Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» baş ugry hem-de ösen ýurtlaryň derejesine çykmagyň, bilime, innowasiýalara daýanýan ykdysady ösüşiň durnukly depginini üpjün etmegiň möhüm şerti bolup durýar.
Döwrebap maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary adamlaryň gündelik durmuşyna berk ornaşyp, zähmeti guramagyň usullaryny, bilimiň we dynç almagyň görnüşlerini düýpli özgerdýär. Türkmenistan hem döwür bilen aýakdaş gadam urmak üçin öňdebaryjy tejribeleri öwrenmek we özleşdirmek arkaly sanly ulgama geçmegiň diňe bir daşary ýurt çözgütlerine däl, eýsem, öz ylmy-tehnologik kuwwatyna hem esaslanýan nusgasyny işläp taýýarlamagy esasy maksat hökmünde kesgitledi. Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen 2025-nji ýyl şanly senä — ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna beslenýär. Bu hukuk derejesi syýasy, ykdysady, medeni, ylym-bilim we beýleki ulgamlarda dünýä döwletleri bilen hyzmatdaşlygy giňden ýola goýmakda möhüm orny eýeleýär. Ýokary tehnologiýalara, geljegi uly pudaklary ösdürmäge esaslanýan ykdysadyýetiň hem-de senagatyň diwersifikasiýalaşdyrylmagy Türkmenistanyň şu güni we geljegi üçin anyk ugur bolmagynda galýar. Aragatnaşyk pudagy-da şolaryň hataryndadyr.
Sanly ulgamy ösdürmekde, “akylly” torlaryň işlemegini üpjün etmekde, milli aragatnaşyk we internet hyzmatlarynyň gerimini giňeltmekde «Türkmenaragatnaşyk» agentligi öňdebaryjy orny eýeleýär. 13-nji iýunda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa bu agentlik tarapyndan alnyp barylýan işler, şol sanda “Sanly çözgüt — 2025” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigini geçirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berildi. Häzirki wagtda ýurdumyzda ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak üçin ähli zerur şertler döredilýär. Degişli konsepsiýa laýyklykda, ýokary okuw mekdeplerinde hünärmenleriň, professorlaryň we mugallymlaryň tagallalary bilen, şeýle hem talyplaryň gatnaşmagynda sanly bilimi ulgamlaýyn üpjün etmegiň maksatnamasy, ýörite portallar işlenip taýýarlanyldy. Ýaşlaryň höwesi, başarnyklarydyr batyrgaý pikirleri maglumat jemgyýetiniň ösüş proseslerine, zähmeti awtomatlaşdyrmakdan, amatly we ýönekeý ulanyjy hyzmatlaryny döretmekden başlap, “ýaşyl” geçişe, “akylly” şäher ulgamyna çenli döwrüň köpugurly wezipelerini öz içine alýan bilimler ykdysadyýetiniň kemala gelmegine itergi berýär. Şoňa görä, intellektual ulgamlary, iň täze maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça ýaýbaňlandyrylan giň gerimli işleri nazara almak bilen, sanly serişdeleri köpçülikleýin öwrenmäge, bu ulgamda bilim maksatnamalaryny kämilleşdirmäge uly ähmiýet berilýär.
«Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan yglan edilen «Sanly çözgüt — 2025» atly bäsleşik innowasion taslamalary işläp taýýarlamak üçin oňat höweslendiriş çäresi bolup durýar. Bu bäsleşige ýurdumyzyň gyzyklanma bildirýän fiziki we ýuridik şahslarynyň ählisi gatnaşyp bilýärler. Diýarymyzda zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen guralýan bu bäsleşik şu ýyl emeli aň, robototehnika we awtomatizasiýa, “akylly” oba hojalyk tehnologiýalary, “akylly” şäher, bilim we elektron okuw, sanly lukmançylyk hem-de hyzmatlar ulgamy ýaly ugurlar boýunça geçiriler. Şunda Türkmenistanda bu möhüm ugurlaryň ylmy-tehniki binýadyny yzygiderli ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýändigini bellemek gerek. Ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekillerinden ybarat bolan eminler taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçiligi, aragatnaşyk, telekommunikasiýalar pudagyndaky innowasiýalar, ykdysady taýdan netijeliligi, hili we ulanylyş taýdan ýeňilligi ýaly talaplara esaslanyp baha bererler. Şonuň bilen birlikde, olaryň bezegi, hereket edýän kanunçylyga laýyk gelşi, özboluşlylygy, programma üpjünçiligi üçin deslapky koduň elýeterliligi hem göz öňünde tutular. Ýeňijileriň atlary paýtagtymyzda geçiriljek “Türkmentel — 2025” atly XVIII halkara serginiň we ylmy maslahatyň çäklerinde yglan ediler.
