Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Parlament forumy başlady
Syýasy habarlar
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Parlament forumy başlady
Çap edildi 04.08.2025
2541

Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde Parlament forumy geçirildi.

Hereketleriň Wena maksatnamasyny durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly gazanylan tejribäni paýlaşmak, şeýle hem parlamentarilere Hereketleriň Awaza maksatnamasyny durmuşa geçirmäge ýardam bermek üçin mümkinçilikleri döretmek, parlamentarileriň ýerli, milli we sebit derejelerinde alyp barýan syýasy işi arkaly Hereketleriň täze maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegini çaltlandyrmak maksady bilen, olaryň tejribe alyşmagyna ýardam bermek, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň parlamentleriniň öz kanunçykaryjylyk we beýleki işlerine Hereketleriň onýyllyk maksatnamasynyň ileri tutulýan ugurlaryny girizmegi üçin anyk çäreler babatda maslahatlary işläp taýýarlamak hem-de paýlaşmak forumyň esasy maksady bolup durýar. 

DÇBÖBD-iň parlamentleri bu döwletleriň geografiýa taýdan ýerleşmegi bilen baglanyşykly, meseleleri çözmäge gönükdirilen Hereketleriň Awaza maksatnamasyny durmuşa geçirmekde möhüm orny eýeleýärler. Kanun çykaryjy edaralar hökmünde parlamentler ulag infrastrukturasyny kämilleşdirmäge, sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmäge we ykdysady durnuklylygy pugtalandyrmaga ýardam berýän milli kanunlaryň kabul edilmegini hem-de ornaşdyrylmagyny üpjün edýärler. 

Mundan başga-da, parlamentariler Hereketleriň onýyllyk maksatnamasynyň durmuşa geçirilişiniň aýdyňlygyny, hasabatlylygyny hem-de inklýuziwliligini üpjün edip, hökümetiň, raýat jemgyýetiniň  we halkara hyzmatdaşlaryň arasynda möhüm köpri bolup çykyş edýärler. Olaryň işjeň gatnaşmagy milli we sebit derejelerinde serişdeleri çekmäge hem-de hereketleri utgaşdyrmaga ýardam berýär, bu bolsa Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmak üçin zerur şert bolup durýar. 

Şeýle hem DÇBÖBD-iň parlamentleri Maksatnamanyň durmuşa geçirilişine gözegçilik etmekde we baha bermekde esasy orunlaryň birini eýeleýärler. Munuň özi bar bolan meseleleri öz wagtynda ýüze çykarmaga we strategik ugurlary kesgitlemäge mümkinçilik berýär. Parlamentariler özleriniň kanunçykaryjylyk we gözegçilik wezipelerini ýerine ýetirmegiň netijesinde, maýa goýumlar we innowasiýalar üçin amatly şertleri döretmäge ýardam berýärler. 

Türkmenistanyň Mejlisiniň, BMG-niň Az derejede ösen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler hem-de kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekiliniň müdiriýetiniň Parlamentara Bileleşigi bilen hyzmatdaşlykda guralan bu giň möçberli foruma deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň döwlet düzümleriniň hem-de parlamentleriniň, halkara guramalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşýarlar.

Soňky habarlar
16.07
Türkmenistanyň Prezidentiniň Gruziýa döwlet sapary başlandy
16.07
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen-gruzin işewürlik maslahatyndaky çykyşy
16.07
Halklary ýakynlaşdyrýan köpri
15.07
Döredijilik we ösüş ýoly bilen belent sepgitlere tarap
15.07
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak hakynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň KARARY
15.07
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparyny döretmek hakynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň KARARY
15.07
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi
15.07
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
14.07
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
14.07
Ylmy-lukmançylyk diplomatiýasy: ählumumy saglygy goraýşyň bähbidine tagallalary birleşdirip
top-arrow