Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
Çap edildi 18.05.2025
1269

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!

Sizi Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda uly dabaralara beslenip bellenilýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak, mertebäňiziň hemişe belent bolmagyny, ata Watanymyzyň gülläp ösmegi, halkara abraýynyň belende galmagy ugrunda alyp barýan döwletli işleriňiziň mundan beýläk-de rowaçlyga beslenmegini arzuw edýärin.

Hormatly Prezidentimiz!

Siziň baştutanlygyňyzda ata Watanymyzyň özygtyýarlylygynyň, döwlet esaslarynyň hem-de demokratik ýörelgeleriniň bitewüligini, halk häkimiýetliliginiň köpasyrlyk däplerini alamatlandyrýan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni uly ruhubelentlikde bellenilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Konstitusiýamyz we Döwlet baýdagymyz häzirki bagtyýar günümiziň, beýik geljegimiziň kepili hökmünde dabaralanýar. Esasy Kanunymyzda öz beýanyny tapan parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgeleri, ýaşyl baýdagymyzyň meňzine ornan milli döwletlilik ýolumyzyň mizemezligi Siziň döwlet syýasatyňyzyň özenini düzýär. Bu syýasat eziz Watanymyzyň dünýädäki abraý-mertebesini has-da beýgeldýär.

Esasy Kanunymyz we ýaşyl tugumyz ýurdumyzyň baş döwlet nyşanlary bolmak bilen, halkymyzyň mizemez jebisligini, parahatçylyk, ynsanperwerlik, döredijilik taglymlaryna üýtgewsiz ygrarlydygyny alamatlandyrýar. Paýtagtymyzyň gözel künjeklerinde bina edilen Konstitusiýa binasy we Baş baýdak meýdançasy, döwlet ähmiýetli Arkadag şäherindäki, welaýatlaryň merkezlerindäki, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky belent sütünli baýdak meýdançalary bu gün Döwlet tugumyzyň mukaddesligini has-da dabaralandyrýar.

Belent mertebeli Prezidentimiz!

Siziň baştutanlygyňyzda ähli ugurlar bilen bir hatarda, ýurdumyzyň kanunçylyk ulgamy hem yzygiderli kämilleşdirilip, raýatlaryň hukuklary we azatlyklary kanun taýdan kepillendirilýär. Garaşsyz Türkmenistanyň Konstitusiýasy kanunçylygyň, raýatlaryň hukuklarynyň, azatlygynyň hem-de erkinliginiň berjaý edilişiniň, ýurdumyzyň ösüşiniň kepilidir. Türkmenistanyň Esasy Kanuny adamy jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy diýip yglan edip, raýatlaryň hukuklarynyň, azatlyklarynyň ygtybarly kepili, Watanymyzy gülledip ösdürmäge, halkymyzyň bagtyýar, abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen durmuş-ykdysady özgertmeleriň berk hukuk binýady bolup çykyş edýär.

Siziň taýsyz tagallalaryňyz bilen täze taryhy döwrümizde her bir raýat döwlet tarapyndan özi barada uly aladalaryň edilýändigini gündelik durmuşynda aýdyň görýär. Bilim almak, zähmet çekmek, erkin döredijilik, saglygy goramak, ruhy-medeni taýdan kämilleşmek babatda döredilýän mümkinçilikler, döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygynyň adam hökmünde ykrar edilýändiginiň güwäsidir.

Sarpasy belent Prezidentimiz!

Türkmenistanyň ýaşyl tugunyň özygtyýarly döwlet we dünýä bileleşiginiň doly hukukly agzasy hökmünde BMG-niň ştab-kwartirasynyň öňünde parlap durmagy merdana halkymyzyň kalbyna buýsanç, köňlüne ganat bagyşlaýar. Parahatçylygyň we ynanyşmagyň dabaralanýan ýurdy bolan Türkmenistanda Döwlet baýdagymyzyň saýasynda berkarar Watanymyz durnukly ösüşiň aýdyň ýoluna düşüp, syýasy, ykdysady we medeni ugurlarda okgunly ösýän abraýly ýurt hökmünde halkara giňişlikde ykrar edildi.

Hormatly Prezidentimiz!

Sizi Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyz sag, ömrüňiz uzak, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli döwletli başlangyçlaryňyz mundan beýläk-de rowaç bolsun! Goý, Türkmenistanyň Konstitusiýasy türkmen bagtynyň şamçyragy bolup, asyrlara ýalkym saçsyn! Watanymyzyň asudalygynyň, agzybirliginiň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň nyşany bolan Döwlet baýdagymyz elmydama belentde parlasyn!

Sizi hormatlamak bilen,

Türkmen halkynyň Milli Lideri, 
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, 
Gahryman Arkadag Gurbanguly Berdimuhamedow  

Soňky habarlar
12.11
«Türkmentel — 2025» atly XVIII halkara sergä we ylmy maslahata hem-de «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2025» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
11.11
Türkmenistanyň Prezidenti Aziýanyň ösüş bankynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
11.11
Parahatçylyk we döredijilik konsepsiýasy — Bitarap Watanymyzyň ileri tutýan strategik ugry
11.11
Türkmenistanyň Prezidenti Polşa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
10.11
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
10.11
Aşgabat sanly ykdysadyýeti ösdürmek we logistika strategiýalaryny durmuşa geçirmek boýunça bilermenleriň gepleşigini kabul eder
10.11
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 5 million 506 müň dollaryndan gowrak boldy
09.11
Hasyl toýy mynasybetli Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
09.11
Sahawatly türkmen topragynyň şanyna baýramçylyk dabaralary
09.11
Çagalar — Watanymyzyň geljegi
top-arrow