Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek ýokary derejeli duşuşyga gatnaşmak üçin Balkan welaýatyna ugrady.
Ir bilen Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň binasyndan çykyp, paýtagtymyzyň Halkara howa menziline tarap ugrady. Bu ýerde Milli Liderimizi ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar. Az salymdan hormatly Arkadagymyzyň uçary Türkmenbaşynyň Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzüldiler. Ýokary derejeli üçtaraplaýyn duşuşygy kabul edýän kenarýaka şäheriň Halkara howa menzilinde dostlukly ýurtlaryň Döwlet baýdaklary parlaýar.
Häzirki döwürde Türkmenistan, Azerbaýjan Respublikasy we Özbegistan Respublikasy syýasy-diplomatik ulgamda bolşy ýaly, beýleki ugurlarda-da netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Bu bolsa sebitde ählumumy parahatçylygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmeginiň esasy şerti bolup durýar. Goňşy döwletleriň arasyndaky ýokary derejeli duşuşygyň Hazar deňziniň kenarynda geçirilmeginde çuňňur many bar. Munuň özi “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň ýokary derejeli halkara çäreleriň geçirilýän mekany hökmünde eýeleýän ornuny pugtalandyrýar.
Gahryman Arkadagymyz Türkmenbaşynyň Halkara howa menzilinden soňky ýyllarda keşbi düýpli özgeren “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyna tarap ugrady. Syýahatçylyk zolagyna barýan, ýokary halkara görkezijilere laýyk gelýän ýollar onuň häzirki zaman amatlyklaryny özünde jemleýän binalary bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirýär. Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky ýokary derejeli duşuşygy kabul edýän Awazada ekologik meseleleriň oňyn çözülýändigini aňladýan görnüşler göwnüňi göterýär. Bu ugurda degişli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň özi Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän tokaý zolaklaryny döretmek strategiýasynyň rowaçlyklara beslenýändiginiň aýdyň beýanydyr.
Şu gün bolsa «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistan — Azerbaýjan — Özbegistan üçtaraplaýyn duşuşygyna gatnaşmak üçin ýurdumyza iş sapary bilen gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň arasynda gepleşikler geçirildi.
Türkmenbaşy şäheriniň üç doganlyk ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Halkara howa menzilinde belent mertebeli myhman türkmen halkynyň milli myhmansöýerlik däplerine laýyklykda, mähirli garşylanyldy. Dostlukly döwletiň Baştutanyna duz-çörek hödür edildi we gül desseleri gowşuryldy. Goňşy ýurduň Lideri Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzülen haly düşelen ýodajykdan geçip, Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň ýokary derejedäki duşuşygynyň geçirilýän ýerine — Kongresler merkezine tarap ugrady.
Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda türkmen-azerbaýjan gatnaşyklary yzygiderli ösdürilýär. Ýokary derejedäki duşuşyklaryň we gepleşikleriň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklar köpugurly hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigini görkezýär. Iki ýurduň arasynda daşary söwda dolanyşygynyň durnukly ösýändigini hem bellemek gerek. Azerbaýjanyň ýurdumyzyň esasy söwda hyzmatdaşlarynyň biridigine degişli görkezijiler eksport-import amallarynyň möçberiniň barha artýandygyna şaýatlyk edýär. Biziň ýurdumyzdan goňşy döwlete dürli görnüşli önümleriň iberilişiniň depginleri barha ýokarlanýar. Söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmek bilen bir hatarda, ikitaraplaýyn haryt dolanyşygyny artdyrmak boýunça döwlet derejesinde netijeli çäreleriň durmuşa geçirilmegi milli ykdysadyýetleriň kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna ýardam berýär.
...Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň awtoulag kerweni Kongresler merkezine gelýär. Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly döwletiň Baştutanyny mähirli garşylaýar. Iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde bilelikde surata düşmek dabarasy tamamlanandan soňra, Gahryman Arkadagymyz bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň ikiçäk duşuşygy boldy. Onuň dowamynda döwletara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri belent mertebeli myhmany mübärekläp, çakylygy kabul edip, ýurdumyza sapar bilen gelendigi üçin Prezident Ilham Aliýewe tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Şu ýylyň iýulynda Azerbaýjan Respublikasyna amala aşyran saparynyň dowamynda bildirilen ýokary myhmansöýerlik we mähirli kabul edilendigi üçin goňşy döwletiň Baştutanyna minnetdarlyk bildirip, Gahryman Arkadagymyz şol saparyň dowamynda doganlyk ýurduň gözel ýerlerine baryp görendiklerini, iki halkyň bähbitlerine gönükdirilen möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşandyklaryny nygtady.