«Sanly çözgüt» bäsleşigi Türkmenistanda ilkinji gezek 2020-nji ýylda geçirildi we ol ýyl-ýyldan dürli ugurlarda programma üpjünçiligini işläp taýýarlamak bilen meşgullanýan ýaşlaryň has köpüsini özüne çekýär. Bäsleşigiň maksady ukyply we hyjuwly programmistleri ýüze çykarmakdan, olary pudaklaýyn, köpçülikleýin maksatnamalary durmuşa geçirmäge çekmekden hem-de hünär derejesini ýokarlandyrmak üçin hakyky tejribe toplamaga ýardam bermekden ybaratdyr. Ol ýurdumyzda innowasion taslamalar ulgamynda uly ösüş gazanylýandygyny görkezýär we türkmen ýaşlarynyň wajyp meseleleriň netijeli çözgütlerini taýýarlamaga ukyplydyklaryny tassyklaýar.
Ozalky bäsleşikleriň ýeňijileriniň arasynda diňe bir ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hünärmenleri däl, eýsem, mekdep okuwçylary hem bar. Munuň özi türkmen ýaşlarynyň innowasion amallara işjeň gatnaşýandygyny we ýokary tehnologiýaly ugurlara bolan gyzyklanmalarynyň barha artýandygyny görkezýär. Başgaça aýdylanda, maglumat tehnologiýalary ulgamynda hünärmen bolmak isleýän ýetginjekler eýýäm mekdep döwründen geljekki hünärine ugrukdyrylýar. Baýrakly orunlara mynasyp bolan taslamalar diňe bir täze tehnologiýalary işläp taýýarlamagyň ähmiýetini görkezmek bilen çäklenmän, eýsem, adamlaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga, emeli aňyň mümkinçiliklerine bolan gyzyklanmany artdyrmaga, dürli pudaklarda goşmaça tehnologiýalary ulanmaga, daşky gurşaw meselelerini çözmäge, türkmen halkynyň medeni mirasyny gorap saklamaga gönükdirilen sanly innowasiýalaryň durmuş taraplaryna hem ünsi çekýär.
Türkmenistanyň bilim ulgamyndaky özgertmeler, onuň sanlylaşdyrylmagy we döwrebaplaşdyrylmagy ýokary hünärli programmistleriň, inžener-işläp düzüjileriň, kompýuter ylymlary, maglumat tehnologiýalary boýunça hünärmenleriň täze nesliniň kemala gelmegine goldaw bermäge gönükdirilendir. Olar sanly ösüş üçin işgärleri taýýarlamagyň wezipelerine laýyk gelýän ýokary okuw mekdeplerinde berilýän bilim bilen birlikde, orta we başlangyç bilimleri hem gurşap alýar. Eýýäm birinji synpda okuwçylar informatikanyň esaslary dersini öwrenýärler. Şol ders olara adamzadyň gözlegleriniň we pikirleriniň mümkinçilikleriniň çäksiz dünýäsine gapylary açýar. Zehinli ýaşlar käbir ykdysady-durmuş meselelerini çözmäge, maýa goýumlardan gelýän girdejileri ep-esli artdyrmaga ukyply taslamalary döredip, taýýarlygyň we döredijiligiň ýokary derejesini görkezýärler.
