Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanda Litwa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
Syýasy habarlar
Türkmenistanda Litwa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
Çap edildi 15.05.2025
1984

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Litwa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Kestutis Waskelewiçusdan ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de döwletara gatnaşyklary berkitmek ugrunda alyp barjak işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekili, öz gezeginde, Litwa Respublikasynyň ýolbaşçylarynyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa iberen mähirli salamyny ýetirdi. Şeýle hem diplomat sebitde parahatçylyk dörediji merkez hökmünde ykrar edilen, ählumumy abadançylygyň bähbidine netijeli gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna goldaw berýän Türkmenistanda öz ýurduna wekilçilik etmegiň uly hormatdygyny belledi.

Duşuşygyň dowamynda diplomata ýurdumyzyň gyzyklanma bildirýän ýurtlar bilen deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegi esasy ugur edinýän döwlet syýasaty barada giňişleýin gürrüň berildi. Şeýle hem ilçi milli parlamentiň düzümi, onuň kanunçylygy döwrebaplaşdyrmak, konstitusion özgertmeleri geçirmek boýunça alyp barýan köpugurly işleri bilen tanyşdyryldy. Türkmenistan bilen Litwa Respublikasynyň arasynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda abraýly halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi boýunça pikir alyşmalar boldy.

Duşuşygyň ahyrynda ilçi dostluk, özara hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan döwletara dialogy giňeltmek üçin ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Ýurtlarymyzyň arasyndaky dostluk we özara düşünişmek gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam bermek maksady bilen, jenap Kestutis Waskelewiçusy Litwa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek kararyna geldim. Onuň ukyp-başarnyklary we ýokary şahsy häsiýetleri özüne ynanylan möhüm wezipäni Siziň Alyhezretiňiziň makullamagyna we hormatyna mynasyp derejede ýerine ýetirjekdigine ynam döredýär. Şunuň bilen baglylykda, Siziň Alyhezretiňizden onuň meniň adymdan hem-de Litwa Respublikasynyň Hökümetiniň adyndan ähli beýan etjeklerine doly ynanmagyňyzy haýyş edýärin.

Siziň Alyhezretiňize belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Gitanas NAUSEDA,
Litwa Respublikasynyň Prezidenti.

Soňky habarlar
14.10
2026-njy ýylyň sentýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
14.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
13.10
Türk­me­nis­tan äh­lu­mu­my aba­dan­çy­ly­gyň bäh­bi­di­ne kö­pu­gur­ly gatnaşyklary gi­ňeld­ýär
13.10
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
13.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
12.10
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
12.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
12.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
12.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 145 million 11 müň dollaryndan gowrak boldy
12.10
Türkmenistanyň Prezidenti Ispaniýanyň Patyşasyny gutlady
top-arrow