Eziz watandaşlar!
Hormatly medeniýet we sungat işgärleri!
Sizi asuda Watanymyzda giňden bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, döredijilikli zähmetiňizde uly rowaçlyklary arzuw edýärin.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan il-ýurt bähbitli beýik özgertmeler häzirki döwürde üstünlikli dowam etdirilip, berkarar döwletimizde ähli ugurlarda belent sepgitlere ýetilýär, ýurdumyzyň halkara abraýy has-da ýokarlanýar. Bitarap döwletimiz goňşy we dünýäniň beýleki ýurtlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy, dostlukly gatnaşyklary yzygiderli ösdürip, ählumumy parahatçylygy pugtalandyrmak babatda giň gerimli işleri amala aşyrýar. Halklaryň arasyndaky dost-doganlygy berkitmekde medeni diplomatiýanyň ornuna uly ähmiýet berilýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda türkmen medeniýetinde, sungatynda, edebiýatynda gazanylýan uly üstünlikleri dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikler döredilýär. Bu işleriň ählisi medeniýet ulgamynyň agzybir işgärleriniň kalbynda egsilmez ylhama, çäksiz joşguna öwrülip, olary täze, kämil eserleri döretmäge, döredijilikli we netijeli zähmet çekmäge ruhlandyrýar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Diýarymyzda ähli ugurlarda gazanylýan uly üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler medeniýet we sungat işgärlerini hem örän buýsandyrýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda durmuşa geçirilýän taryhy özgertmeler, alnyp barylýan giň gerimli işler medeniýet ulgamynyň ähli işgärlerini täze döredijilik gözleglerine, belent maksatlara ruhlandyrýar.
Hormatly medeniýet we sungat işgärleri!
Her ýylyň 27-nji iýunynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bedew bady bilen ynamly öňe barýan döwletli Diýarymyzda dabaraly bellenilýär. Bu goşa baýramyň bellenilmegi medeniýete, sungata, edebiýata goýulýan belent hormat-sarpanyň aýdyň nyşanydyr.
Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň ömrüni, döredijiligini, baý edebi mirasyny hemmetaraplaýyn öwrenmek, dünýä ýaýmak boýunça döwletimiz tarapyndan giň gerimli işler alnyp barylýar. Biz geçen ýylda dana şahyryň doglan gününiň 300 ýyllyk şanly toýuny ýurdumyzda we daşary ýurtlarda giňden belläp geçdik. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur pähim-paýhasyndan dörän «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyny, akyldar şahyryň ýadygärligini dabaraly ýagdaýda açyp ulanmaga berdik. Söz sungatynyň soltany, ady äleme dolan dana Pyragynyň pähim-paýhasa ýugrulan eserleri hiç haçan ähmiýetini ýitirmejek gymmatlykdyr, nesilleri watansöýüjilige, ynsanperwerlige, agzybirlige ündeýän nusgalyk mekdepdir. Häzirki döwürde biz ýurdumyzyň döredijilik bilen meşgullanýan medeniýet we sungat işgärleriniň, ýazyjy-şahyrlaryň, žurnalistleriň, suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, bagşy-sazandalaryň, kompozitorlaryň, artistleriň akyldar şahyryň çuň many-mazmunly eserlerinde öňe sürülýän gymmatly pikirlerden ugur alyp döredýän döwrebap we kämil eserlerine örän guwanýarys.
Medeniýet ulgamyny ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Medeniýet edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli berkitmek, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň alyp barýan işini kämilleşdirmek, medeni aň-bilim edaralaryny ösdürmek, kitaphanalarda, muzeýlerde, teatrlarda, medeniýet öýlerinde we beýleki medeni maksatly edaralarda işleýän hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak üçin döwletimiz tarapyndan ähli şertler döredilýär. Häzirki döwürde ilata döwrebap medeni hyzmatlary hödürlemekde, medeni-dynç alyş çärelerini guramakda medeniýet edaralarynda alnyp barylýan işler döwrüň talabyna görä yzygiderli kämilleşdirilmelidir. Bu ugurda oba medeniýet öýlerine aýratyn orun degişlidir. Çünki olarda geçirilýän çäreler adamlaryň kalbynda edebiýata we sungata söýgi döretmekde, zehinli ýaşlary kemala getirmekde örän möhüm ähmiýete eýedir.
Hormatly döredijilik işgärleri!
Häzirki döwürde medeniýet we sungat işgärleri ýurdumyzyň medeni durmuşyndaky ösüşlere uly goşant goşýarlar. Biz geljekde-de medeniýet ulgamyny ösdürmek, döredijilik işgärlerini höweslendirmek, olary maddy taýdan goldamak we amatly iş şertlerini döretmek babatda ähli zerur işleri alyp bararys.
Hormatly adamlar!
Gadyrly medeniýet we sungat işgärleri!
Sizi Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, maşgala ojaklaryňyza abadançylyk, döredijilik işleriňizde uly üstünlikleri we joşgunly kalbyňyzyň hemişe ylhamdan dolup durmagyny arzuw edýärin.
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.