Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň guramaçylyk döwlet toparynyň BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna taýýarlyk görmäge bagyşlanan maslahatyndaky çykyşy
Syýasat habarlary
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň guramaçylyk döwlet toparynyň BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna taýýarlyk görmäge bagyşlanan maslahatyndaky çykyşy
Çap edildi 13.07.2025
191

Hormatly maslahata gatnaşyjylar!

Biz häzir şu ýylyň 4 — 8-nji awgustynda ýurdumyzyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny we onuň çäklerinde guraljak ugurdaş çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek bilen bagly meselelere serederis. Şu wagta çenli bu ugurda ýerine ýetirilen işlere baha bereris hem-de öňde duran wezipeleri kesgitläris.

Häzirki wagtda bu iri halkara çärä taýýarlyk görmegiň çäklerinde ýurdumyzyň ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan degişli işler alnyp barylýar. 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet toparynyň yzygiderli mejlislerinde agzalan halkara maslahata degişli soraglaryň hem giň toplumy ara alnyp maslahatlaşylýar.

Ýeri gelende, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň şu ýylyň 11-nji aprelinde geçirilen 63-nji plenar mejlisinde bu maslahatyň ýurdumyzda geçirilmegi bilen bagly degişli Kararnamanyň kabul edilendigini we dünýäniň 57 döwletiniň şol resminamanyň awtordaşy hökmünde çykyş edendigini aýratyn nygtamak isleýärin. Şu ýylyň 4-nji iýulynda hormatly Prezidentimiz «Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny geçirmek hakynda» Karara gol çekdi. Kararda bu forumy we onuň çäklerindäki ugurdaş çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek bellenildi. Mundan başga-da, Karary ýerine ýetirmegiň çäklerinde Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty geçirmek babatda ylalaşmalar hakynda Ylalaşygyň taslamasy işlenip taýýarlanyldy we bu resminama Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy tarapyndan gol çekildi.

Hormatly maslahata gatnaşyjylar!

Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikde guramagynda geçiriljek bu halkara maslahatyň çäklerinde syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurly köp sanly çäreleriň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Bäş günläp dowam etjek çärelere deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň düzümine girýän 32 döwletiň hem-de BMG-niň gyzyklanma bildirýän beýleki agza ýurtlarynyň döwlet hem-de hökümet Baştutanlarynyň, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň we onuň orunbasarlarynyň gatnaşmagyna garaşylýar. Şeýle hem birnäçe halkara, sebit guramalarynyň, kanun çykaryjy edaralaryň, maliýe institutlarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň hem-de hususy pudagyň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň gelmegi meýilleşdirilýär.

Geçiriljek bu çäreler toplumy jemi 7 sany şu esasy ugry öz içine alýar:

Birinji ugur, halkara maslahatyň açylyş we ýapylyş dabaralaryny hem-de plenar mejlislerini;

Ikinji ugur, ýokary derejedäki tematik «tegelek stollary» (5 sany);

Üçünji ugur, ýokary derejedäki 7 sany forumy, ýagny:

1. Günorta-Günorta hyzmatdaşlygy boýunça ministrler duşuşygyny.

2. Parlament forumyny.

3. Hususy pudagyň forumyny.

4. Raýat jemgyýetiniň forumyny.

5. Ýaşlar forumyny.

6. Zenan ýolbaşçylaryň duşuşygyny.

7. Arabaglanyşyk boýunça çäräni;

Dördünji ugur, ugurdaş çärelerden ybarat. Muňa maslahata gatnaşýan döwletler hem-de halkara guramalar we edaralar tarapyndan geçirilýän, şeýle hem türkmen tarapynyň guraýan ugurdaş çäreleri girýär. Ýurdumyz tarapyndan guraljak şu çäreleri mysal hökmünde görkezmek bolar:

1. Ýerüsti ulag we arabaglanyşyk.

2. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly.

3. Ýaşlar syýasaty.

4. Durnukly energetika.

5. Sirkulýar ykdysadyýet;

Bäşinji ugur, maslahatyň we ugurdaş çäreleriň geçirilýän binalarynda guraljak tematik sergileri, şol sanda türkmen tarapyndan guraljak sergileri;

Altynjy ugur, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli günlerini we onuň çäklerinde guraljak medeniýet we sungat ussatlarynyň dabaraly konsertini;

Ýedinji ugur, Türkmenistanyň Hökümetiniň adyndan maslahata gatnaşyjylaryň hormatyna guraljak resmi nahary öz içine alýar.

Hormatly maslahata gatnaşyjylar!

Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny we onuň çäklerinde geçiriljek çäreler toplumyny ýokary derejede, talabalaýyk guramak boýunça öňde duran wezipeler we ýerine ýetirmeli işler şular bolup durýar:

hormatly Prezidentimiziň Kararyndan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilişini berk gözegçilikde saklamak;

Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda gol çekilen Ylalaşyga laýyklykda, türkmen tarapyndan halkara forumyň maksatnamasyny üpjün etmek;

daşary ýurtly myhmanlaryň, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň Sekretariatynyň wekilleriniň ýurdumyza gelmeginiň meýilleşdirilýändigini göz öňünde tutup, Türkmenbaşy şäherinde, Türkmenbaşy Halkara howa menzilinde we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda alnyp barylýan gurluşyk-gurnama, abadanlaşdyrmak, abatlamak, arassalamak we gök zolaklara ideg etmek işlerini ýakyn günlerde tamamlamak;

Birleşen Milletler Guramasynyň Sekretariaty bilen bilelikde halkara maslahatyň açylyş we ýapylyş dabarasynyň maksatnamasyny taýýarlamak;

