Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Gahrymany Amangözel Şagulyýewa
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Gahrymany Amangözel Şagulyýewa
Çap edildi 11.08.2025
47

Hormatly Türkmenistanyň Gahrymany Amangözel Şagulyýewa!

Sizi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda belleýän 85 ýaş ýubileýiňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli medeniýetimiz, çeper söz sungatymyz döwrebap däpler esasynda yzygiderli baýlaşdyrylýar. Ýurdumyzda amala aşyrylýan taryhy özgertmeler, halkara giňişlikde gazanýan üstünliklerimiz, ilkinji nobatda, ýazyjy-şahyrlarymyzyň, žurnalistlerimiziň eserlerinde giňden şöhlelendirilýär. Bu babatda Siziň döredijiligiňize aýratyn ornuň degişlidigini bellemek ýakymlydyr. Siz döwrümiziň waspçysy hökmünde uzak ýyllaryň dowamynda baý many-mazmunly şygyrlaryňyzdyr uly göwrümli poemalaryňyz bilen gündelik metbugatda, teleradioýaýlymlarda yzygiderli çykyş edip, söze sarpa goýýan halkymyzyň hormatyny gazanmagy başardyňyz.

Adam ykballary, ynsan ömrüniň manysy barada kän oýlanýaryn. Men bu pikirlerimi «Ömrümiň manysy» atly kitabymda hem beýan etdim. Şol kitabymda Siziň köptaraply döredijiligiňiz, türkmen edebiýatynyň kämilleşmegine goşan şahsy goşandyňyz, ýurdumyzyň medeni we syýasy-jemgyýetçilik durmuşyndaky hyzmatlaryňyz dogrusynda pikirlerimi paýlaşdym.

Siziň şygyrlaryňyzda Watana bolan belent söýgi, pederlerimizden gelýän milli däplere ygrarlylyk, türkmen zenanyny bezeýän ajaýyp häsiýetler, perzent terbiýesi barada çuňňur manyly pikirler bar. Bu günki gün şol şygyrlaryňyz mähriban Watanymyz hakynda iň ajaýyp aýdym bolup ýaňlanýar. Diňe ykbalyny, bütin ömrüni Watanyndan aýra saýmaýan ynsanlaryň döreden eserleri hakydalarda hemişelik galýar. Çünki Siz her bir setiriňize yhlas siňdirmek bilen birlikde, döwrüň wakalaryna bada-bat seslenmegi hem başarýarsyňyz. Garaşsyz Diýarymyzda gazanylýan üstünlikler, döwlet durmuşynyň ähli ugurlarynda ýetilýän belent sepgitler, döwrüň wajyp wakalary Siziň şahyrana nazaryňyza ilýär. Bu bolsa ýüregi «Watan» diýip urýan, öz ykbalyny baglan kärine wepaly ynsanlara mahsus häsiýetdir.

Bu gün türkmen edebiýatynda däp bolan edebi ýoluň dowam etdirilmeginde, söz sungatymyzyň döwrüň ruhy bilen milli däpleriň sazlaşygy arkaly baýlaşmagynda Siziň aýratyn şahsy goşandyňyz bar. Uzak ýyllaryň dowamynda okyjylar tarapyndan gyzgyn garşylanan kitaplaryňyz türkmen şygryýetiniň many-mazmun we döwrebap däpler esasynda baýlaşmagyna saldamly goşant boldy. Size Watan öňündäki bitiren hyzmatlaryňyz üçin «Türkmenistanyň halk ýazyjysy», «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen belent derejeler berildi, şeýle-de Siz Magtymguly adyndaky halkara baýraga we beýleki döwlet sylaglaryna mynasyp bolduňyz.

Döwrümiziň waspçysy Amangözel Şagulyýewa!

Ähli ugurlarda bolşy ýaly, biz ata-babalarymyzyň asyrlaryň dowamynda kämilleşdiren asylly däbi bolan halypa-şägirtlik ýörelgesine-de uly ähmiýet berýäris. Siz bu ugurda hem özboluşly mekdebi döredip, nusgalyk işleri bitirdiňiz. Siziň göreldäňizdir öwüt-nesihatlaryňyz bilen edebiýat meýdanyna gelen ýaşlar bu gün döwrümiziň sesine ses goşup, ýurdumyzyň üstünliklerini öz şygyrlarynda wasp edýärler. Siziň ömrüňiziň kämillik we döredijiligiňiziň gül açýan döwri eziz Watanymyz Garaşsyz Türkmenistanyň ösüşlere beslenýän, bagtyýar halkymyzyň eşretli durmuşyň hözirini görýän döwrüne gabat geldi. Şeýle bagtyýar, abadan, asuda durmuşymyz ömrüni Watana, ykbalyny şygryýete bagyşlan şahyr zenan üçin hakyky ylham akabasydyr. Türkmençilikde 85 ýaş goýazylygyň, nurana pähim-paýhaslylygyň hem-de kämilligiň iň belent derejesi hasaplanýar. Siziň döwrüň sesine ses goşýan, ýurdumyzyň üstünlikleriniň, ýeten belent sepgitlerimiziň waspyny ýetirýän ajaýyp eserleriňiz bilen okyjylary mundan beýläk-de begendirjekdigiňize ynanýaryn.

Hormatly Amangözel Şagulyýewa!

Sizi hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýunyň uludan dabaralandyrylýan ýylynda belleýän ýaş toýuňyz bilen ýene-de bir gezek mähirli gutlaýaryn. Siziň janyňyz sag, ömrüňiz uzak, maşgalaňyz abadan bolsun! Goý, mundan beýläk-de galamyňyz ýiti bolup, döredijilik ylhamyňyz joşup dursun!


Türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy,
Gahryman Arkadag Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

Soňky habarlar
12.08
«Hazar deňzi — dostluk we parahatçylyk deňzi» atly ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara
11.08
Türkmenistanyň Gahrymany Amangözel Şagulyýewa
11.08
Türkmenistanyň Gahrymany Amangözel Şagulyýewa
11.08
Şahyrana söz ussadyna sarpa
11.08
Umumy maksatlaryň bähbidine netijeli dialogy pugtalandyryp
10.08
Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň minnetdarlyk haty
10.08
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň minnetdarlyk haty
10.08
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
10.08
BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty dünýä metbugatynyň sahypalarynda
10.08
TDHÇMB-nyň söwdalarynda ge­le­şik­le­riň je­mi ba­ha­sy ABŞ-nyň 3 mil­lion 301 müň dol­la­ryn­dan gow­rak bol­dy
top-arrow