Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Eswatininiň Patyşasy bilen duşuşdy
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Eswatininiň Patyşasy bilen duşuşdy
Çap edildi 05.08.2025
2831

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Eswatininiň Patyşasy Mswati III bilen duşuşdy.

Döwlet Baştutanymyz belent mertebeli myhmany mübärekläp, bu halkara maslahata gatnaşmaga çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de her on ýyldan bir gezek geçirilýän bu möhüm çärä Eswatini Patyşalygynyň ýokary derejeli wekiliýetiniň gatnaşmagynyň ähmiýetini belledi.

Eswatininiň Patyşasy mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, forumyň ýokary guramaçylyk derejesini belledi we Türkmenistanyň şeýle möhüm çäräni geçirmeginiň onuň halkara giňişlikdäki uly abraýyna şaýatlyk edýändigini aýtdy. Şeýle-de belent mertebeli myhman pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň wise-başlyklygyna biragyzdan saýlanyp, bu wezipäni abraý bilen ýerine ýetirýändigi üçin gutlaglaryny beýan etdi.

Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen Bitaraplyk hukuk derejesi esasynda daşary ýurt döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary alyp barýandygyny, şunda beýleki döwletler bilen bir hatarda, Afrika ýurtlary bilen gatnaşyklara-da aýratyn üns berýändigini belledi. Dostlukly ýurduň Patyşasynyň saparynyň çäklerinde Türkmenistan bilen Eswatini Patyşalygynyň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak hakynda Teswirnama gol çekilmegi hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň diňe bir ikitaraplaýyn derejede däl-de, eýsem, abraýly halkara düzümleriň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny tassyklap, ýurtlarymyzyň arasynda söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, beýleki ugurlar boýunça gatnaşyklary ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz maslahatyň çäklerinde belent mertebeli myhmanyň Türkmenistan barada, hususan-da, energetika ulgamynda ýetilen sepgitler, ýurdumyzyň tebigy baýlyklary, eksport kuwwaty hakynda baý maglumatlary edinmek mümkinçiliginiň boljakdygyny belledi hem-de Türkmenistanyň Eswatini Patyşalygy bilen gatnaşyklary ösdürmek boýunça netijeli başlangyçlary we teklipleri goldamaga taýýardygyny nygtady.

Taraplar iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň uzak möhletli, özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin berk binýady döretjekdigine, Türkmenistan bilen Eswatininiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň iki ýurduň halklaryny ýakynlaşdyrmaga ýardam berjekdigine, parahatçylygy we durnuklylygy ösdürmäge goşant goşjakdygyna ynam bildirdiler.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Eswatininiň Patyşasy Mswati III birek-birege hoşniýetli arzuwlaryny beýan etdiler.

Soňky habarlar
13.10
Türk­me­nis­tan äh­lu­mu­my aba­dan­çy­ly­gyň bäh­bi­di­ne kö­pu­gur­ly gatnaşyklary gi­ňeld­ýär
13.10
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
13.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
12.10
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
12.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
12.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
12.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 145 million 11 müň dollaryndan gowrak boldy
12.10
Türkmenistanyň Prezidenti Ispaniýanyň Patyşasyny gutlady
11.10
Hünär baýramynyň şanly wakalary
10.10
Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda paýtagtymyzda saglygy goraýyş maksatly täze binalar ulanmaga berildi
top-arrow