ýokary derejedäki tematik «tegelek stol» mejlislerine we foruma gatnaşjak türkmen wekiliýetiniň düzümini kesgitlemek hem-de degişli teklipleri bermek;

türkmen tarapyndan guraljak ugurdaş çäreleriň gysgaça konsepsiýasyny we maksatnamasyny taýýarlamak hem-de olaryň Birleşen Milletler Guramasynyň üsti bilen hasaba alynmagyny üpjün etmek;

maslahatyň we ugurdaş çäreleriň geçirilýän binalarynda türkmen tarapynyň gurajak sergileriniň sanawyny hem-de görnüşlerini kesgitlemek we olara jogapkär hökmünde ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasyny bellemek;

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli günleriniň çäklerinde guraljak medeniýet we sungat ussatlarynyň dabaraly konsertiniň konsepsiýasyny hem-de maksatnamasyny taýýarlamak we olaryň Birleşen Milletler Guramasynyň üsti bilen hasaba alynmagyny üpjün etmek. Şeýle-de milli günler bilen bagly çärelere jogapkär hökmünde Türkmenistanyň Medeniýet hem-de Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliklerini bellemek;

myhmanlaryň howa menzilinde türkmen halkynyň myhmansöýerlik däplerine laýyklykda garşylanmagyny üpjün etmek;

wekiliýet ýolbaşçylaryny howa menzilinde garşylajak Türkmenistanyň resmi wekillerini kesgitlemek we bu ugurda degişli teklipleri bermek;

myhmanlary garşylamak üçin Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň welaýatlardaky wekilhanalary bilen welaýat häkimlikleri tarapyndan degişli guramaçylyk işlerini geçirmek;

şäher bezeginiň we çäräniň dowamynda ulanyljak köçeleriň abadanlaşdyrylmagyny üpjün etmek, şol sanda çäreleriň geçiriljek döwründe ulanyljak köçeleriň ugrunda döwrebap enjamlarda görkeziljek şygarlary we şekilleri kesgitlemek, degişli köçeleri abadanlaşdyrmak we bezeg işlerini geçirmek, yşyklandyryşy aýratyn gözegçilikde saklamak;

daşary ýurtly wekiliýetleri myhmanhanalarda ýerleşdirmegiň tertibine aýratyn üns bermek, şol sanda wekiliýetleri derejelerine görä «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky myhmanhanalarda ýerleşdirmegiň tertibini taýýarlamak, myhmanhanalarda daşary ýurtly myhmanlara ýokary derejede hyzmat etmek üçin zerur şertleri döretmek hem-de olarda lukmançylyk we söwda nokatlarynyň talabalaýyk işlemegini üpjün etmek;

çäreleriň geçirilýän döwründe ulaglaryň netijeli we talabalaýyk ulanylmagyna aýratyn üns bermek, bu ugurda ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan degişli taýýarlyk işlerini geçirmek, çäräniň dowamynda ulanyljak ähli ulag serişdeleriniň tehniki ýagdaýynyň gözden geçirilmegini we talabalaýyk bolmagyny üpjün etmek, «Tiz kömek» awtoulaglarynyň nobatçylyk etmek meselesine seretmek, awtobus gatnawlarynyň rejeli ýola goýulmagy bilen bagly bitewi ulgamyň işlenip düzülmegini üpjün etmek;

halkara maslahata gatnaşjak wekiliýetler üçin olaryň ýaşajak we çäreleriň geçiriljek ýerlerinde iýmit üpjünçiligi meselesini üns merkezinde saklamak, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi, Söwda-senagat edarasy we Azyk senagaty döwlet birleşigi bilen bilelikde bu ugurda degişli taýýarlyk-guramaçylyk işlerini geçirmek;

çäreleriň geçirilýän döwründe ýokary derejede lukmançylyk hyzmatlaryny üpjün etmek;

Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralary tarapyndan jemgyýetçilik tertip-düzgüniniň, howpsuzlygyň berjaý edilmegini gözegçilikde saklamak.

Hormatly maslahata gatnaşyjylar!

Ýokarda beýan edilenlerden ugur alyp hem-de çäreleriň başlanmagyna sanlyja günüň galandygyny göz öňünde tutup, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny üstünlikli geçirmek üçin alnyp barylýan taýýarlyk-guramaçylyk işleriniň depginini güýçlendirmek möhüm bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň bu ugurda ähli tagallalary etmekleri zerurdyr.

Hormatly adamlar!

Şu günki maslahatymyzy geçirip gutarýarys. Siziň ähliňize berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny we alyp barýan işleriňizde mundan beýläk-de täze zähmet üstünliklerini arzuw edýärin.

(Awaza, 2025-nji ýylyň 13-nji iýuly)

Soňky habarlar
14.07
Ýurdumyzyň intellektual kuwwaty pugtalandyrylýar
14.07
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 1 million 471 müň dollaryndan gowrak boldy
14.07
Türkmenistanyň Prezidenti Fransiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
13.07
D.Ý.Seýidow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
13.07
S.A.Baýramow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
13.07
Ş.Mämmedow Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary wezipesine bellenildi
13.07
Halkymyzyň agzybirligi we döredijilikli zähmeti — Watanymyzyň rowaçlygynyň kepili
13.07
Awazada BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna taýýarlyk görmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
13.07
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň guramaçylyk döwlet toparynyň BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna taýýarlyk görmäge bagyşlanan maslahatyndaky çykyşy
13.07
Gahryman Arkadagymyz Awazada welosipedli gezelenç etdi
top-arrow