Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz BAE-niň wekilleri bilen duşuşdy
Syýasy habarlar
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz BAE-niň wekilleri bilen duşuşdy
Çap edildi 14.05.2025
998

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar ministri, Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) Baş direktory Soltan Ahmed Al-Jaber, BAE-niň energetika we infrastruktura ministri Suheýl Al Mazrui, Daşary işler ministrliginiň döwlet ministri Ahmed Al-Saýeg bilen duşuşdy.

Dostlukly ýurduň döwlet düzümleriniň wekilleri duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, BAE-de Türkmenistan bilen ýola goýlan gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilmegine uly ähmiýet berilýändigini bellediler hem-de pursatdan peýdalanyp, Birleşen Arap Emirlikleriniň ýolbaşçylarynyň Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny ýetirdiler. Şeýle-de dostlukly ýurduň wekilleri hormatly Prezidentimiz bilen geçirilen şu günki duşuşygyň möhüm ähmiýetini bellediler.

Türkmen halkynyň Milli Lideri doganlyk ýurt bolan Birleşen Arap Emirlikleriniň resmi wekiliýeti hökmünde Türkmenistana sapar bilen gelendikleri üçin myhmanlara minnetdarlyk bildirdi we bu saparyň halklarymyzyň arasyndaky ýakyn, ynanyşykly özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Gahryman Arkadagymyz Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýana, wise-prezidenti, Premýer-ministri, Dubaýyň häkimi Şeýh Mohammed bin Raşid Al Maktuma, wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýana iň gowy arzuwlaryny beýan edip, olary özleri üçin amatly wagtda Türkmenistana sapar bilen gelmäge uly hormat bilen çagyrýandygy baradaky sözlerini ýetirmegi myhmanlardan haýyş etdi.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Birleşen Arap Emirlikleri syýasy-ykdysady, durmuş üpjünçiligi ulgamlarynda Türkmenistanyň ygtybarly hyzmatdaşydyr. Halkara hem-de sebit gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça ýurtlarymyzyň garaýyşlary gabat gelýär ýa-da ýakyndyr. Bu bolsa dürli halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň, YHG-nyň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk etmäge mümkinçilik berýär.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Birleşen Arap Emirlikleriniň ýurdumyzyň dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy, durnuklylygy üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlaryny goldaýandygyna ýokary baha berilýändigini belläp, Türkmenistanyň hem, öz gezeginde, Emirlikler tarapyndan öňe sürlen teklipleri üýtgewsiz goldaýandygyny aýtdy. Syýasy-diplomatik ulgamdaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşmagyň dowamynda söhbetdeşler iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda yzygiderli geçirilýän geňeşmeleriň möhüm ähmiýetini bellediler we bu tejribäni dowam etdirmegiň zerurdygyny nygtadylar.

Energetika, ulag-kommunikasiýa, senagat, ýokary tehnologiýalar ýaly ulgamlar hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz türkmen-emirlikler gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmak maksady bilen, nebitgaz we himiýa ugurlary boýunça hökümetara topary döretmek baradaky teklibi beýan etdi.

Milli Liderimiz Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasy (ADNOC) bilen Türkmenistanyň arasynda uzak möhletleýin gatnaşyklaryň bardygyny we bu gün özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge gönükdirilen iki sany ykdysady ähmiýetli resminama — «Türkmennebit» döwlet konserni bilen Malaýziýanyň «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň hem-de BAE-niň «ADNOC Türkmenistan RSC Limited» kompaniýasynyň arasynda Şertnama, şeýle-de «Türkmengaz» döwlet konserni bilen Malaýziýanyň «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň we BAE-niň «ADNOC Türkmenistan RSC Limited» kompaniýasynyň arasynda Şertnama gol çekilendigini belledi we munuň özara bähbitli türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygyny has-da pugtalandyrjakdygyna berk ynam bildirdi.

BAE-niň wekilleri bu möhüm resminamalaryň uly ähmiýetini nygtadylar we ylalaşyklaryň gazanylmagyna beren goldawlary üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.

Milli Liderimiz ýakyn wagtda Emirlikler tarapy bilen Merkezi Aziýada, Hazar sebitinde we Owganystanda ulag-logistika ulgamyny ösdürmek babatda-da bilelikdäki işleriň alnyp baryljakdygyna ynam bildirdi.

Dostlukly ýagdaýda geçen duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler häzirki döwürde Türkmenistan bilen BAE-niň açyk we gyzyklanma bildirilýän gatnaşyklary alyp barýandyklaryny, ýurtlarymyzyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähli meseleleri boýunça deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, ynanyşmak ruhunda netijeli çözgütleri kabul edýändiklerini kanagatlanma bilen bellediler. Bu bolsa ýurtlarymyzyň doganlyk gatnaşyklarynyň many-mazmunyny häsiýetlendirýär.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň BAE bilen ýola goýlan berk binýatly gatnaşyklara ýokary baha berýändigini aýdyp, dostlukly ýurduň wekillerine iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Soňky habarlar
12.11
Paýtagtymyzda «Türkmentel – 2025» atly XVIII halkara sergi we ylmy maslahat hem-de «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – 2025» atly halkara maslahat we sergi geçirilýär
12.11
«Türkmentel — 2025» atly XVIII halkara sergä we ylmy maslahata hem-de «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2025» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
11.11
Türkmenistanyň Prezidenti Aziýanyň ösüş bankynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
11.11
Parahatçylyk we döredijilik konsepsiýasy — Bitarap Watanymyzyň ileri tutýan strategik ugry
11.11
Türkmenistanyň Prezidenti Polşa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
10.11
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
10.11
Aşgabat sanly ykdysadyýeti ösdürmek we logistika strategiýalaryny durmuşa geçirmek boýunça bilermenleriň gepleşigini kabul eder
10.11
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 5 million 506 müň dollaryndan gowrak boldy
09.11
Hasyl toýy mynasybetli Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
09.11
Sahawatly türkmen topragynyň şanyna baýramçylyk dabaralary
top-arrow