Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary bilen duşuşdy
Syýasy habarlar
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary bilen duşuşdy
Çap edildi 05.08.2025
1993

Şu gün Hazar deňziniň ajaýyp kenarynda geçirilýän halkara maslahatyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Dmitriý Patruşew bilen duşuşygy boldy. Onuň dowamynda iki dostlukly ýurduň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Häzirki döwürde Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda ýola goýlan ykdysady gatnaşyklar sazlaşykly ösdürilýär. Bu bolsa iki ýurduň eksport-import amallarynyň netijeli häsiýete eýe bolmagyna giň ýol açýar.

Dmitriý Patruşew giň gerimli halkara maslahatyň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we ony ösdürmegiň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Gahryman Arkadagymyzy we hormatly Prezidentimizi gözel Awazada geçirilýän halkara maslahatyň ýokary derejede guralandygy bilen gutlady. Şeýle-de ol Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize iberen salamlaryny hem-de aýdan hoşniýetli arzuwlaryny ýetirdi.

Gahryman Arkadagymyz hoşniýetli gutlaglar üçin myhmana minnetdarlyk bildirip, öz gezeginde, Russiýa Federasiýasynyň Prezidentine we Hökümetiniň Başlygyna özüniň iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň we onuň sebitleriniň arasynda dürli ugurlar boýunça ýola goýlan gatnaşyklar işjeň ösdürilýär. Şunda halkara hyzmatdaşlygyň möhüm ugry hökmünde ykrar edilen medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine-de ähmiýet berilýär.

Soňky ýyllarda iki ýurduň arasynda söwdanyň we özara haryt dolanyşygynyň möçberleri yzygiderli artýar. Netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, Gahryman Arkadagymyz hyzmatdaşlygyň dowamynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek boýunça oňyn tejribe toplanandygyny aýtdy.

Duşuşygyň ahyrynda özara bähbitli gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösdüriljekdigine ynam bildirildi.

Soňky habarlar
14.10
2026-njy ýylyň sentýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
13.10
Türk­me­nis­tan äh­lu­mu­my aba­dan­çy­ly­gyň bäh­bi­di­ne kö­pu­gur­ly gatnaşyklary gi­ňeld­ýär
13.10
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
13.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
12.10
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
12.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
12.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
12.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 145 million 11 müň dollaryndan gowrak boldy
12.10
Türkmenistanyň Prezidenti Ispaniýanyň Patyşasyny gutlady
11.10
Hünär baýramynyň şanly wakalary
top-arrow