Her gezekki duşuşyklarymyzda belleýşim ýaly, türkmen we azerbaýjan halklaryny gözbaşyny gadymdan alyp gaýdýan taryhy-medeni umumylyklar, birmeňzeş däp-dessurlar birleşdirýär diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy sözüni dowam etdi. Gahryman Arkadagymyz häzirki wagtda döwletara gatnaşyklaryň köpasyrlyk hoşniýetli goňşuçylyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýandygyny aýdyp, bu gezekki duşuşygyň sebitiň ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejä çykmagyna kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirdi.
Soňra Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi we Awazada geçirilýän duşuşygyň ýokary guramaçylyk derejesi üçin Milli Liderimize hoşallyk bildirdi. Belent mertebeli myhman gözel Awazada bolup, bu duşuşyga gatnaşmagynyň özi üçin uly hormatdygyny nygtady. Şunda Hazar deňziniň ajaýyp kenarynda dünýä derejeli şypahana zolagynyň Gahryman Arkadagymyzyň tagallasyndan dörän ajaýyp taslamadygy aýratyn bellenildi. Häzirki döwürde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň halkara giňişlikdäki abraýy has-da belende göterilýär.
Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň şu gezekki ýokary derejeli duşuşygynyň taryhy ähmiýeti bardyr. Prezident Ilham Aliýew taryhy kökleri, umumy medeniýetleri arkaly baglanyşýan döwletleriň üçtaraplaýyn ýokary derejeli gepleşiklerini geçirmek başlangyjyny öňe sürendigi üçin türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk bildirip, bu duşuşygyň sebitiň ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegine kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirdi. Soňra gepleşikler iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdi.
Gahryman Arkadagymyz çakylygy kabul edip, Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň ýokary derejeli duşuşygyna gatnaşýandygy üçin Prezident Ilham Aliýewe we azerbaýjan wekiliýetiniň agzalaryna öz adyndan hem-de hormatly Prezidentimiziň adyndan hoşallyk bildirip, olary türkmen topragynda görýändigine şatdygyny belledi. Munuň özi özara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşmak we onuň geljekki ugurlaryny kesgitlemek üçin oňyn mümkinçilikdir. Şeýle-de Halk Maslahatynyň Başlygy Azerbaýjan Respublikasyna amala aşyran saparynyň dowamynda bildirilen myhmansöýerlik we ähli meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilendigi üçin minnetdarlyk bildirdi. Şol saparyň dowamynda gazanylan ylalaşyklar iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň dürli ugurlar boýunça ösdürilýändiginiň anyk mysallarydyr.
“Biz şu gezekki duşuşygymyzda ýurtlarymyzy baglanyşdyrýan gymmatlyklardan ugur alyp, Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň arasynda syýasy, ykdysady, medeni, beýleki durmuş ugurlaryndaky gatnaşyklary ösdürmek bilen bagly soraglary ara alyp maslahatlaşarys” diýip, hormatly Arkadagymyz sözüni dowam etdi. Häzirki wagtda iki ýurduň arasynda hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ýokary derejede alnyp barylýandygyny belläp, Milli Liderimiz bu gatnaşyklary has-da ilerletmek we giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyna ünsi çekdi. Şol bir wagtda türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygyny täze derejä çykarmak boýunça anyk teklipler öňe sürler we özara bähbitli başlangyçlary beýan edýän çykyşlar guralar. Söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegi ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň gün tertibinde wajyp orny eýeleýär. Bu ugurda köp işleriň edilendigine garamazdan, iki ýurduň ägirt uly ykdysady mümkinçilikleri we kuwwaty bar. Duşuşykda, hususan-da, özara söwda dolanyşygynyň möçberini artdyrmak, energetika, ulag-logistika, aragatnaşyk, dokma senagaty, gurluşyk ýaly möhüm ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda ähli zerur şertleriň bardygy, medeni-durmuş ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň döwletara gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigi nygtaldy. “Bu ugurdaky gatnaşyklaryň giňeldilmegi iki ýurduň doganlyk halklaryny has-da ýakynlaşdyrmaga, medeniýetleri özara baýlaşdyrmaga ýardam berer” diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi.
Milli Liderimiz yzygiderli esasda özara Medeniýet günleriniň geçirilmeginiň, ylym-bilim, sport, syýahatçylyk ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň ilerledilmeginiň möhümdigini belläp, Türkmenistanyň iki ýurduň baý medeni mirasyny gorap saklamak, şol sanda halk dessanlaryny, halyçylyk, senetçilik, amaly-haşam we saz sungatlaryny baýlaşdyrmak boýunça bilelikdäki çäreleriň geçirilmegini goldamaga taýýardygyny tassyklady. Gahryman Arkadagymyz Ilham Aliýewi Türkmenistanda görýändigine şatdygyny ýene-de gezek belledi we Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentine söz berdi.
