Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany bilen duşuşdy
Syýasy habarlar
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany bilen duşuşdy
Çap edildi 05.08.2025
1796

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow taryhy ähmiýeti bolan giň gerimli foruma gatnaşmak üçin ýurdumyza sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşdy.

Belent mertebeli myhman türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik we meýilleşdirilen ähli halkara çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilendigi üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza çuňňur hoşallygyny beýan etdi. Şeýle hem ol Gahryman Arkadagymyz bilen duşuşyp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmagy özüne bildirilen hormat hökmünde kabul edýändigini nygtady.

Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistanyň strategik hyzmatdaşlarynyň biridigini belläp, Gahryman Arkadagymyz bu dostlukly ýurt, şol sanda onuň sebitleri bilen özara bähbitli gatnaşyklaryň ösdürilýändigini belledi. Şunda Tatarystan Respublikasy bilen ýola goýulýan gatnaşyklar ösüşiň hil taýdan täze derejesine çykdy.

Rustam Minnihanow “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň abadanlaşdyrylyş derejesine we onuň binalarynda halkara çäreleri geçirmäge döredilen mümkinçiliklere ýokary baha berdi. Şeýle hem ol BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça maslahatynyň göçme görnüşde ilkinji gezek Türkmenistanda geçirilýändigini aýratyn nygtady. Halkara maslahatyň çäklerinde meýilleşdirilen çäreleriň guramaçylyk derejesiniň dünýä nusgalykdygy barada aýdyldy.

Gahryman Arkadagymyz Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasy bilen ýangyç-energetika, söwda-ykdysady, oba hojalygy we medeni-ynsanperwer ulgamlarda göni gatnaşyklaryň ýola goýlandygyny belledi. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüş depgini häzirki döwrüň talaplaryna doly laýyk gelýär.

Netijeli we işjeň ýagdaýda geçen duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de toplumlaýyn esasda ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Munuň özi birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak esasynda ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň uzak geljegi nazarlaýandygynyň nobatdaky aýdyň güwäsidir.

Gahryman Arkadagymyz we Rustam Minnihanow ýola goýulýan gatnaşyklaryň iki ýurduň abadançylygynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Soňky habarlar
14.10
2026-njy ýylyň sentýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
13.10
Türk­me­nis­tan äh­lu­mu­my aba­dan­çy­ly­gyň bäh­bi­di­ne kö­pu­gur­ly gatnaşyklary gi­ňeld­ýär
13.10
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
13.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
12.10
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
12.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
12.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
12.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 145 million 11 müň dollaryndan gowrak boldy
12.10
Türkmenistanyň Prezidenti Ispaniýanyň Patyşasyny gutlady
11.10
Hünär baýramynyň şanly wakalary
top-arrow