Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!
Hormatly adamlar!
Garaşsyz ýurdumyzda şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri kabul eden maksatnamalarymyzyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýär.
Hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,3 göterime deň boldy.
«Türkmenistany 2025-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna» laýyklykda, hasabat döwründe ýurdumyzda 17 milliard 829 million manat möçberinde düýpli maýa goýumlary özleşdirildi. Bu bolsa, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 15,6 göterim köpdür. Ýurdumyzyň welaýatlarynda, şäherlerinde we etraplarynda meýdany 269,7 müň inedördül metre barabar bolan ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi. Senagat desgalarynyň, çagalar baglarynyň, mekdepleriň we beýleki desgalaryň gurluşygy meýilnama esasynda alnyp barylýar.
Geçen ýarym ýylda ýurdumyzyň ykdysadyýeti durnukly ösdürildi. Bäsleşige ukyply, ýokary hilli dürli harytlary öndürýän täze kärhanalary döretmek boýunça zerur işler alnyp baryldy. Ykdysady we maliýe durnuklylygy gazanmak, iş bilen üpjünçiligi ýokarlandyrmak boýunça zerur işler geçirilýär. Ýurdumyzyň eksport mümkinçiligi artdyrylyp, pudaklara sanly tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar.
Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!
Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy esasynda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi möhüm waka boldy. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy bilen gabat gelmeginiň aýratyn uly manysy bar. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň ikinji ýarymynda köp sanly möhüm halkara çäreler meýilleşdirilýär.
2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň wekilçilikli forumyny hem-de beýleki çäreleri ýokary derejede guramak üçin düýpli taýýarlyk görmeli. Şeýle hem döwletimiziň Garaşsyzlyk we Bitaraplyk baýramlaryny örän ýokary derejede geçirmeli.
Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Garaşsyzlyk baýramynyň bellenilýän günlerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini hem dabaraly ýagdaýda geçireris. Mejlisde berkarar döwletimiziň ösüşinde gazanylan üstünlikleriň, ýetilen sepgitleriň jemlerini jemläris. Şeýle hem öňde duran möhüm wezipeleri ara alyp maslahatlaşarys.
Türkmenistanyň Halk Maslahaty we Mejlisi ýurdumyzyň Ministrler Kabineti, häkimlikler, degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini geçirmäge hem düýpli taýýarlyk görüp başlamaly. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Halk Maslahaty bu ýokary wekilçilikli edaranyň nobatdaky mejlisini çagyrmak, geçiriljek senesini we ýerini kesgitlemek hem-de ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparyny döretmek we onuň düzümini tassyklamak barada karar kabul etse, maksadalaýyk bolar diýip hasap edýärin. Bu guramaçylyk topary Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň syýasy, ykdysady we medeni durmuşynda ýokary üstünlikleri gazanan, il içinde uly abraýdan peýdalanýan raýatlarymyzy döwlet sylaglary bilen sylaglamak we olara hormatly atlary dakmak üçin hödürlemek hem-de resmileşdirmek boýunça degişli işleri geçirmäge möhüm ähmiýet bermelidir. Şeýle hem geçiriljek bu guramaçylyk işleri boýunça Türkmenistanyň Halk Maslahaty hem-de Türkmenistanyň Mejlisi degişli işleri alyp barmalydyr.
Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!
Hormatly adamlar!
Çykyşymy tamamlamak bilen, geçen ýarym ýylyň görkezijileriniň ýurdumyz boýunça, umuman, gowy bolandygyny bellemek isleýärin.
Ähli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryna geçen alty aýda ýerine ýetirilen işleriň jemleri boýunça ertir, 12-nji iýulda maslahatlary geçirmegi tabşyrýaryn.
1-nji awgustdan başlap, oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylaryndan hem-de welaýat häkimlerinden beýleki ýolbaşçylara dynç almaga rugsat berýärin. Ýolbaşçylar ýurdumyzyň şypahanalarynda hem-de «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alyp bilerler.
Şu ýylyň awgust aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda halkara maslahatyň geçirilýändigi bilen bagly ähli ýolbaşçylar guramaçylyk işlerine hem gatnaşarlar.
Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!
Hormatly adamlar!
Siziň ähliňiz 13-nji iýulda Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek guramaçylyk döwlet toparynyň mejlisine gatnaşarsyňyz. Mejlisde Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna taýýarlyk görmek bilen bagly soraglara serediler. Bu halkara maslahaty ýokary derejede geçirmek boýunça kabul edilen Karardan ugur alyp, her kim jogapkär ugry boýunça degişli işleri alyp barmaly.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň abraýyna abraý goşjak bu halkara maslahatyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň esasy wakalarynyň biri boljakdygyna berk ynanýaryn. Biz alyp barýan adyl «Açyk gapylar» we Bitaraplyk syýasatymyzy mundan beýläk hem dowam ederis.
Men siziň ähliňize berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.
(Aşgabat şäheri, 2025-nji ýylyň 11-nji iýuly)