Prezident Ilham Aliýew türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi we Awazada geçirilýän ýokary derejeli duşuşygyň guramaçylyk derejesi üçin Gahryman Arkadagymyza hoşallyk bildirdi. Şunuň bilen birlikde, “Türkmenistan — Azerbaýjan — Özbegistan” formatynda geçirilýän şu gezekki duşuşygyň möhümdigi bellenildi. Taryhy kökleri we umumy medeniýetleri arkaly baglanyşýan üç döwletiň arasynda ýokary derejeli gepleşikleri geçirmek başlangyjyny öňe sürendigi üçin Gahryman Arkadagymyza hoşallyk bildirip, Ilham Aliýew duşuşygyň sebitiň ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň has-da ösdürilmegine kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirdi.
Belent mertebeli myhman Türkmenistanda halkara ähmiýetli ulag-logistika düzüminiň häzirki derejesine ýokary baha berdi. Munuň özi Beýik Ýüpek ýolunyň şu günüň ruhuna kybap derejede dikeldilmeginde ähmiýetlidir. Şeýle hem goňşy döwletiň Baştutany iki ýurduň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, ulag-aragatnaşyk ugurlary boýunça gatnaşyklary ösdürmegiň ägirt uly geljeginiň bardygyny nygtady. Şunda bilelikdäki tagallalaryň oňyn netije berjekdigi gürrüňsizdir.
Giňişleýin düzümde geçirilen gepleşikleriň dowamynda Gahryman Arkadagymyz häzirki döwürde Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmak, uzak möhletleýinlik ýörelgeleri esasynda ösdürilýändigine kanagatlanma bildirip, ýokary derejede geçirilýän gepleşikleriň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ilerledilmegine kuwwatly itergi berýändigini aýtdy. Syýasy-diplomatik gatnaşyklar barada aýdylanda, Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň dünýä hem sebit meseleleri boýunça garaýyşlary meňzeşdir ýa-da ýakyndyr. Halkara we sebitara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň, Goşulyşmazlyk Hereketiniň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Türki Döwletleriň Guramasynyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň we beýleki köptaraply düzümleriň çäklerinde bilelikdäki işler alnyp barylýar.
Duşuşykda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýändigi nygtaldy. Iki ýurduň ýakyn geljekde ykdysady ugurly özara hereketlerini ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleri bardyr. “Hazaryň kenaryndaky Türkmenbaşy we Alýat deňiz portlarynyň arasynda yzygiderli gämi gatnawynyň ýola goýulmagy Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň ulag-logistika ulgamynda alyp barýan bilelikdäki işiniň oňyn netijesidir. Türkmen we azerbaýjan deňiz portlarynyň döwrebap düzümlerini we mümkinçiliklerini nazara almak bilen, Hazarüsti ulag geçelgesi boýunça ýük gatnawlary üçin has oňaýly şertleri döretmek bilen baglanyşykly meselelere garamak maksadalaýyk bolar” diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady. Bularyň ýerüsti we deňiz ulaglary boýunça amala aşyrylýan multimodal gatnawlara degişlidigini aýdyp, Halk Maslahatynyň Başlygy iki ýurduň arasynda howa gatnawlarynyň ösdürilmeginiň wajypdygyna ünsi çekdi.
Energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlyk hem türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Şunda Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň Hazar deňzi sebitinden Ýewropa ýurtlaryna elektrik energiýasyny ugratmak boýunça bilelikdäki işiniň ägirt uly geljegi bardyr.
Medeniýet ulgamyndaky hyzmatdaşlyga-da aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, iki halkyň gadymy atşynaslyk sungatyny tanyşdyrmak boýunça çäreleriň, türkmen we azerbaýjan suratkeşleriniň eserleriniň sergileriniň, halk hem nusgawy sazlaryň konsertleriniň guralmagy medeni gatnaşyklaryň ösdürilmegine oňyn täsirini ýetirer. Mundan başga-da, saglygy goraýyş, ylym-bilim ulgamlaryndaky ägirt uly mümkinçilikleri nazara alyp, olar boýunça hem özara hereketleri işjeňleşdirmek zerurdyr.
Gahryman Arkadagymyz bilelikdäki tagallalaryň netijesinde Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky däp bolan gatnaşyklaryň mundan beýläk-de birek-birege hormat goýmak esasynda sazlaşykly ösdüriljekdigine ynam bildirip, türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegine goşýan şahsy goşandy üçin doganlyk ýurduň Baştutanyna minnetdarlyk bildirdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Prezident Ilham Aliýewe berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işinde üstünlik, Azerbaýjanyň doganlyk halkyna bolsa abadançylyk, parahatçylyk we gülläp ösüş arzuw etdi.