Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Hazaryň kenarynda Azerbaýjanyň we Özbegistanyň döwlet Baştutanlaryna sowgatlar gowşuryldy
Syýasy habarlar
Hazaryň kenarynda Azerbaýjanyň we Özbegistanyň döwlet Baştutanlaryna sowgatlar gowşuryldy
Çap edildi 22.08.2025
2275

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen bilelikde geçirilen üçtaraplaýyn ýokary derejeli duşuşygynyň hormatyna medeni çärä gatnaşdylar.

Bu ýerde guralan dabara Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy we yzygiderli tagallasy bilen 2007-nji ýylda döredilen “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlary bilen başlandy.

Şanly wakanyň hormatyna geçirilen dabara gatnaşyjylar ahalteke bedewleriniň gözelligini, çeýeligini we çapyksuwarlar bilen bedewleriň sazlaşykly hereketlerini uly buýsanç duýgulary bilen synladylar.

Soňra bu ýerde guralan dabara belent mertebeli myhmanlara özboluşly sowgatlary gowşurmak çäresi bilen dowam etdi.

Tutuş sebitiň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly waka mynasybetli guralan çäre ýatda galyjy wakalara we täsirli pursatlara beslendi. Onuň dowamynda Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň ýokary derejeli duşuşygyna gatnaşandyklary we geçirilen gepleşikleriň jemleri boýunça oňyn çözgütleriň kabul edilmegini we ylalaşyklaryň gazanylmagyny goldandyklary üçin çuňňur minnetdarlygyň nyşany hökmünde belent mertebeli myhmanlara hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň adyndan sowgatlar gowşuryldy.

Ilki bilen, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewe hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň we tutuş türkmen halkynyň adyndan sahawatly toprakda ösdürilip ýetişdirilen Akýal mele reňkli Tawus atly ajaýyp ahalteke bedewi gowşuryldy.

Soňra doganlyk Özbegistanyň Baştutany Şawkat Mirziýoýewe hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň we türkmen halkynyň adyndan körpe köşekli arwana düýäniň sowgat berilýändigi yglan edildi.

Munuň özi häzirki döwürde ýurdumyzda paýhasly pederlerimiziň taryhyň dowamynda döreden we dünýä nusgalyk ynsanperwer ýörelgelere esaslanýan ýagşy dessurlarynyň häzirki döwürde dowam etdirilýändiginiň nobatdaky beýanyna öwrüldi.

Gahryman Arkadagymyz doganlyk döwletleriň Baştutanlary bilen bilelikde ýadygärlik surata düşdi hem-de olary mynasyp bolan sowgatlary bilen gutlady.

Soňky habarlar
13.10
Türk­me­nis­tan äh­lu­mu­my aba­dan­çy­ly­gyň bäh­bi­di­ne kö­pu­gur­ly gatnaşyklary gi­ňeld­ýär
13.10
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
13.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
12.10
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
12.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
12.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
12.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 145 million 11 müň dollaryndan gowrak boldy
12.10
Türkmenistanyň Prezidenti Ispaniýanyň Patyşasyny gutlady
11.10
Hünär baýramynyň şanly wakalary
10.10
Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda paýtagtymyzda saglygy goraýyş maksatly täze binalar ulanmaga berildi
top-arrow