Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Dost-doganlyk gatnaşyklary pugtalandyryp
Syýasy habarlar
Dost-doganlyk gatnaşyklary pugtalandyryp
Çap edildi 24.06.2025
1524

Ýurdumyza sapar bilen gelen Eýran Yslam Respbulikasynyň daşary işler ministri Seýed Abbas Arakçi Türkmenistanyň daşary işler ministriliginde duşuşup, Türkmenistan bilen EYR-nyň arasyndaky gatnaşyklar ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Ikitaraplaýyn geçirilen duşuşykda taraplar hyzmatdaşlygyň giň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. 

Taraplar özara gyzyklanma bildirilýän halkara we sebit meseleleri, hususan-daÝakyn Gündogaryň häzirki ýagdaýy barada pikir alyşdylar.

Myhman hormatly Prezidentimize hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza öz ýurdunyň döwlet ýolbaşçylaryny mähirli salamyny ýetirmek bilen, Eýran halkyna doganlyk raýdaşlygyny görkezendigi we bu kyn döwürde birnäçe ynsanperwer ýardamlary berendigi üçin çuňňur hoşallygyny bildirdi.

Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk syýasatyna eýerip, dünýä döwletleri, hoşniýetli we ynanyşmak esasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny alyp barýar. Döwletimiz ynsanperwerlik ýörelgelerinden ugur alyp, Ýer ýüzünde parahatçylygyň pugtalandyrylmagy ugrunda möhüm başlangyçlar bilen çykyş edýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň umumadamzat bähbitli beýik tutumlaryny hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz mynasyp dowam etdirýär. 

Ýakyn Gündogar sebitinde çylşyrymly ýagdaýyň dörän ilkinji gününde Ysraýyl bilen Eýranyň arasyndaky dörän dartgynly ýagdaýlar sebäpli Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen oňyn hemişelik bitaraplyk derejesi bolan döwlet hökmünde güýç ulanylmagyny ýa-da beýleki howplary hiç hili ýagdaýda goldamaýandygyny aýtdy. Islendik çylşyrymly ýagdaýda diňe BMG-nyň Tertipnamasyna we halkara hukugynyň ykrar edilen kadalaryna esaslanýan parahatçylykly usullar bilen çözmek üçin giň syýasy we diplomatik serişdeleri ulanmagyň zerurlygyna aýratyn üns berildi.

Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapy islendik halkara meselelerini parahatçylykly çözmek ýörelgelerine eýerip, gysga wagtda parahatçylygy gazanmak we bu sebitde howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek üçin ähli gyzyklanýan taraplar bilen gepleşikler arkaly Ýakyn Gündogardaky häzirki ýagdaýy çözmäge gatnaşmaga taýýardygyny mälim etdi. 

EYR-nyň Daşary işler ministri doganlyk Türkmenistana, hormatly Prezidentimize hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza dowamly goldawlary üçin hoşallyk bildirdi we türkmen tarapy bilen netijeli gepleşikleri işjeň dowam etdirmäge taýýardygyny aýtdy.

EYR-nyň daşary işler ministriniň ýurdumyza amala aşyrýan sapary netijeli häsiýete eýedir. Gepleşiklerde taraplar wajyp ugurlaryň üstünde içgin durup geçmek bilen, geljekde hem Türkmenistanyň EYR bilen hemişe dost-doganlyk gatnaşyklaryny saklap, birek-birege goldaw berip, ozaldan gelýän ylalşyklary yzygiderli pugtalandyrjakdyklaryny bellediler.

Soňky habarlar
17.02
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny gutlady
16.02
Türkmenistanyň Prezidenti BSGG-niň Ýewropa sebiti edarasynyň direktoryny kabul etdi
16.02
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna sapary
16.02
2025-nji ýylyň görkezijileri boýunça ýurdumyzyň iň gowy etraby sylaglanyldy
16.02
Aşgabatda ählumumy saglygy goraýyş ulgamynda diplomatiýa boýunça ýokary derejeli dialog öz işine başlady
16.02
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 7 million 699 müň dollaryndan gowrak boldy
16.02
Türkmenistanyň Prezidenti Litwa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
15.02
Türkmenistanyň Prezidenti Serbiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
15.02
Wirtual muzeýler — medeniýet ulgamyny ösdürmegiň häzirki zaman ugry
14.02
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
top-arrow