Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti hem-de Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministri bilen duşuşdy
Syýasy habarlar
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti hem-de Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministri bilen duşuşdy
Çap edildi 05.08.2025
1283

Şu gün BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem-de Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministri Ali Asadow bilen duşuşygy boldy. Onuň dowamynda goňşy ýurtlaryň arasynda ýola goýlan üçtaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň başlamagynyň öňüsyrasynda Gahryman Arkadagymyz belent mertebeli myhmanlar bilen bilelikde halkara foruma gatnaşýan ýurtlaryň döwlet baýdaklarynyň öňünde ýadygärlik surata düşdi. Munuň özi goňşy ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň hemmetaraplaýyn berkidilýändiginiň nobatdaky güwäsine öwrüldi.

Awazanyň gözel künjeginde ýerleşýän Kongresler merkeziniň döwrebap binasynda guralan duşuşykda Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda geçirilýän we dünýä ähmiýetli meseleleri öz içine alan BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmaga iberilen çakylygy kabul edendikleri üçin ýokary derejeli myhmanlara minnetdarlyk bildirdi we olara alyp barýan jogapkärli wezipelerinde mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw etdi.

Milli Liderimiz umumy taryhy, medeniýeti bolan ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ähli ugurlar boýunça ösdürilmeginde umumylyklaryň ygtybarly binýat bolup hyzmat edýändigine ünsi çekdi. Şeýle-de doganlyk ýurtlaryň arasynda ýola goýulýan hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda ägirt uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.

Medeni-ynsanperwer ulgamda ýola goýulýan gatnaşyklaryň hyzmatdaşlygyň möhüm ugruny emele getirýändigini aýdyp, Gahryman Arkadagymyz bu gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň medeniýetleriň we däp-dessurlaryň wagyz edilmeginde, degişli ugurlar boýunça tejribe alyşmakda ähmiýetlidigini nygtady.

Şol bir wagtyň özünde, doganlyk ýurtlaryň arasynda senagat ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ägirt uly geljeginiň bardygy bellenildi. Tebigy serişdelere baý bolan ýurtlaryň ýangyç-energetika ugry boýunça gazanýan üstünlikleriniň we toplan tejribeleriniň degişli ugurlarda nusgalykdygy nygtaldy. Şeýle hem duşuşygyň dowamynda ulag-logistika ulgamy boýunça gatnaşyklaryň ösdürilýändigine möhüm ähmiýet berildi. Şunuň bilen baglylykda, Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça halkara ulag geçelgelerini ösdürmegiň mümkinçiliklerine garaldy. Şunda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň kuwwatlyklaryny özara bähbitli esasda peýdalanmagyň ugurlary boýunça pikir alyşmalar boldy.

Özbegistanyň Prezidenti Hazaryň kenarynda geçirilýän halkara maslahatyň baý many-mazmuna eýe bolandygyny nygtap, bu çäräniň özi üçin taryhy ähmiýeti bolan pursatlara beslenendigini aýtdy. Bellenilişi ýaly, bu forum oňa gatnaşyjy ýurtlaryň ykdysady taýdan kuwwatlanmagyna we gatnaşyklaryň täze ugurlar boýunça ösdürilmegine giň ýol açdy.

Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministri, ilki bilen, Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza Prezident Ilham Aliýewiň iberen salamyny we aýdan hoşniýetli gutlaglaryny ýetirdi. Şeýle hem ol Hazaryň ajaýyp türkmen kenarynda geçirilýän forumyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilendigini aýratyn nygtady.

Gahryman Arkadagymyz mähirli sözler we hoşniýetli gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, öz gezeginde, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewe iň gowy arzuwlaryny aýtdy.

Duşuşygyň dowamynda üç döwletiň arasynda medeni-ynsanperwer, ekologiýa, ulag-logistika ýaly ugurlar boýunça ýola goýulýan gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigi we hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýe bolýandygy barada aýdyldy.

Netijeli we işjeň ýagdaýda geçen duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň tutuş adamzat ähmiýetli öňe sürýän başlangyçlarynyň giň goldawa eýe bolýandygy bellenildi. Şunda Azerbaýjan we Özbegistan Respublikalarynyň sazlaşykly ösüş ýoluna düşen Türkmenistan bilen raýdaşlygyna aýratyn üns berildi.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşan myhmanlar türkmen topragynda bildirilen hormat we myhmansöýerlik üçin Gahryman Arkadagymyza hoşallyk bildirdiler hem-de Hazaryň ajaýyp kenarynda geçirilýän halkara forumyň çäklerinde guralan duşuşygyň özara gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypany açandygyny nygtadylar.

Soňky habarlar
08.11
Hormatly Prezidentimiz ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
08.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde geçirilen köpçülikleýin bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
08.11
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň edermen oba zähmetkeşlerine, hasyl ussatlaryna we ähli halkyna
08.11
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
07.11
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş sapary tamamlandy
07.11
Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň Kongresiniň wekilleri bilen duşuşdy
07.11
Türkmenistanyň Prezidenti «Nicklaus Сompanies» kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
07.11
Türkmen we amerikan işewürleri özara gatnaşyklaryň täze mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar
07.11
«C5+1» formatynyň döredilmeginiň 10 ýyllygy mynasybetli işewürlik maslahaty
06.11
Ýangyç-energetika toplumy — ykdysady ösüşiň binýady
top-arrow