“Sanly çözgüt” bäsleşiginiň ýurdumyzda ýaş programmistleriň, tehnologlaryň, oýlap tapyjylaryň arasynda geçirilýän ýeke-täk bäsleşik däldigini aýtmak gerek. Şuňa meňzeş çäreler we olimpiadalar Bilim ministrligi, ugurdaş edaralar tarapyndan yzygiderli guralýar. Türkmen ýaşlary halkara bäsleşiklere hem işjeň gatnaşýarlar. Mysal üçin, golaýda Malaýziýanyň Kuçing şäherinde geçirilen Borneo halkara innowasion döredijilik bäsleşiginde ýaş alymlarymyz altyn medal gazandylar. Bäsleşik jemgyýetçilik we ynsanperwer ylymlar, ekologiýa, fizika, matematika, inženerçilik, kompýuter ylymlary, emeli aň, amaly ylymlar ýaly ugurlar boýunça ýaş oýlap tapyjylardyr alymlaryň arasynda geçirildi. Türkmen toparynyň “Durnukly ösüş we daşky gurşawy goramak: ýaşyl sement öndürmegiň ylmy esaslary” atly taslamasy bäsleşikde üç baýraga: “Daşky gurşawy goramak ylmy” ugry boýunça altyn medala, “Platina” baýragyna we durnukly ösüş üçin baýraga mynasyp boldy. Bu iş uglerod zyňyndylaryny azaltmak hem-de onuň tebigata ýetirýän täsirini peseltmek üçin senagat galyndylaryny ulanyp, sement öndürmegiň alternatiw usullaryna bagyşlanýar. Emin agzalary taslamanyň şäherleri durnukly ösdürmek babatda ähmiýetine ünsi çekdiler. “Oba hojalyk galyndylaryndan kömürturşy gazyny tutujy sorbent almak” atly taslama hem eminleriň ýokary bahasyna we “Daşky gurşawy goramak ylmy” ugry boýunça altyn medala mynasyp boldy. Bu işde tüwi harpygyndan, gowaça çöpünden we beýleki galyndylardan ýokary gözenekli sorbent taýýarlamak usuly teklip edilýär. Onuň kömürturşy gazyny siňdirmekde netijeliligi ylmy esasda subut edildi.
Umuman, ylmy bäsleşikler, şol sanda “Sanly çözgüt” bäsleşigi diňe bir ýaşlaryň başlangyçlaryny goldamak üçin nobatdaky ädim bolmak bilen çäklenmän, eýsem, häzirki zaman Türkmenistanyň tehnologik kuwwatyny görkezmek üçinem möhüm meýdança bolup hyzmat edýär. Türkmen hünärmenleri tarapyndan işlenip taýýarlanylan täze sanly önümler işleýşi we ulanyş ýeňilligi babatda meşhur daşary ýurt hyzmatlaryndan pes däldir. Hormatly Prezidentimiziň döwletimizi yzygiderli senagatlaşdyrmak babatda öňde goýan wezipelerini durmuşa geçirmek üçin dünýä maglumatlarynyň ummasyz çeşmelerini özleşdirmek, dessin maglumat alyş-çalşygyny ýola goýmak wajyp ähmiýete eýedir. Bir söz bilen aýdylanda, ХХI asyryň ösüşini torlaryň, aragatnaşyk kanallarynyň ösen ulgamy bolmazdan göz öňüne getirmek mümkin däl.
