Şu ýylyň 5 — 8-nji awgusty aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty üstünlikli geçirildi. Maslahatyň çäklerinde guralan Ýaşlar forumy DÇBÖBD-niň ýaşlarynyň durnukly ösüş, sanly özgertmeler, howanyň üýtgemegi ýaly döwrüň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşmagy üçin meýdança bolup hyzmat etdi. Forum bu ýurtlaryň ýaşlarynyň arasynda öňdebaryjy tejribeleri alyşmak, täze taslamalardyr başlangyçlary durmuşa geçirmek üçin tagallalary birleşdirmekde möhüm ädim boldy. Munuň özi Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde häzirki zaman ösüşiniň kuwwatly güýji bolan ýaşlaryň täzeçil pikir-garaýyşlaryna uly orun berilýändiginiň nyşanydyr.
Inklýuziw ösüş üçin ýaşlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirilen giň möçberli foruma deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ýaş wekilleri bilen bir hatarda, Türkmenistanyň ýaşlarynyň hem işjeň gatnaşmagy ýurdumyzda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky güwäsi boldy. Diýarymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýaşlar syýasaty boýunça halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda zerur tagallalar edilýär. Türkmenistanyň başlangyjy esasynda döredilen Merkezi Aziýa döwletleriniň ýaşlar dialogyny muňa mysal hökmünde görkezmek bolar. Onuň ilkinji duşuşygy 2023-nji ýylyň oktýabrynda Arkadag şäherinde, ikinjisi bolsa şu ýylyň aprelinde BMG-niň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasynda geçirildi. Bu duşuşyga dünýäniň 45 ýurdundan wekiller gatnaşdylar. Dialogyň duşuşyklaryna gatnaşyjylaryň ýüzlenmeleri bolsa BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji we 79-njy sessiýalarynyň resminamalary hökmünde çap edildi.
...Forumyň dowamynda DÇBÖBD-de çözgütleri kabul etmek işine ýaşlaryň işjeň gatnaşmagyny üpjün etmäge, olaryň hukuklaryny, mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirilen «Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň geljegi üçin köprüleri gurmak» atly Ýaşlar jarnamasynyň tassyklanylmagy Awaza maslahatynyň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekdäki ähmiýetini has-da artdyrdy. Ýaşlar jemgyýetiň aýrylmaz bölegi bolup, olaryň çözgütleri kabul etmäge gatnaşmagy durnukly ösüşi üpjün etmegiň möhüm şerti bolup çykyş edýär. Şoňa görä-de, bu Jarnama ýaşlaryň öz geljegini we ýurtlarynyň geljegine degişli strategiýalary döretmäge işjeň gatnaşmagyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Ýaşlaryň nurana geljek baradaky garaýyşlary beýan edilen Jarnama olaryň 2024 — 2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasyna hem-de DÇBÖBD-niň durnukly ösüşine goşant goşmaga ygrarlydygyny görkezýär.
Resminamada durnukly ösüşiň, abadançylygyň, özara düşünişmegiň binýady hökmünde sebitleýin hyzmatdaşlygy we ýaşlaryň arasyndaky dialogy pugtalandyrmagyň möhümdigi tassyklanylýar. Şunda uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ýola goýmak, parahatçylyk, ynanyşmak medeniýetini ösdürmek, bilim, innowasiýalar, raýdaşlyk arkaly ýaşlaryň mümkinçiliklerini açmak üçin dialog platformalaryny döretmäge çagyryş beýan edilýär. Şunuň bilen birlikde, Jarnamada bu ýurtlarda ylmyň, tehnologiýalaryň, innowasiýalaryň ulanylmagynyň gerimini giňeltmek esasynda ýaşlaryň iş bilen üpjünçiligini ýokarlandyrmagyň, olaryň bähbitlerini göz öňünde tutýan düzümleýin özgertmeleri amala aşyrmak boýunça bilelikdäki tagallalary durmuşa geçirmegiň zerurdygy bellenilýär. Senagatyň köp täze pudaklary ýaşlar tarapyndan ösdürilýär. Bu pudaklar DÇBÖBD-niň ykdysadyýetiniň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna, ýurtlaryň söwda mümkinçilikleriniň artmagyna uly goşant goşýar. Ýaşlaryň bu pudaklaryň işine gatnaşmagy deňze göni çykalgasy bolmadyk döwletleriň dünýä derejesinde bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrýar. Bu bolsa ykdysadyýetiň has durnukly hem depginli ösmegine getirýär. Şu nukdaýnazardan, resminamada DÇBÖBD-niň ýaşlarynyň bütindünýä söwda ulgamyna goşulmagy babatda netijeli ugurlar hökmünde sanly söwdany, elektron täjirçiligi ulanmagyň, sanlylaşdyrmagyň, tehnologik innowasiýalaryň öňdäki hatarlarda bolmagy üçin olaryň mümkinçilikleriniň höweslendirilmeginiň möhümdigi nygtalýar.
