Baş sahypa
\
Teswirlemeler
\
Azyk bolçulygynyň pugtalandyrylmagy — oba hojalyk özgertmeleriniň baş maksady
Teswirlemeler
Azyk bolçulygynyň pugtalandyrylmagy — oba hojalyk özgertmeleriniň baş maksady
Çap edildi 08.07.2025
3410

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen oba hojalyk pudagynda ýaýbaňlandyrylan maksatnamalaýyn özgertmeler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda hil taýdan täze derejä çykarylýar. Bu işler ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmegi babatda möhüm wezipeleriň üstünlikli çözülmegine ýardam berýär hem-de pudagy mundan beýläk-de ösdürmek üçin uly mümkinçilikleri döredýär.

Häzirki wagtda oba hojalyk pudagynda hususy bölegiň eýeleýän orny barha artýar. Ýurdumyzda bu ugurda geçirilýän özgertmeleri has-da kämilleşdirmek boýunça kabul edilen çözgütleri durmuşa geçirmek, ýer we suw serişdelerini netijeli peýdalanmak hem-de oba hojalygyna hususy önüm öndürijileri giňden çekmek maksady bilen döredilen ýörite ýer gaznasyndan ekinleri ösdürip ýetişdirmek üçin paýdarlar jemgyýetlerine, daýhan hojalyklaryna, hususy hojalyklara ýer bölekleri bölünip berilýär.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 29-njy maýynda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz galla oragy möwsümine başlamaga ak pata berdi. Gallaçy kärendeçiler bilen bir hatarda, döwlet Baştutanymyzyň degişli Kararlaryna laýyklykda, Oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznasyndan ýer böleklerini alan paýdarlar jemgyýetleri, daýhan hojalyklary, hususy hojalyklar bugdaýyň bol hasylyny öndürip, Watan harmanynyň beýgelmegine mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Şu günler ýygnalan bugdaý hasyly galla kabul ediş kärhanalaryndan ammarlara we elewatorlara daşalýar.

Azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak, oba hojalygynda geçirilýän özgertmeleri mundan beýläk-de kämilleşdirmek, bu ugurdaky işleri döwrebap usulda guramak we pudaga hususy önüm öndürijileri giňden çekmek işleri maksatnamalaýyn esasda alnyp barylýar. Olar üçin oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek boýunça ýörite ýer gaznalary yzygiderli döredilýär, dünýäniň meşhur kompaniýalarynyň ýokary öndürijilikli tehnikalaryny, önümçilik kärhanalary üçin döwrebap enjamlary satyn almak, önümçilige öňdebaryjy tejribeleri giňden ornaşdyrmak babatda ähli ýeňillikler we şertler döredilýär. Şeýle hem ekerançylaryň döwlet tarapyndan maliýe taýdan goldanylmagyna uly ähmiýet berilýär.

Ekerançylyk ýerlerini netijeli peýdalanmak, topragyň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, tarp ýerleri özleşdirmek, ekin meýdanlaryny suwarmak, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, oba hojalyk ylmyny, tohumçylygy hem-de seçgi işlerini ösdürmek meseleleriniň çözgüdine gönükdirilen zerur işler alnyp barylýar. Oba hojalyk toplumynyň düzümleriniň, hyzmat edýän pudaklaryň tehniki taýdan enjamlaşdyrylmagyna, döwrebaplaşdyrylmagyna, elewatorlaryň, gaýtadan işleýän oba hojalyk kärhanalarynyň, mineral dökünleri öndürýän zawodlaryň, suw hojalyk desgalarynyň gurluşygyna uly möçberde maýa goýum serişdeleri gönükdirilýär. Munuň özi hususy taraplaryň netijeli iş alyp barmaklaryna uly mümkinçilikleri döredýär. Hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk pudagynda hususy bölegiň ösdürilmegine berýän goldawy netijesinde, möwsümde “John Deere”, “СLAAS” ýaly meşhur kompaniýalaryň häzirki zaman bugdaý orujy kombaýnlary işjeň ulanylýar. Bu tehnikalaryň gije-gündizleýin tertipde işledilmegi ekerançylara ýetişdirilen bol hasyly çalt we ýitgisiz ýygnap almaga ýardam berýär.

Türkmenistanda halkara tejribä esaslanylyp, tohumçylyk işine uly ähmiýet berilýändigini bellemek gerek. Seçgiçilik, tohumçylyk pudagynda dowam etdirilýän ylmy gözlegler, alymlaryň tejribesiniň baýlaşdyrylmagy we hünär derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagy täze taryhy döwürde pudagyň ösüşine oňyn täsirini ýetirýär. Şu möwsümde ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlaryna ak bugdaýyň bol hasyl berýän “Serdar”, “Arkadag”, “Pyragy” ýaly görnüşleri ekildi. Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Ylmy-barlag däneçilik institutynda güýzlük bugdaýyň bu täze sortlarynyň döredilmegi hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk pudagynda tohumçylyk-seçgiçilik işini kämilleşdirmek boýunça berýän tabşyryklarynyň üstünlikli ýerine ýetirilýändiginiň, pudagyň ylmy esasda ösdürilýändiginiň güwäsidir.

Şeýlelikde, şu ýyl türkmen gallaçylarynyň bugdaýyň bol hasylyny ýetişdirmekleri hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň azyk bolçulygyny üpjün etmek boýunça öňde goýýan wezipeleriniň üstünlikli berjaý edilýändigini aýdyň görkezýär.

Soňky habarlar
10.11
Aşgabat sanly ykdysadyýeti ösdürmek we logistika strategiýalaryny durmuşa geçirmek boýunça bilermenleriň gepleşigini kabul eder
10.11
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 5 million 506 müň dollaryndan gowrak boldy
09.11
Hasyl toýy mynasybetli Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
09.11
Sahawatly türkmen topragynyň şanyna baýramçylyk dabaralary
09.11
Çagalar — Watanymyzyň geljegi
08.11
Hormatly Prezidentimiz ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
08.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz köpçülikleýin bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
08.11
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň edermen oba zähmetkeşlerine, hasyl ussatlaryna we ähli halkyna
08.11
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
07.11
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş sapary tamamlandy
top-arrow