Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
«Parahatçylyk sazy» atly halkara festiwala gatnaşyjylara
Syýasy habarlar
«Parahatçylyk sazy» atly halkara festiwala gatnaşyjylara
Çap edildi 19.05.2025
1301

Hormatly halkara festiwala gatnaşyjylar!
Gadyrly myhmanlar!

Sizi Aşgabat şäherinde geçirilýän «Parahatçylyk sazy» atly halkara festiwalyň açylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, uzak ömür, döredijilik üstünliklerini arzuw edýärin.

Häzirki döwürde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda ähli ugurlar boýunça belent sepgitlere ýetilýär, halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyna, ýurdumyzyň gülläp ösmegine gönükdirilen iri möçberli döwlet maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar. Geçen ýylda Türkmenistanyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi berkarar döwletimiziň halkara abraýyny has-da belende göterdi. Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzyň durmuşyndaky şanly wakalar agzybir watandaşlarymyzy beýik işlere ruhlandyrýar.

Garaşsyz döwletimiziň dünýäde ählumumy parahatçylygy, agzybirligi berkitmäge gönükdirilen asylly başlangyçlary halkara bileleşikde giň goldawa eýe bolýar. Häzirki döwürde medeni-ynsanperwer ulgamda halkara hyzmatdaşlygy kämilleşdirmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrülýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda «Parahatçylyk sazy» atly halkara festiwalyň geçirilmegi hem aýratyn ähmiýete eýedir.

Hormatly adamlar!
Gadyrly myhmanlar!

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitabynda halkymyzyň dost-doganlyga, parahatçylyga, hoşniýetli gatnaşyklara goýýan hormat-sarpasynyň milli sungatymyzda çeper şöhlelenýändigini belleýär. Bu halkara festiwalyň «Parahatçylyk sazy» diýlip atlandyrylmagynda hem-de onuň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçirilmeginde uly many bar. Sungat dünýä halklaryny hemişe biri-birine ýakynlaşdyryp gelýär. Sungatyň güýji häzirki döwürde medeniýetleri we köňülleri birleşdirmegiň berk binýadyna öwrüldi. Hut şonuň üçin hem «Parahatçylyk sazy» atly halkara festiwalyň geçirilmegi Türkmenistan bilen dünýä döwletleriniň dost-doganlyk gatnaşyklarynyň barha ösdürilýändiginiň, medeni-ynsanperwer ulgamda halkara hyzmatdaşlygyň netijeli kämilleşdirilýändiginiň aýdyň güwäsidir.

«Parahatçylyk sazy» atly halkara festiwalyň çäginde guraljak konsertler, döredijilik duşuşyklary, ussatlyk sapaklary bu iri medeni çäräniň ähmiýetini has-da ýokarlandyrar. Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň meşhur sungat ussatlarynyň bilelikde ýerine ýetirmeklerinde ajaýyp aýdym-sazlar parahatçylygyň, dost-doganlygyň, agzybirligiň belent waspy bolup ýaňlanar. Ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň kompozitorlary, dirižýorlary, sungat ussatlary, sazandalary festiwalyň dowamynda sungat äleminde gazanan üstünlikleri bilen birek-biregi tanyşdyrarlar, özara tejribe alşarlar. Myhmanlaryň paýtagtymyzyň gözellikleri, halkymyzyň milli medeni mirasy, şol sanda muzeý gymmatlyklary bilen ýakyndan tanyşmagy üçin hem giň mümkinçilikler dörediler.

Hormatly halkara festiwala gatnaşyjylar!

Häzirki döwürde Türkmenistanda aýdym-saz sungatyny ösdürmek, täze, döwrebap eserler bilen baýlaşdyrmak ugrunda uly işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda aýdym-saz sungatyny ösdürmäge gönükdirilen ýokary, ýörite we orta hünär okuw mekdepleriniň ençemesi hereket edýär. Olarda aýdym-saz sungatynyň inçe syrlaryny öwrenmek, aýdym aýtmak, saz çalmak, kompozitorçylyk eserlerini döretmek babatda giň mümkinçilikler bar.

Häzirki wagtda biz milli medeniýetimizi we sungatymyzy kämilleşdirmek, medeni ulgamda halkara hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek ugrunda tutumly işleri alyp barýarys. Ýurdumyzda yzygiderli geçirilýän halkara festiwallar, konsertler, döredijilik forumlary türkmen halkynyň medeniýetde we sungatda gazanan üstünliklerini giňden wagyz etmekde, halkymyzy täze üstünliklere ruhlandyrmakda, dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklarymyzy ilerletmekde uly ähmiýete eýedir. «Parahatçylyk sazy» atly halkara festiwalyň hem dünýä halklarynyň medeni-ruhy gymmatlyklaryny wagyz etmäge, medeniýet we sungat işgärleriniň arasynda döredijilik gatnaşyklaryny kämilleşdirmäge ýardam berjekdigine ynanýaryn.

Gadyrly myhmanlar!
Hormatly watandaşlar!

Sizi «Parahatçylyk sazy» atly halkara festiwalyň dabaraly açylmagy mynasybetli ýene bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize berk jan saglyk we uzak ömür, sungat äleminde uly üstünlikleri gazanmagyňyzy arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Soňky habarlar
12.11
«Türkmentel — 2025» atly XVIII halkara sergä we ylmy maslahata hem-de «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2025» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
11.11
Türkmenistanyň Prezidenti Aziýanyň ösüş bankynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
11.11
Parahatçylyk we döredijilik konsepsiýasy — Bitarap Watanymyzyň ileri tutýan strategik ugry
11.11
Türkmenistanyň Prezidenti Polşa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
10.11
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
10.11
Aşgabat sanly ykdysadyýeti ösdürmek we logistika strategiýalaryny durmuşa geçirmek boýunça bilermenleriň gepleşigini kabul eder
10.11
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 5 million 506 müň dollaryndan gowrak boldy
09.11
Hasyl toýy mynasybetli Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
09.11
Sahawatly türkmen topragynyň şanyna baýramçylyk dabaralary
09.11
Çagalar — Watanymyzyň geljegi
top-arrow