Ýaşlar jarnamasynda howanyň üýtgeýän şertlerinde durnukly ulag infrastrukturasynyň, bank we ulag taslamalarynyň ösdürilmeginiň wajypdygyna, bu başlangyçlaryň ilerledilmeginde bolsa ýaşlaryň öňdebaryjy orunlary eýelemelidigine üns çekilýär. Ol ulag ulgamyny üpjün etmek üçin gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerine uly möçberde maýa goýumlary, ulag geçelgeleriniň geçirijiligini artdyrmak maksady bilen, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň ulanylmagyny öz içine alýar. Jarnamada ylym-bilim meselesine aýratyn orun berlip, hususan-da, kompýuter okuw merkezlerini döretmäge, ýokary bilime elýeterliligiň gerimini giňeltmäge hem-de STEM (Ylym, Tehnologiýa, Inženerçilik we Matematika) ulgamynda bilimiň pugtalandyrylmagyna çagyryş beýan edilýär. Sanly özgertmelere ýardam berilmegi, tehnologiýalaryň has giňden ornaşdyrylmagy, innowasion ekoulgamlaryň ösdürilmegi ýaşlarda geljek üçin zerur bolan maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary bilen işlemek endiklerini kemala getirmek üçin aýgytlaýjy ähmiýete eýe bolýar.
Resminamada ýaşlaryň öz pikirlerini erkin beýan edip bilýän we çözgütleri kabul etmek işine işjeň gatnaşmagyny üpjün edýän inklýuziw gurşawy döretmegiň möhümdigine üns çekilýär. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde geçirilen Ýaşlar forumynyň esasy maksadynyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek bilen gönüden-göni bagly bolup, onuň ählumumy ösüş strategiýalarynyň durmuşa geçirilmeginde ýaşlaryň mümkinçiliklerinden peýdalanmaga gönükdirilendigini bellemek gerek. Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde ýaşlaryň orny örän uludyr. Olar diňe bir geljekki ýolbaşçylar, hünärmenler bolmak bilen çäklenmän, eýsem, häzirki döwrüň derwaýys meselelerini çözmäge-de işjeň gatnaşýarlar. Ýaşlaryň täze pikirlere has açyk bolmaklary, sanly tehnologiýalardan ýokary derejede peýdalanmagy başarmaklary maglumatlary netijeli dolandyrmaga, ählumumy meseleleri çözmekde netijeli çemeleşmeleri işläp taýýarlamaga ýardam berýär.
