Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Syýasy habarlar
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Çap edildi 10.08.2025
2489

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Gahryman Arkadagymyz we Prezident Ilham Aliýew mähirli salamlaşyp, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler. Şunuň bilen baglylykda, dostlukly ýurduň Prezidenti Milli Liderimiziň ýakynda Azerbaýjan Respublikasyna amala aşyran saparyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýtdy. Bu sapar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda möhüm waka boldy.

Söhbetdeşligiň dowamynda Prezident Ilham Aliýewiň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna amala aşyran saparynyň dowamynda gazanylan netijeleriň we gol çekilen resminamalaryň ähmiýeti nygtaldy. Gahryman Arkadagymyz dostlukly ýurduň Baştutanyny we azerbaýjan halkyny bu taryhy ylalaşyklaryň gazanylmagy bilen gutlady.

Prezident Ilham Aliýew ýakynda Awazada guralan BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň üstünlikli geçirilmegi bilen Gahryman Arkadagymyzy hem-de döwlet Baştutanymyzy tüýs ýürekden gutlap, Azerbaýjanyň wekiliýetine bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirdi hem-de pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Milli Liderimiz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, bu forumyň deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda möhüm ädim bolandygyny aýtdy hem-de Azerbaýjanyň wekiliýetiniň maslahata ýokary derejede gatnaşandygyny belledi.

Söhbetdeşligiň dowamynda Awazada Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Azerbaýjanyň gatnaşmagynda geçirilen üçtaraplaýyn duşuşygyň ähmiýeti bellenildi. Söhbetdeşler üç ýurduň arasynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ugurlaryň giň toplumy boýunça giňeltmek, hususan-da, üstaşyr ulag geçelgelerini ösdürmek boýunça uly mümkinçilikleriň bardygyny tassykladylar.

Şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda “Awaza” kongresler merkezinde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň duşuşygy geçirildi. Bu duşuşykda şu ýylyň güýzünde Daşkentde geçiriljek Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy bilen bagly meselelere seredildi. Duşuşykda Milli Liderimiziň hyzmatdaşlygyň şu formatyna Azerbaýjanyň goşulyşmagy bilen bagly başlangyjy öňe sürüldi.

Şeýle hem söhbetdeşler ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça gyzyklanma bildirip pikir alyşdylar.

Gahryman Arkadagymyz mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Ilham Aliýewi özi üçin islendik amatly wagtda Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy.

Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew birek-birege berk jan saglyk, alyp barýan döwlet işlerinde üstünlikleri arzuw etdiler.

Telefon arkaly söhbetdeşlik azerbaýjan tarapynyň başlangyjy bilen geçirildi.

Soňky habarlar
16.07
Türkmenistanyň Prezidentiniň Gruziýa döwlet sapary başlandy
16.07
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen-gruzin işewürlik maslahatyndaky çykyşy
16.07
Halklary ýakynlaşdyrýan köpri
15.07
Döredijilik we ösüş ýoly bilen belent sepgitlere tarap
15.07
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak hakynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň KARARY
15.07
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparyny döretmek hakynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň KARARY
15.07
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi
15.07
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
14.07
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
14.07
Ylmy-lukmançylyk diplomatiýasy: ählumumy saglygy goraýşyň bähbidine tagallalary birleşdirip
top-arrow