Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
«Awaza — dostluk mekany» atly halkara tans we folklor festiwalyna gatnaşyjylara
Syýasy habarlar
«Awaza — dostluk mekany» atly halkara tans we folklor festiwalyna gatnaşyjylara
Çap edildi 03.06.2025
964

Hormatly festiwala gatnaşyjylar!

Gadyrly dostlar!

Sizi «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Awaza — dostluk mekany» atly halkara tans we folklor festiwalynyň dabaraly açylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu festiwalyň Türkmenistan bilen dünýä döwletleriniň arasynda medeni köprüleri has-da pugtalandyrmaga, dostlukly halklaryň tans we folklor sungatynda gazanylan üstünlikleri birek-birege ýakyndan tanyşdyrmaga ýardam berjekdigine ynanýaryn.

Hormatly myhmanlar!

Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

Şu ýyl biz ýurdumyzda we daşary ýurtlarda hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramyny giňden belläp geçýäris. Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk derejesine ygrarly bolmak bilen, dünýä döwletleri we abraýly halkara guramalar bilen ýola goýan hoşniýetli gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürýär. Bu gün ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesinden gelip çykýan aýdyň wezipeler, belent maksatlar sebitde we dünýäde parahatçylygyň, ynanyşmagyň berkidilmeginde, dost-doganlyk gatnaşyklarynyň has-da işjeňleşdirilmeginde möhüm ähmiýete eýe bolýar. Bu asylly ýörelgeler halkymyzyň köp asyrlaryň dowamynda toplan durmuş tejribesine esaslanmak bilen, häzirki döwürde ählumumy bähbitlere laýyk gelýän hoşniýetli däpleri has-da dabaralandyrýar.

Hormatly watandaşlar!

Gadyrly myhmanlar!

Türkmen halkynyň umumadamzat medeniýetiniň genji-hazynasynda mynasyp orun alan baý medeniýeti, mirasy, milli gymmatlyklary bar. Biz şöhratly ata-babalarymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda döreden we dünýä beren gymmatlyklaryna, sungatyna, däp-dessurlaryna buýsanýarys.

Halkymyzyň tans we folklor sungaty milliligi, özboluşlylygy we kämilligi bilen dünýä ýüzünde giňden meşhurdyr. Türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuş ýörelgelerini, däp-dessurlaryny, milli toýlaryny özboluşly şöhlelendirýän bu sungat häzirki döwürde ýurdumyzda giňden bellenilýän baýramçylyklarymyzyň bezegine öwrüldi. Medeniýet, sungat ussatlarymyzyň ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda ýerine ýetirýän tans we folklor çykyşlary uly şatlyk-şowhun bilen garşylanýar. Munuň özi halkymyzyň milli medeniýetine we sungatyna goýulýan hormat-sarpanyň uludygyny aýdyň görkezýär.

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän «Awaza — dostluk mekany» atly halkara tans we folklor festiwalynda Türkmenistanyň hem-de dünýä döwletleriniň medeniýet, sungat ussatlarynyň çykyşlarynyň giňden guralmagy dost-doganlygyň, agzybirligiň nyşanydyr. Bu halkara festiwala gatnaşyjylaryň tans we folklor çykyşlary bolsa medeniýetleriň ýakynlaşmagyna, dostlugyň dabaralanmagyna ýardam edýär.

Parahatçylyga, dost-doganlyga söýgi döretmekde tans we folklor sungatyna aýratyn orun degişlidir. Çünki sungatyň güýji ynsan kalbynda hoşniýetli arzuwlary kemala getirýär, adamlary biri-birine ýakynlaşdyrýar, dostlaşdyrýar. Bu halkara festiwalyň esasy maksady hem biziň dostlukly gatnaşyklarymyzy ösdürmekden, medeni ulgamda hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmakdan ybaratdyr.

«Awaza — dostluk mekany» atly halkara tans we folklor festiwalynyň dünýä halklarynyň medeni-ruhy gymmatlyklaryny öwrenmäge, wagyz etmäge, medeniýet, sungat işgärleriniň özara tejribe alyşmagyna, döredijilik gatnaşyklaryny berkitmäge ýardam berjekdigine ynanýaryn.

Gadyrly festiwala gatnaşyjylar!

Sizi baky Bitaraplygyň mekanynda, Hazaryň türkmen kenarynda halkara tans we folklor festiwalynyň dabaraly açylmagy mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize berk jan saglygyny, uzak ömür we alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti

Serdar Berdimuhamedow.

Soňky habarlar
12.11
«Türkmentel — 2025» atly XVIII halkara sergä we ylmy maslahata hem-de «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2025» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
11.11
Türkmenistanyň Prezidenti Aziýanyň ösüş bankynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
11.11
Parahatçylyk we döredijilik konsepsiýasy — Bitarap Watanymyzyň ileri tutýan strategik ugry
11.11
Türkmenistanyň Prezidenti Polşa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
10.11
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
10.11
Aşgabat sanly ykdysadyýeti ösdürmek we logistika strategiýalaryny durmuşa geçirmek boýunça bilermenleriň gepleşigini kabul eder
10.11
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 5 million 506 müň dollaryndan gowrak boldy
09.11
Hasyl toýy mynasybetli Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
09.11
Sahawatly türkmen topragynyň şanyna baýramçylyk dabaralary
09.11
Çagalar — Watanymyzyň geljegi
top-arrow