Ýaşlar howanyň üýtgemegine garşy göreşmek, ýokary hilli bilim, gender deňligi, jogapkärçilikli sarp ediş we önümçilik, parahatçylyk döredijilik ýaly ugurlarda has-da işjeňlik görkezýärler. Häzirki wagtda howanyň üýtgemegi bilen bagly mesele ekoulgamdan başlap, ykdysadyýete çenli durmuşyň ähli ugurlaryna täsirini ýetirip, ählumumy derejede gyssagly we netijeli hereketleri talap edýär. Ýaşlar ylym-bilim, tehnologiýalar arkaly Durnukly ösüşiň howanyň üýtgemegine garşy göreşmäge gönükdirilen maksadyny amala aşyrmak boýunça tagallalara saldamly goşant goşýarlar, hususan-da, zyňyndylary azaltmak we «ýaşyl» ykdysadyýeti ilerletmek bilen bagly innowasion taslamalary taýýarlaýarlar. Şeýle hem olar bilim platformalaryny döretmek, bilimiň hilini ýokarlandyrmak arkaly onuň inklýuziw, elýeterli bolmagyny üpjün etmekde wajyp wezipäni ýerine ýetirýärler.
Häzirki wagtda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ilatynyň 58 göterimi 25 ýaşa çenli ýaşlardyr. Munuň özi geljek onýyllyk göz öňünde tutulanda, 140 milliona golaý adama deňdir. Bu ýurtlaryň geografik, ykdysady, infrastruktura we beýleki birnäçe päsgelçilikler bilen ýüzbe-ýüz bolýandygy üçin ýaşlaryň telekeçilik başlangyçlaryna möhüm orun degişlidir. Şoňa görä, ýaşlaryň telekeçilik başlangyçlaryny goldamak hem Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde derwaýys meseleleriň biri bolup durýar. Ýaş telekeçiler durmuş, ekologik innowasiýalaryň hereketlendirijisi bolup çykyş edýärler. Olaryň başlangyçlaryny maliýeleşdirmek gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, «ýaşyl» tehnologiýalar, durnukly oba hojalygy ýaly ugurlarda Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge goşant goşýan işewürlik nusgalaryny döretmäge ýardam edip biler.
Döwletimiziň ýaşlaryň telekeçiligini işjeň goldaýandygyny nygtamak gerek. Ýaş telekeçilere maslahat, serişde, maliýe goldawy berilýär. Munuň özi kiçi we orta telekeçiligi ösdürmäge, netijede, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmaga mümkinçilik berýär. Şeýle hem ýerli, halkara derejede ýaşlar guramalarynyň we jemgyýetleriniň döredilmegi öňdebaryjy tejribäni alyşmagy aňsatlaşdyrýar. Şeýle hyzmatdaşlyk ýaşlaryň tagallalaryny birleşdirmäge, bilelikdäki taslamalaryň üstünde işlemäge we halkara giňişlikde eýeleýän ornuny pugtalandyrmaga şert döredýär. Bu çemeleşmeleriň durmuşa geçirilmegi diňe bir ýaşlaryň mümkinçiliklerinden peýdalanmak bilen çäklenmän, eýsem, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin inklýuziw, ösen jemgyýeti kemala getirmäge-de itergi berýär. Şunuň bilen baglylykda, Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmakda Türkmenistanda alnyp barylýan işler möhüm ähmiýete eýedir. Ýurdumyz bu maksatlary döwlet syýasatyna işjeň ornaşdyryp, şunda ýaş nesliň wekillerine uly orun berilýär.
Türkmenistan BMG-niň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibini kabul edip, onuň durmuşa geçirilmegine aýratyn üns berýär we bu işe toplumlaýyn çemeleşýär. Mälim bolşy ýaly, durnukly ösüşi gazanmaga gyzyklanma bildirýän ähli taraplaryň, aýratyn-da, ýaşlaryň işjeň gatnaşmagy zerurdyr. Çünki durnukly ösüş geljek nesiller üçin örän wajypdyr. Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda “Döwlet adam üçindir!” diýen ýörelgä esaslanýan, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmaga, milli ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, ylmy, innowasiýalary goldamaga gönükdirilen giň gerimli durmuş-ykdysady maksatnamalar amala aşyrylýar. Ýaşlaryň telekeçiligine goldaw bermek, gurluşyk-senagat, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, maglumat-aragatnaşyk, logistika, oba hojalygy ýaly pudaklarda iş orunlaryny döretmek babatda giň gerimli çäreler durmuşa geçirilýär. Erkin ykdysady zolaklaryň döredilmegi, kiçi we orta telekeçilige döwlet tarapyndan goldaw berilmegi, hünär taýýarlygy boýunça täze ugurlaryň açylmagy ýaşlaryň mümkinçiliklerini has-da giňeldýär.
