Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Monako Knýazlygynyň Şazadasyny gutlady
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Monako Knýazlygynyň Şazadasyny gutlady
Çap edildi 27.08.2025
2477

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Monako Knýazlygynyň Şazadasy Alber II we ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Monako Knýazlygynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 10 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz hatynda iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga, özara ynanyşmaga, Türkmenistanyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändigini belledi hem-de onuň geljekde bilelikdäki tagallalaryň netijesinde iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz mümkinçilikden peýdalanyp, Monako Knýazlygynyň Şazadasy Alber II berk jan saglyk, bagtyýarlyk, ýurduň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş we rowaçlyk arzuw etdi.

Soňky habarlar
13.10
Türk­me­nis­tan äh­lu­mu­my aba­dan­çy­ly­gyň bäh­bi­di­ne kö­pu­gur­ly gatnaşyklary gi­ňeld­ýär
13.10
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
13.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
12.10
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
12.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
12.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
12.10
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 145 million 11 müň dollaryndan gowrak boldy
12.10
Türkmenistanyň Prezidenti Ispaniýanyň Patyşasyny gutlady
11.10
Hünär baýramynyň şanly wakalary
10.10
Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda paýtagtymyzda saglygy goraýyş maksatly täze binalar ulanmaga berildi
top-arrow