Halkara tejribeler ýurtlaryň we sebitleriň durmuş-ykdysady ösüşiniň maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň ösüş derejesi bilen gönüden-göni baglanyşyklydygyny, edaralaryň, kompaniýalaryň işiniň netijeliligine bolsa internetiň täsiriniň beýleki tehnologiýalardan has ýokarydygyny görkezýär. Bu çemeleşme Türkmenistanyň döwlet syýasatynda-da öz beýanyny tapýar. Döwlet Baştutanymyz Hökümetden başlap, telekeçilige, dolandyryş ulgamyndan başlap, önümçilik, saglygy goraýyş, bilim ulgamlaryna çenli ähli derejede sanly ösüşe uly üns berýär. Türkmenistanyň telekommunikasiýa pudagynyň işini düzgünleşdirýän kadalaşdyryjy hukuk binýady döwrüň talaplaryna, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň wezipelerine laýyklykda yzygiderli kämilleşdirilýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň ähli pudaklaryna sanly ulgamlar, «akylly» we «ýaşyl» tehnologiýalar ornaşdyrylyp, emeli aňyň mümkinçiliklerinden peýdalanylýar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen gurlan we kanun esasynda «döwlet ähmiýetli şäher» diýen aýratyn hukuk derejesine eýe bolan Arkadag şäheri hem munuň aýdyň mysalydyr. Arkadag şäheriniň gurluşygy we onuň sanly binýadynyň işlenip taýýarlanylmagy ýurdumyzyň ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, professor-mugallymlary üçin nazaryýet bilimlerini, ukyplaryny, täzeçil tekliplerini we pikirlerini iş ýüzünde ulanmagyň özboluşly mekdebine öwrüldi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nygtaýşy ýaly, ýaş nesil Watanymyzyň geljegidir, onuň okgunly ösüşiniň hereketlendiriji güýjüdir. Häzirki wagtda ýaşlar Diýarymyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeler maksatnamalaryny, iri taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýarlar. Mysal üçin, täze şäherde birnäçe ýokary okuw mekdepleriniň talyplary ýaşaýyş jaýlarynyň ençemesinde “akylly” ulgamy goldamak işini amala aşyrdylar. Şunuň bilen birlikde, mugallymlaryň we talyplaryň gatnaşmagynda bilim ulgamy üçin sanly çözgütler işlenip taýýarlanyldy.
28-nji iýunda Arkadag şäherine nobatdaky iş saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde aragatnaşyk we internet ulgamyna 5G tehnologiýasyny ornaşdyrmaga ak pata berdi. Munuň özi “akylly” şäher konsepsiýasy esasynda bina edilen şäheriň hukuk derejesine kybap gelýän çözgütdir. Bu tehnologiýa “akylly” şäher we “akylly” öý ulgamlarynyň, saglygy goraýyş, bilim, senagat, oba hojalyk pudaklarynyň işini dolandyrmakda, emeli aňyň, robototehnikanyň mümkinçiliklerini durmuşa geçirmekde, sanly ulgam arkaly bejeriş işleri geçirilýän pursatlarda maglumat alyşmagyň wagtyny tizleşdirmekde möhüm ähmiýete eýedir.
5G tehnologiýasy aragatnaşygyň simsiz görnüşiniň bäşinji nesli hasaplanýar. Ol ýokary tizlik derejesine we ägirt uly geçirijilik ukybyna eýedir. Bu tehnologiýanyň tizligi, öňkä garanyňda, 20 esse ýokarydyr. Mälim bolşy ýaly, sanly tehnologiýalaryň bazary dünýäde okgunly ösýän hem-de iş bilen meşgullanmagyň meşhur ulgamlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda ýokary tehnologiýaly pudaklary, hususan-da, elektron senagaty ösdürmäge kuwwatly itergi berildi. Programma üpjünçiligini, elektron hyzmatlary, maglumat portallaryny döretmek ýaly ylym bilen baglanyşykly ulgamlary özleşdirmek boýunça netijeli çäreler görülýär. Sanly özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegini üpjün etmek üçin öňdebaryjy halkara tejribeleri öwrenmek, milli işgärler düzümini, ylmy-tehniki we infrastruktura mümkinçiliklerini ösdürmek ýaly üznüksiz çäreleri amala aşyrmak zerurdyr. Elektron hyzmatlaryň dürli görnüşleri raýatlary goşmaça we yzygiderli bilime, uzak aralykdan hünär derejesini ýokarlandyrmaga höweslendirýär. Sanly bilimiň ornaşdyrylmagy Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine adam maýasyny artdyrmaga, ykdysadyýete we beýleki ulgamlara innowasion serişdeleri çekmäge ýardam eder.
Şeýlelikde, ýurdumyzyň ýaşlary milli ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda sanly ulgamy ösdürmek üçin innowasion çözgütleri döretmäge hem-de olary ilerletmäge işjeň gatnaşýarlar. “Sanly çözgüt — 2025” bäsleşiginiň geçirilmegi-de munuň aýdyň mysalydyr.