrylýan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna gabat gelmegi aýratyn many-mazmuna eýedir. Paýtagtymyzdaky «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda, ýurdumyzyň şäherlerinde we obalarynda bina edilen ýadygärliklere gül desseleri goýlup, gahryman Watan ogullary hatyralanýar, olaryň edermenlikleri hem-de gaýduwsyzlyklary ebedileşdirilýär. Gazaply uruş ýyllarynda merdana pederlerimiziň — Watan goragçylarynyň söweşjeň edermenligi we ýanbermez ruhubelentligi nesilleriň kalbynda şan-şöhratly ýatlamalar bolup müdimi ýaşar.

Belent mertebeli Prezidentimiz!

Siziň Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylaryň görkezen deňsiz-taýsyz gahrymançylygyny hem-de uruş ýyllarynda tylda zähmet çeken, häzirki täze eýýamyň ýaraşygy bolan ak saçly enelerimiziň nusgalyk zähmetini hormatlap, olara gymmat bahaly sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşurmak hakynda Permana gol çekmegiňiz milli gahrymanlarymyz baradaky hakydany gorap saklamagyň we ebedileşdirmegiň ajaýyp nusgasydyr. Siziň parasatly baştutanlygyňyzda ýurdumyzda frontçularyň hem-de olaryň maşgala agzalarynyň zerurlyklaryna aýratyn üns-alada bilen garalýar. Milli gahrymanlarymyzyň atlary «Hatyra» we «Şöhrat» atly kitaplarda ebedileşdirildi. Weteranlara köp sanly ýeňilliklerden başga-da, durmuş taýdan goldaw hem berilýär.

Sarpasy belent Prezidentimiz!

Siziň garry ataňyz Berdimuhamet Annaýewiň Beýik Watançylyk urşuna gatnaşmagy aýratyn buýsançly ýagdaýdyr. Gahryman esgeriň durmuş ýoly Watanymyza, halkymyza gulluk etmegiň ajaýyp nusgasydyr. Beýik Watançylyk urşunda edermenlik, gaýduwsyzlyk görkezen Berdimuhamet Annaýewe Russiýanyň döwlet sylagynyň — «Edermenligi üçin» atly medalyň gowşurylmagy ýurdumyzda beýleki halklar bilen egin-egne berip, Beýik Watançylyk urşunda duşman bilen gaýduwsyz söweşen hem-de şanly Ýeňşe mynasyp goşandyny goşan türkmenistanly esgerlere çuňňur hormatyň nyşany hökmünde kabul edildi. Ussat mugallym, edermen esger Berdimuhamet Annaýewiň harby gulluk resminamalarynyň, gulluk eden polkunyň söweşjeň baýdagynyň paýtagtymyzdaky Berdimuhamet Annaýewiň adyny göterýän harby mekdebe gowşurylmagy Watanymyzyň azatlygy, geljek nesilleriň bagtyýarlygy ugrunda janlaryny pida eden ata-babalarymyzyň söweşjeň ýolunyň mynasyp dabaralanmagydyr.

Hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyz!

Sizi 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň şanly 80 ýyllygy mynasybetli türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, türkmen halkynyň asuda, eşretli durmuşynyň, nesillerimiziň nurana geljeginiň bähbidine alyp barýan döwletli işleriňiziň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärin. Goý, ata Watanymyz Türkmenistan parahat, halkymyz agzybir, asmanymyz asuda bolsun!

Sizi hormatlamak bilen,

Türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy,
Gahryman Arkadag Gurbanguly Berdimuhamedow.

Soňky habarlar
09.05
Türkmenistanda Ýeňiş güni bellenilýär
09.05
Türkmenistanyň Prezidenti Moskwada Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli geçirilýän dabaralara gatnaşýar
09.05
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
08.05
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
08.05
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
08.05
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
08.05
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Kanslerini gutlady
08.05
Türkmenistanda 2025-nji ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi
07.05
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
07.05
Türkmenistanyň Prezidenti “Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda” Karara gol çekdi
top-arrow