Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Halkara agyr atletika federasiýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Halkara agyr atletika federasiýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Çap edildi 20.05.2025
1703

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Halkara agyr atletika federasiýasynyň ýolbaşçysy Mohammed Jaludy kabul etdi.

Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, sport ulgamynda uly ösüşleri gazanýan Türkmenistana sapar bilen gelmegiň özi üçin uly hormatdygyny belledi. Ol 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna, 2018-nji ýylda Agyr atletika boýunça dünýä çempionatyna gatnaşmak maksady bilen Aşgabada gelendigini we bu saparlaryny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýtdy. Myhmanyň belleýşi ýaly, ak mermerli Aşgabadyň gaýtalanmajak gözel keşbi ýatdan çykmajak täsirleri galdyrýar.

Döwlet Baştutanymyz iri sport guramasynyň ýolbaşçysyny myhmansöýer türkmen topragynda mähirli mübärekläp, onuň bu saparynyň dowamynda Türkmenistan bilen Halkara agyr atletika federasiýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny hem-de geljekki ösüşini ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik boljakdygyna ynam bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, Türkmenistan sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär. Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, ýaşlary bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmaga höweslendirmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Sporty ösdürmek, halkara sport hyzmatdaşlygyny giňeltmek ugrunda döwlet derejesinde tagallalar edilýär. Türkmenistan Halkara Olimpiýa komiteti, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi, ýöriteleşdirilen federasiýalar we beýleki abraýly halkara guramalar bilen gatnaşyklary saklaýar. Bu bolsa Diýarymyzda sport diplomatiýasynyň giňden goldanylýandygyny aýdyň görkezýär.

Türkmenistan Halkara agyr atletika federasiýasynyň işjeň agzasy bolup durýar. 2018-nji ýylda Aşgabatda üstünlikli geçirilen Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty munuň aýdyň mysalydyr. Bu oýunlar türkmen topragynda sportuň ösüşine has-da itergi berip, Aziýa yklymynda sport hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga goşant goşdy. Federasiýanyň ýolbaşçysy Türkmenistanda döredilen döwrebap sport infrastrukturasynyň dünýä derejesindäki ýaryşlary geçirmäge, ýokary derejeli türgenleri taýýarlamaga mümkinçilik berýändigini belledi we sporty ösdürmäge berýän yzygiderli ünsi üçin hormatly Prezidentimize, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hoşallyk bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz şu duşuşygyň sport hyzmatdaşlygyny täze derejä çykarmak we Halkara agyr atletika federasiýasynyň ösüşine goşant goşmak babatda möhüm ädimdigini, bu düzümiň alyp barýan işiniň bütin dünýäde sporty ösdürmäge, Olimpiýa gymmatlyklaryny dabaralandyrmaga uly itergi berýändigini belläp, myhmanyň şu gezekki saparynyň sport ulgamyndaky hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge, täze başlangyçlary öňe sürmäge itergi berjekdigini nygtady.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Halkara agyr atletika federasiýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge goşýan uly şahsy goşandy we bu ugurda ýurdumyzyň başlangyçlaryna berýän goldawy üçin federasiýanyň ýolbaşçysy Mohammed Jaluda tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi we alyp barýan işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar
30.12
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
30.12
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
30.12
Gahryman Arkadagymyz bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
30.12
Çagalar baradaky alada — döwlet syýasatynyň esasy ugry
29.12
Gahryman Arkadagymyz bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
29.12
Geljek ýylda ösüşiň belent sepgitlerine tarap
29.12
Ýurt garşy alsyn!
29.12
Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 5 million 972 müň dollaryndan gowrak boldy
27.12
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Täze ýyl dabaralaryna gatnaşdy
27.12
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
top-arrow