Adam maýasyna gönükdirilýän serişdeler aýratyn ähmiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan hemmeler üçin elýeterli ýokary hilli bilimi üpjün etmäge ygrarlydyr. Ýurdumyzda hemmetaraplaýyn bilim almaga, şol sanda bu ugurda sanly ulgamy giňden ornaşdyrmaga uly üns berilýär. Milli bilim ulgamy döwrebaplaşdyrylýar, okuw edaralary häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilýär, okuw maksatnamalaryna bolsa innowasion usullar girizilýär. Sanly sowatlylyga aýratyn üns berilýär. Munuň özi ýaşlara diňe bir milli derejede däl, eýsem, halkara derejede-de bäsdeşlige ukyply bolmaga mümkinçilik berýär. Yzygiderli geçirilýän olimpiadalarda, bäsleşiklerde, ylmy maslahatlarda türkmen ýaşlary daşary ýurtly deň-duşlary bilen tejribe alyşýarlar. Mundan başga-da, Türkmenistan ýaşlaryň ählisi üçin ýokary hilli tehniki, hünär we ýokary bilime elýeterliligi üpjün edýär. “Maglumat tehnologiýalary ulgamynda sanly çözgütler” maksatnamasy programma üpjünçiligini, sanly çözgütleri işläp taýýarlamaga mümkinçilik berýär. Şunuň bilen bir hatarda, ýaşlaryň başlangyçlaryny goldamaga degişli ekoulgamlar döredilýär we ösdürilýär.
Türkmen ýaşlary dürli ulgamlarda Durnukly ösüş maksatlaryny ilerletmäge işjeň gatnaşýarlar. Olar daşky gurşawy goramak boýunça alnyp barylýan umumymilli işiň öň hatarynda durýarlar. Ýaşlaryň bag nahallaryny ekmek baradaky başlangyçlary ählumumy ekologik tagallalara goşantdyr. Häzirki wagtda türkmen ýaşlary öz şahsy saglygy üçin jogapkärçiligine has aýdyň düşünýärler. Sagdyn durmuş ýörelgeleriniň wagyz edilmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzda ýaşlaryň sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaklary üçin döwrebap sport toplumlary gurulýar. Welosipedli ýörişler, marafonlar, spartakiadalar ýaşlarda fiziki işjeňlik medeniýetini terbiýeleýär.
Suw serişdelerini netijeli dolandyrmak howanyň üýtgemeginiň täsirini azaltmakda hem-de oňa uýgunlaşmakda möhüm orny eýeleýär. Olaryň rejeli ulanylmagy Türkmenistanyň Suw hakyndaky kodeksi tarapyndan üpjün edilýär. Suwdan peýdalanmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak, ýurdumyzda goşmaça suw gorlaryny döretmek maksady bilen, täze suw howdanlaryny döretmek, ozal bar bolanlaryny giňeltmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.
Dürli bilim maksatnamalarynyň, medeni alyşmalaryň, ýaşlar forumlarynyň netijesinde türkmen ýaşlary halklaryň arasyndaky gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga ýardam edip, abadan durmuşyň üpjün edilmegine uly goşant goşýarlar. Olar ähli ulgamlarda, şol sanda bilim, tehnologiýalar we telekeçilik ulgamlarynda amala aşyrylýan giň gerimli maksatnamalardyr taslamalara işjeň gatnaşýarlar. Bu başlangyçlar aýry-aýry taslamalar däl-de, eýsem, ýaşlaryň mümkinçiliklerini ösdürmäge has giň, toplumlaýyn milli çemeleşmäniň aýratyn bölegi bolup, 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça Türkmenistanyň strategik garaýyşlaryna doly laýyk gelýär.